ay_kiz_
27.09.2022 10:58
Käbir güller söýgini aňladýan bolsa, käbiri kinäni, gynanjy aňladýar. Käbir güller wepalylygy we päkligi aňladýan bolsa, käbiri aýralygy beýan edýär.

Güller zenanlar üçin hemme döwürleriň iň owadan sowgadydyr. Eger-de zenanlarda täsir galdyrmagyň, söýgiňi iň ajaýyp şekilde suratlandyrmagyň esasy ýollaryny gözleýän bolsaňyz, gülleriň geň galdyryjy güýjüne daýanmaly bolarsyňyz! Çünki gülleriň hem özboluşly dili we aňladýan manylary bardyr. Ýakynlaryňyza ýa-da söýýän gyzyňyza bolan ajaýyp söýgiňizi, mähriňizi, begenjiňizi, gynanjyňyzy we ötünjiňizi iň ajaýyp gülleriň üsti bilen beýan edip bilersiňiz!

Ak reňkli güller – ak reňk tämizligiň, päkligiň reňkidir. Güller – ynsana bagyş edilen iň ajaýyp duýgularyň biri bolan söýgini beýan etmek üçin ulanylýar. Ak gül hyjuwdan doly söýgini, päkligi beýan edýär. Ak gül sowgat berilýän ynsan päk ýürekli, ajaýyp duýgularyň eýesidigini habar berýär. Şol bir wagtyň özünde ak gül, nika toýlarynda hem giňden ulanylýar.

Gülgüne reňkli güller. Eger öz duýgularyňyza ynamly bolsaňyz, onda ilki bilen söýýän gyzyňyzyň size bolan garaýşyny bilmeli bolar. Şonuň üçin hem “Seni halaýan!” diýip , duýdurmak isleýän bolsaňyz, onda oňa gülgüne reňkli güli sowgat ediň. Sebäbi, gülgüne reňkli gül “Seni halaýaryn!” , “Seni örän gowy görýärin!” diýen manyny aňladýar. Şol bir wagtyň özünde gülgüne reňkli gülleriň minnetdarlyk, haýran galmak manylary hem bardyr.

Gök reňkli güller – söwer ýaryňyz dünýäde deňi-taýy bolmadyk ynsandyr, kalbyňyzyň eýesidir. Söýýän gyzyňyza gök reňkli güli sowgat etseňiz, onuň siziň üçin nähili gymmatlygyny, gadyrdanlygyny habar berersiňiz. Eger sizi söýýän gyzyňyzyň doglan güni üçin sowgat pikirlendirýän bolsa, onda oňa gök reňkli güli sowgat edip bilersiňiz!

Mämişi reňkli güller. Gyzyl, gök, ak, gülgüne güller ýaly mämişi reňkli güller hem özboluşly manyny aňladýar. Mämişi reňkli gül geň galdyryjy gözelligi aňladýar. Şeýle hem söýýän gyzyňyza bolan haýranlygyňyzy aňladýar. Aşyk bolan her bir ynsan özüniň söýýän ýarynyň haýrany dälmi näme?

Sary reňkli gül – söýýän gyzyňyzy örän we örän gabanýan bolsaňyz we gabanjaňlygyňyzy oňa duýdurmak işleýän bolsaňyz onda size sary güllerden çemen bogmaly bolarsyňyz.
10
89
ideallider
28 Sentýabr 2022
Sary gül ýene "Dostlugyň" alamaty bolup, gönümel usulda "Aýralygyň" alamaty. Sebäbi sary gül beren "Dost bolup galalaly" diýmek isleýänligini aýdýar we bilip goýuň "Dostlukdan soň söýgi bolup biler, emma söýgüden soň dostluk bolup bilmez"👍
wolf
27 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍örän gowy🌹
Perishdejik
27 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👍👍❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.