ürleýän guýy (gyzykly waka)
Hekeýäň ady göçme manyda däl, guýy hakykatdanam gürleýär, siz muňa özüňiz göz ýetirip bilersiňiz. Süýji suwly guýy, edil obaň ýüreginde. Obaň ady üç guýy, sebäbi ol obada üç sany guýy bar, iki guýy ajy suwly, bir guýy süýji suwly. Guýular bir birinden daşda däl, el uzadaýmaly, ýöne barybir suwlary tapawutly. Biziň wakamyz süýji suwly guýy barada gider. Ajy suwly guýular bize gyzykly däl, ol guýulardan adamlar suw içenoklar, ol guýulardan diňe mal-gara suw berýärler. Süýji suwly guýy adamlar üçin has wajyp bolansoň, oňa seredilşem üýtgeşik. Guýyň çermegi dag daşy bilen, adam biline çenli örülen. Beýle ýagdaýyň iki bähbidi bar, birinjisi guýa kiçijek çagalar we käbir haýwanlar gaçmaz ýaly, ikinjisi hem şemal turanda guýa çäge tozamaz ýaly. Guýy üçin dag daşlaryny getirmegiňem özi uly zähmet, daş töwerekde daş alara ýer ýok, iň golaý ýer Köpetdag. Ýöne nähili bolandada guýyň çermegi dag daşlary bilen örülen. Ol agyr zähmeti kimiň öz egnine alanyny, obaň adamlary bilenoklar. Hatda obaň iň garry ýaşaýjysam, ol guýyň haçan gazylanyny, kim gazanyny we daşyny daşlar bilen kimiň örenini, iň bolmanda rowaýat, erteki görnüşindede hiç zat bilenok. Adamlaň ýady gysga we ynamsyz. Çölde saňa habar saklaýan kitaphanalar ýok, şoň üçin bir habary nesilden nesili geçirjek bolsaň, hökman erteka ýa-da rowaýata büremeli. Ýöne üç guýy obaň ýaşaýjylarynyň, öz guýylary barada hiç hili ertekisem ýok rowaýadam. Geň ýeri, süýji suwly guýyň ady, siziň okap oturan hekaýaňyzyň ady bilen deň. Howwa. Oba ýaşaýjylary ol guýa "Gürleýän guýy" diýýäler. Ýöne ol adyň nirden gelip çykanyny hiç kim bilenok. Şemal wagty, guýyň agzyna ýel ilip, adam sesine meňzeş aýylganç ses çykarýar. Käbir ýaşaýjylar bolsa şol ses üçin hem guýa gürleýän guýy diýilendir diýip çak edýärler. Guýy beýle sesi her bir ýelde çykaryp ýörenok, diňe şemal gündogardan öwsen wagty çykarýar. Garaz ol guýy azajyk geňiräk, ýöne näçe geň bolsada öz gönümel wezipesini ýerne ýetirýär, adamlary suw bilen üpjün edýär.
Günleriň bir güni şol guýa obaň bir gyzy öz küýzesini gaçyrdy. Guýyň daşyndaky daşdan diwaryň üstünde öz küýzesini goýdy, küýze bolsa ýykylyp guýa gaçdy, gyz oňa elini degirmedi, hamala küýzäni başga biri iten ýaly, ýa-da küýzäň duran daşy tekiz däldi? Ony eýýäm hiç kim bilenok. Näme bolandada küýze indi guýyň düýbinde ýatyr, alyp bolar ýaly däl. Biziň hekaýamyzam şol guýa gaçan küýzeden soň başlaýar, sebäbi gürleýän guýy bilen gyzyň birinji şerti, şol küýzäň üstünde baglanşyldy. Hekaýa başlamazdan öň, elbetde gyz barada we başgada gahrymanlar barada size aýdyp bermek zerurdyr? Gyz barada awtorda edil şu wagyt aýdara hiç zat ýok, sebäbi gyzy başdan aýak indi oýlap tapmaly. Howwa, gyz entek çyg, bişmedik. Ol barada ýekeje aýdyp boljak zat, ýere ýetip, yzyna aýlanyp duran, uzyn gara saçlary bar. Ýöne gyz diýen zat diňe owadan uzyn saçlar bilen gutarmaýar, oňa at, sypat we häsýet gerek, ondan daşgaryn jemgiýetde tutýan orny hem gerek. Eger awtor hakyky durmuşdan bir gyzy alyp, şoň häsýetlerni hekaýadaky gyza geçiren bolsa, belkem aňsat bolardy. Ýöne awtor beýle etmäge gorkýar, sebäbi ol ynanýar; Eger hakyky dünýeden alnan gyzy, hyýaly dünýä geçirip, ol barada her hili zatlar ýazyp başlasaň, kim saňa güwä geçip biljek, hakyky dünýedäki gyz öz hyýaly dünýedäki ekiz taýynyň ykbalyny paýlaşmaz diýip? Şoň üçin awtor öz baş gahrymany gyzy, tutuşlygyna noldan oýlap tapmaly diýen netijä geldi. Goý hyýaly dünýedäki gyz bilen, hakyky dünýedäki hiç bir gyz kesişmesin.
Awtor gyzy oýlap tapyp başlamaka siz göz öňüne getiriň; uzyn saçly gyz, hapa çägäň üstünde, gyzyl ketenili, Gürleýän guýyň diwaryna ýaplanyp aglap otyr. Aglaýanynyň sebäbi küýzesini guýa gaçyrdy. Goý aglasyn, ol aglap durka biz ony oýlap tapaly. Adam barada birinji bilmeli zat oň ady. Islendik gyz, hyýaly bolsyn hakyky bolsun oňa at gerek. At hakyky gyz üçin wajyp, sebäbi at, awtoryň ynamyna görä ykbalyňa täsir edýär. Ýöne hyýaly gyz üçin at wajypmyka? Guýyň başynda aglap oturan gyza haýsy at dakamyzda-da okuýjy üçin parhy näme? Baş gahrymany gyz bolan, okan eseriňizi ýatlaň, şol eserden alan täsiriňizi ýatlaň. Indem şol eseriň baş gahrymany, gyzyň ady başga bir at diýip göz öňüne getiriň. Esere bolan garaýşyňyz üýtgedimi? Elbetde ýok. Gyzyň ady okyýja wajyp däl, ýöne awtora wajyp. Şoň üçin ol gyzyň ady barada köp oýlandy. Iň soňunda baş gahrymana Jeren diýip at dakmaly diýen netijä geldi. Awtoryň şol ady saýlamagynyň düýpli sebäpleri bar, ýöne ol sebäpler barada azajyk soňyrak.
Diýmek Jeren atly gyz guýyň ýanynda aglap otyr. Ol gyz aglamaýan wagty şadyýan we owadan. Boýy uzyn, ýöne saçlary boýundanam uzyn. Gözleri gara, özi bugdaý reňk. Hereketleri hakyky jereni ýadyňa salýar. Eger siz çeşmeden suw içip duran jereni gören bolsaňyz awtoryň deňeşdirmesine düşünerdiňiz. Suw içýän jeren kellesini galdyryp daş töweregine seredýär, ýyrtyjylaryň ýokdygyna göz ýetirip ýenede suw içmesini dowam edýär. Biziň gahryman gyzymyzyň daş töweregine bakyşy edil şol suw içýän jereniň daş töwregine bakyşyny ýatladýar. Umuman alaňda gyz gelşikli, ýöne hemişe bolşy ýaly öz sypatyndan nägile. Saçlaryny mydama iki örýär, ýöne dört örse has gowy gelişjekdigini bilenok. Çep elinde alaja we ejesiniň iki sany ýüzügi. Üçinji ýüzigini ejesinden gizlin bir mahallar müşke çalşypdy, ýöne ol ýöne aýratyn waka. Ýaşy takmynan 20 ýaş, ýöne şol döwrüň hasaby boýunça. Şu wagytky biziň senenamamyza geçirseň 15 ýaşly gyz.
Gürleýän guýyň başynda Jeren atly 15 ýaşly gyz aglap otyr. Özem ýary gije. Küýzesini guýa gaçyranda öýlän wagtydy, ýöne aglamaga gelende eýýäm ýary gijedi. Küýzesini guýa gaçyryp öýüne baranda ejesi Jerene hiç zat diýip käýemedi. Ýöne gün ýaşyp ýary gije bolanda Jerene gygyryp başlady. Ejesi hamala bilgeşleýin gije düşýänçä garaşan ýaly.
—Git näme işleseň şony işle, ýöne şu tünege küýzesiz gaýdyp geläýme, —ejesiniň aýdan soňky sözler.
Jeren bolsa alaçsyz öz küýzesini iň soňky gezek gören ýerine bardy, bardy we aglap başlady. Bolsada guýyň başynda başga adam ýokdy, tutuş oba uklap ýatyr. Jereniň ejesi barada aýdaňda ol bir döwürler gowy aýaldy, ýöne garyplyk oň içki dünýäsini zaýalady. Ençeme ýyla çeken garyplyk Jereniň ejesini iýip bolup barýardy, ýene az salym, onsoň ol bela Jerenem özini iýip ugramalydy. Garyplygy demire düşen pos bilen deňeşdirseň bolar. Demir näçe berk bolsada posuň täsirinden ýuwaş ýuwaşdan çüýreýär. Şeýdip Jereniň demirden ejesi hem ýuwaş ýuwaşdan çüýredi. Garyplyk barada köşeşdirji sözleri we nakyllary halk içinde köp aýdýalar, ýöne ol sözleri garyplygyň nämedigini bilmeýän adamlar oýlap tapan bolmaly. Bar zada Jereniň kakasy günäkär, eger ol diri bolan bolsa belki hem garyplygyň nämedigini Jerenem bilmezdi, oň ejesem. Belki bar zat başgaça bolardy, belki küýzede suwa gaçmazdy, belki eje hem agzyna gelen sözleri diýip ýörmezdi? Belki obaň adamlary hem Jereniň ejesine töhmet atmazdylar. Ýöne bar zat başgaça boldy, we şu güne çenli başgaça bolmagyny dowam edýär. Şu gün gije bar zat ýuwaş ýuwaşdan üýtgäp başlar, ýöne gowlugamy ýa-da ýamanlyga aýtmak kyn.
Ýary gije tutuş oba ýatyr, geň ýeri hatda itlerem ýatyr. Itler bilen düşünşse bolarla welin şagallar bilen möjekleriň sessiz ýatanyny düşünme örän kyn. Olaryň ulamaýan gijesi obaň ýaşaýjylarynyň biriniňem ýadynda ýokdy. Ýöne şu gije olar ulamady.
Guýyň daşlary sowuk, ýa-da Jeren eýýäm köp wagyt bäri olara ýaplanýar? Asmanda aý ýok, ýöne buludam ýok, aýyň nirä gizleneni belli däl. Jeren aglamasyny goýdy, göz ýaşlary gutarmady, ýok. Aglap aglap ýüregi ýeňledi. “Ejem eýýäm ýatandyr, meň baranymy bilmez” –diýip pikirlendi Jeren. Yzyna öwrülip öýne tarap ýörejek boldam welin guýydan duýdansyz ses geldi:
—Sen näme üçin aglamaňy goýdyň? Seň göz ýaşlaň maňa ýaraýar.
Jeren öler ýaly gorky, guýyň içinden gorkunç biri çykaýjak ýaly boldy. Bar zadyň gije bolup durany we daş töwerekde adamlaň ýokdygy oň gorkysyny müň esse güýçlendirdi. Ol guýydan gaçyp gitjek boldy, ýöne öz saçlaryna büdüräp ýykyldy. Oň ýykylanyny guýy hamala gören ýaly sesli güldi. Gülki guýyň diwarlarynda ýaňlandy, ol gülki nirden çykanam bolsa guýyň düýbinden gelýärdi. Jereniň ýüregi doňdy, oňa ol gülki gaty tanyş bolup göründi, ol gülkini kiçi wagty öz öýünde köp eşidýärdi, ol gülki oň kakasynyň gülkisine gaty meňzeşdi. Diňe şoň üçin Jeren ikilenç hiç ýerik gaçjak bolmady. Ýerinden turdy ýöne gürlemäge we hereket etmäge gorkdy. Hatda üst-başynam kakmady, gymmyldasa bir erbet zat bolaýjak ýaly göwnüne geldi, bir zat gürlemek barada asla pikirem ýokdy. Jeren guýydan gözlerini aýyrman durdy. Ine-ine bir üýtgeşik bir zat boljak ýaly duýgy döredi, Jereni oň bilesigeljiligi we öz kakasyna bolan söýgüsi göýbermedi.
—Sen näme üçin beýle daşda dursyň, —seslendi birden guýy. Golaýrak süýş.
Jeren ol sözlerden tisginip gitdi, näçe gorkyly bolsada hiç ýerik gaçmady, indi öň göwnine guýdan gelýän ses kakasynyň sesine örän meňzeş bolup göründi. Näçe gorkylam bolsa bolýan zadyň anygna ýetmän hiç ýerik gitmeli däl, —diýdi Jeren öz özüne. Daş töweregine ýene bir gezek seretdi, hiç kim ýok, tutuş oba ýatyr. Gorkylam bolsa Jeren guýa öz soragyny berdi:
—A sen kim?
—Meň adym Zümerret, —gijä galman guýy jogap berdi.
—A sen gorkunçmy Zümmeret?
Zümerret dymdy, hamala öz keşbini aýnada synlap netije çykarýan ýalydy, gorkynçmy, ýa-da gorkynç däl.
—Ýok. Men görmegöý.
—A sen guýyda näme işleýäň, —dowam etdi Jeren?
—Ýaşaýan.
—Ýaşaýaaaň, —Jeren oň yzy bilen sözlerini gaýtalady. Eýýem başdaky ýaly gorkynç däldi. Jeren guýa tarap bir ädim süýşip ýene öz soragyny berdi:
—Seň sesiň bir adamyň sesine örän meňzeş.
—Seň kakaň sesine meňzeş, —Jeren entek soragyny tamamlamaka guýy jogap berdi.
—Howwa, —begendi Jeren. Sen ony tanaýadyňmy?
—Men şu guýydan suw içen bar adamy tanaýan. Meň adym Zümerret.
—Zümerreeeet, —Jeren çekdirip gaýtalady. Hamala gowy ýatda galar ýaly.
Ýene Jeren guýydan öz kakasy barada sorasy geldi, ol hemme adamlary tanaýan diýipdi.
Jeren öz kakasy barada oba adamlarynyň aýdýan zatlaryny diňlemäni gowy görýädi, olaryň hiç biri şu wagyda çenli oň kakasy barada ýekeje erbet zat aýtmandy, näme üçindir bar erbet zatlary diňe oň ejesi aýdýardy. Oba adamlaryndan kaksy barada aýdylan sözi Jeren öz ýadynda saklaýardy, kakasyny sypatlandyrýan hiç bir söz, hiç wagyt ýatdan çykmaly däldi. Ol ýatlamalary günde irden kelleden geçirilmelidi, hamala doga ýaly. Hiç biri üýtgemeli däldi we ýitmeli däldi. Kakasy barada ýatlamalar we obadaş adamlaň aýdan sözleriniň bary, harpma harp Jereniň ýadyndan ýaşaýardy. Diňe kakasynyň sesi we gülkisi Jereniň ýadyndan solup ugrapdy, şoň üçin guýydan öz kakasynyň sesine meňzeş ses eşidip Jeren näçe gorkulam bolsa hiç ýerik gaçmady.
—Zümerret. Sen meň kakamy gowy tanaýadyňmy?
—Howwa, men seň ataňam tanaýadym, oň atasynam tanaýadym, soň oň atasynam tanaýadym. Men seň 40 arkaňa çenli tanaýan. Meň adym Zümerret.
—Sen guýda köpden bäri ýaşaýaňmy?
—Siziň obaňyz entek bärde ýok wagty ýaşaýardym. Siziň obaňyz ýitip gidensoňam ýaşaryn.
Jeren pikirlendi, obaň ýok wagtyny göz öňüne getirjek bolydy, ol entek beýle zatlar barda hiç wagyt pikir ýöredip görmändi. Oň göwnüne oň obasy mydama bardy we mydama bolar, adamlar dogular we öler, ýöne oba bir zat bolup ýitip gider diýen pikir oňa täze we düşnüksiz bolup göründi.
—Zümerret, meň küýzäm guýa gaçdy, daş töweregiňe seredäýdä ýaşyl küýze ýokmy?
Guýy ol sözlerden soň elhenç ses bilen güldi, bu gezek oň gülkisi Jereniň kakasynyň gülkisine meňzemedi. Jeren gorkydan ýaňa azajyk yza çekildi.
—Gorkma, —diýdi guýy. Sen menden gorkmaly däl. Men seň küýzäňi guýydan çykaryp bereýin. Ýöne bir şert bilen.
—O nämäň şerti, —sabyrsyzlyk bilen Jeren sorady.
Guýy ýene dumdy, hamala öz şertini ýatlaýan ýaly. Jereni bolsa sabyrsyzlyk iýip barýardy. 15 ýaşly gyz näme diýseňem örän bilesigelji bolýar.
—Göz ýaşlaň, —guýy birden ümsümligi böldi. Maňa seň göz ýaşlaň gerek.
—Göz ýaşlam? Sen olary näme etjek? Onsoňam men olary saňa nädip bereýin?
—Sen agla, ýene bir gezek agla. Ýöne indi aglaňda guýyň içine agla.
—Men indi aglasym gelenok, —diýdi Jeren.
—Aglarsyň eger men islesem, ýöne guýyň içine öz gözýaşlaryňy döker ýaly men seni mežbur edip bilemok.
—Eger men öz gözýaşlarymy guýa döksem, sen sözüňde durup meň küýzämi gaýtaryp berermiň?
Jeren öz çaga göwnine gärä kim bilen iş çalyşýanyna düşinenokdy. Ulyrak adam bolan bolsa bir eýýäm düşünerdi Zümerret bilen oýun etmeli däldigini, ýöne Jeren bary ýogy öz küýzesini ýitiren 15 ýaşly gyzdy.
—Dünýe döräp men entek öz sözümden dänen ýerim ýok, —jogap berdi Zümerret.
—Men razy, ýöne men indi aglasym gelenokdä.
Jeren sözlerini gutarmaka ýüregine ýalňyzlyk aralaşdy. Gowy geljege bolan umytlaň bary bir salymda öçdi, adamy dünýede ýaşadýan hem ýagty gelejege bolan gowy umytlaryň bary hiç wagyt bolmadyk ýaly boldy. Dünýe gaty garaňky we rehimsiz bolup göründi, yz ýanyndan Jereniň ömründe bolan bar erbet ýatlamalar daşyna çogup çykdy we müň esse ýiteldi. Gözden ajy ýaşlar öz özünden akyp başlady, Jeren entek beýle aglany hiç wagyt ýadynda ýokdy.
—Golaýrak gel, —diýdi guýy. Biziň şertimiz bar, sen guýa aglamaly.
Jeren garşylyk görkezman guýyň diwaryna ýaplanyp, başyny aşak egip guýyň içine aglap başlady. Entek ömründe beýle aglap görmeýşi ýaly, ömründe birinji gezek ýüregi hasrat gaýgydan ýeňledi. Bir ýerlerden duýdansyz peýda bolan gam gussaň ýerine, edil şol ýerlerden peýda bolan şatlyk we bagyt eýeledi. Agladygyňça ýüregiň täsin ýeňleýärdi, elbetde bu zatlar Zümerret edýärdi. Jereniň agysy ýuwaş ýuwaşdan dymyp iň soňunda şatlyga öwrüldi, yz ýanyndan bolsa gülkä geçdi. Jeren guýyň başynda esli wagyt, edil jynlan ýaly öz özi güldi. Eger bolýan zatlary daşyndan biri gören bolsa hökman gyz däldiredi diýip pikir ederdi. Sebäbi ýaňja ses edip aglap duran gyz, indi ses edip gülip durdy. Jeren gülip bolup demini dürsäp guýudan sorady:
—Ber indi meň küýzämi, men bar zady seň diýşiň ýaly etdim.
—Bolýa, —diýdi guýy. Sen gün dogaýmaka şu ýerik gel. Şonda öz küýzäňi alarsyň.
—Näme? —Jeren geň galdy. Maňa küýze şu wagyt gerek. Meni ejem öýe salmaýar küýzesiz barsam.
—Şu gün, gün dogmaka şu ýerik gel, onsoň öz küýzäňi alarsyň. Men Zümerret, entek sözümden dänen ýerim ýok.
Näme üçindir Jeren oň sözlerine ynanasy geldi, şoň üçin jedelleşip durmady, onsoňam nädip guýy bilen jedelleşjek diýsene? Hoşlaşman yzyna öwrülip öýüne gaýtdy. Öýlerine baryp ejesini turuzman öýe girdi we oň maňlaýyndan öpdi. Uklajak boldy ýöne gorkdy, daňdana çenli ýatsam uklap galaýmaýyn diýip pikir etdi. Zümerret gün dogmaka guýa gel diýipdi. Jeren küýzesini eline elşyny göz öňüne getirjek boldy. Guýdan owadan oglan çykyp oňa küýzäni uzadýar, uzadýar we men Zümerret diýýär. Oglanyň ýüzi Aman sanykçyň oglyna gaty meňzeş, ol oglanyň ady Hazardy. Näme üçindir Jeren guýudan Nazar atly oglan çykyp oňa küýzesini berýänini göz öňüne getirdi. Şeýdip oň pikirleri düýşe gatyşyp gitdi, tasana uklap galýardy, ýöne ony düýşinde erkek sypatly biri oýardy, kim ol Jeren bilmedi, Nazarmy, Zümerretmi ýa-da öz kakasy? Turup seretse ejesi entek ýatyr, ýöne biri gije oň üstüni ýapypdyr, ejesinden başga kim bolsyn diýsene? Jeren guýa tarap çalt çaltdan ýöredi, gün entek dogmandy, ýöne şapak ýagtylyp başlapdy. Barsa guýyň ýanynda obaň bir aýaly dur, suw alýana meňzänok. Jeren golaýrak bardy, ol aýaly tanady, ol Aman sanykçyň aýaly we Nazaryň ejesidi. Ol aýal hem guýa öz küýzesini gaçyrypdyr. Şu gün irdenjik gaçyrypdyr, Jeren üçin gowy ýeri ol aýalyň ogly kändi, häzir ogullary üýşer we küýzelerni guýydan çykararlar, haýyşt etse Jereniň hem küýzesini çykararlar. Şeýdip Aman sandykçyň dört ogly guýyň daşyna üýşdiler we iň kiçilerini ýüp bilen guýa salladylar. Az salymdan guýa sallanan oglanjyk epesli wagytlap guýa gaçan bar küýzeleri çykardy, şol sanda Jereniň hem küýzesini. Olaryň ejesi bolsa ogullarynyň bu hereketini näme üçindir halamady. Hamala öz ogullarynyň oba peýda getirenini gabanýan ýalydy. Oglanjyk guýa salanan wagty Jereniň ýadyna Zümerret düşdi, bir bada oglan guýyň düýbine ýetip “waý eje, çykaryň meni” diýip gygyraýjak ýaly boldy. Ýöne ol hiç hili ses çykarmady, guýa ençeme gezek sallanyp ol ýerden bir näçe küýze çykardy. Soň olaryň kakasy Aman sandykçy bir ýerlerden peýda boldy, we guýyň düýbini arasalamagy teklip etdi, näme diýseňem wagtyň geçmegi bilen guýyň düýbine çäge ýygnanýar. Ogullary kakasynyň aýdýanlaryny makyll bildiler. Jeren öz küýzesini eline alyp öýlerine ýöredi, ýolda barýarka düýn giçlik bolan zatlary ýatlady. Bolan zatlar düýşden çala tapawutlanýardy, näme bolsada oň küýzesi eýýäm elindedi.
Şeýdip Jeren bilen Gürleýän guýyň birinji şertnemasy baglanşyldy. Ýöne bu entek hekaýaň soňy däl.
* * * * *
Adamyň beýnisi bolmajak ýa-da ýok zady öýlap tapyp bilenok. Bu diýmek nämäni aňladýar; Adamyň kellesine gelip biljek islendik fantaziýa, ýa-da hyýal, öňde soňda hökman hakykata öwrülýär. Belki geçmişde bolandyr, belki gelejekde bolar? A megerem biziň wagtymyzda bir ýerlerde bolup duran bolmagy hem mümkin?
Üç guýy obasy, Jeren atly 15 ýaşly gyz. Ol gyzyň göwnüne Nazar atly oglan ýaraýar, Aman sandykçyň iň uly ogly. Ol 18 ýaşynda, Jereniň gözi bilen seretseň obaň iň owadan oglany. Eýsem ol oglan Jerene gerekmi? Hökman gerek, diňe şol oglanyň üsti bilen Jeren öz ýüreginde dörän boşlygy dolduryp biler. Ýürekde boşluk nirden döreýär eýsem? Nirden döresede bir günde döränok, ýuwaş ýuwaşdan döreýär. Ýuwaş ýuwaşdan sen düşünýäň, sen başga adamlardan bir ädim yzda. Ýuwaş ýuwaşdan seň ejeň ýaramaz ada eýe bolýar we sen oň kölegesinde galýaň. Ýuwaş ýuwaşdan, bar zat ýuwaş ýuwaşdan.
Kakasy aýrylanda Jeren 8 ýaşyndady, oň näme üçin aýrylanyny hiç kim bilenokdy. Ejesi hem gyzyna hiç zat düşündirmedi, bar aýdan zady "seň kakaň bizi taşlap gitdi". Şoň üçin Jereniň ýüreginde azajyk öýke-kine galan ýaly boldy, hamala kakasy dogrudanam öz islegi boýunça ony we oň ejesini taşlap giden ýaly. Kakasynyň yzynda galan emlägini, näme üçindir ejeli gyz örän çalt gutardylar, kaka diri wagty olar nämäň nirden gelip nirä gidýäni bilen işleri ýokdy, ýöne kaka taşlap gitdem welin bar zat öňküsinden iki esse çaltlykda tamamlanýan ýaly boldy, ony hiç zada düşünmeýän Jereniň ejesem aňdy. Kakasynyň taşlap gidenini eşiden möjek sürüleri olaryň mallaryny iki esse çaltlykda talap başladylar. Näme üçindir öz ajalna ölýän mallaram köpeldi. Hatda ýaz wagty guýynlar we geçiler hem öňküsinden az guzladylar, owlakladylar. Şeýdip bir ýyla galman dul heleýiň maly pytrady. Yz ýanyndan bolsa garyplyk başlady, oň nämedigni bolsa Jeren uzagyndan gowy bildi.
Köp kösenen adam özini ykbaldan algyly hasaplaýar, ýöne ykbalyň hiç kime bergisi ýok. Muny 15 ýaşly gyz nirden bilsin? Jereniň hem ykbaldan algysy bardy, soňky 5-6 ýyl bäri gelýän kösençlikleň öwezini bir zat hökman dolaýmalydy. Ol hem Nazar atly oglan bolmalydy, obaň iň owadan oglany. Oba kän bir uly däl, bary ýogy 150-200 öýli, adamlar bir birini tanaýarlar. Ýaş gyzlaryň baryny ýekän ýekän tutup, obada haýsy oglan iň owadan diýip sorasaň, olaryň köpisi Nazar diýip jogap berjekdi. Jeren hem şol oglany isledi, ýöne ony gowy görýäni üçin, ýa-da söýýäni üçin däl-de, ol obaň başga gyzlaryna ýaraýany üçindi. Nazar obaň bar gyzlarynyň içinden diňe Jereni saýlaýar, diýmek gyzda bir zat bar, ol görünşi ýaly ýönekeý däl. Ine Jereniň öz salgysyna eşidesi gelýän sözleri. Ýöne ol arzuwlar ýaz düýşleri ýaly hakykatdan gaty daşdy. Ýöne Gürleýän guýyda Zümerret atly näbelli biriniň peýda bolmagy bar zady üýtgetdi.
Gyz öz küýzesini alansoň köp wagyt geçdi, bolan waka ýarym düýş ýaly duýulyp göründi. Jeren bolan zady içinde saklap ... (Dowamy bar)