ay_kiz_
27.09.2022 14:54
Durmuşymyzda baş rolda başgalar bar bolsa, kömekçi rollary ýerine ýetirmek biziň özümize bagly. Başlan jümlelerimizi «Ol» diýip, başlasak, onda goýberilýän ýalňyşlyklar elmydama kimdir biri tarapyndan goýberilse, başdan geçirýän zatlarymyza hemişe başga biri sebäp bolar.

Biz kim? Biz näme edýäris? Näme halaýarys ýa-da halamaýarys? Munuň sebäbi näme? Haýsy zerurlyklarymyz bizi kanagatlandyrýar ýa-da kanagatlandyrmaýar?

Biz jemgyýetde bir adam hökmünde söýülmeli, baha berilmeli we alada edilmeli. Bu zerurlyklaryň durmuşymyza täsir etmelidigine nädip düşünmeli? Durmuşymyzy bu zerurlyklar bilen ugrukdyrmaga ýol berenimizde, söýülmegimiz üçin halamaýan adamlarymyz bilen galmaga mejbur bolýarys. Özümize baha bermeýän wagtymyz başga birinden görýän kiçijik bir ähmiýetimiz, manysyny bilmeýändigimiz üçin, köplenç, ýalňyş diýip pikir edýäris.

Zerurlyklarymyzyň esasy çeşmesini hem-de sebäbini görmeli. Munuň üçin özümiziň sabyrly we batyrgaý bolmagymyz gerek. Sabyrlylyk bizi soragsyz ýoluň başynda saklaýar. Ilki başda haýsy hem bolsa bir zada başlamak kyn ýaly bolup görünýär. Ýylgyryşlarymyzy, bedenimizi, aýdýan zatlarymyzy we manylaryny has köp duýýarys. Bulardan başga-da, elbetde has köp gynanç we hasrat duýýarys, ýöne bize täsir etmejek zady öwrenenimizde, biderek bolýar. Aslynda, biz hakykatdanam, ýaşamaga mynasyp adam hökmünde ýaşap başlarys.
9
127
ylham_1989
28 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👍
Myhman Myhman
27 Sentýabr 2022
Gowy eken ay_kiz_ mlds 🙂

Gowy eken ay_kiz_ mlds 🙂

Gowy eken ay_kiz_ mlds 🙂
madam_06
27 Sentýabr 2022
Gaty gowy
ay_kiz_
27 Sentýabr 2022
violinist, gaty gowy👌 dream_, hawa :) minnetdar...wolf,👌😊
wolf
27 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.