Gözlerimden uçdy gitdi gül keşbiň
Ony sensiz öten günler äkitdi
Wagtynda bermeli nuryny bermedi
Solup giden elwan güller äkitdi
Gujagym boş geçen gijelem ötdi
Gör niçe gün ýaşdy niçe daň atdy
Ýalňyzlyk hasraty ýüregime ýetdi
Seni däli urýan siller äkitdi
Ine şeýdip gözden uçdyň ýat bolup
Bagryma ýapyşdyň ýanar ot bolup
Göwnüm gally arzuwyňda ät bolup
Seni bi wagt öwsen ýeller äkitdi
Sen bolsaň bolmasaň göwnüm bir ýaly
Bary uçdy dargan gara sar ýaly
Ters akdyrýan bolsaňda sen derýany
Inni derkaryň ýok bar zadyň gitdi.
Seň üçin!