abdy_dayy
26.09.2022 16:39
Lukmanyn doreysi hakynda rowayat
Yurdun patysasy duys goryar. Duysunde onun gulagyna "Her gun plan yerdaki guya bir sacak corek okla" diyen owaz esdilyardi. Ol tisginip oyanyar we sargydy berjay etmegin ugruna cykyar. Aradan ep esli wagt gecyar. Bir gun ol "Her gun ol guya corek oklandyryn gel sol guya girip goreyin getiryan coreklerim nama yal bolyaka. "Diyen netija gelyar.
Ol guya sallananda giden bir dunyani goryar. Diyen dunyasinde yasayys barmys, adamlar zahmet cekyamisler. Olaryn bir agyz sozunede dusunmedik patysany o dunyanin patysanyn yanyna getiryarler. Ol sa bolsa "Bu mana giyewi edilip yorite goyberlen bolmaly" diyip ony oz gyzyna oyeryar. Olardan bir caga dunya inyar. Ol caga doglan gununden hem atasynyn hem-de enesinin diline dusunyar. Yer ustunden gelen sa oglunyn usti bilen ozunin bu yere name maksat bilen gelendigini taze gayyn atasyna malim etyar. Hatda ona yureginin yerin ustuni kuyseyanini hem aydyar.
"Asyl seylemi onun yaly bolsa rugsat yone su okara uny yanyn bilen alyp git. Baranson ondan kulce tayyarlatda iy" diyip gayyn atasy ona un beryar.
Yerin ustune cykan sa oyune gelip ayalyna kulce bisirmegi buyuryar. Ayaly tamdyryn basynda guymenip kulcani oda gacanyny bilman galyar. Yanan kulcani na yuzum bilen eltip bererin seytsem ol etimi duzlamazmy diyen gorky bilen ony golaydan gecip baryan bir yeniyolugun onune zynyp goyberyar. Oz unundan hamyr yugrup basga kulce bisiryar. Sa kulcani iyip gudratyna garasyar. Emma hic gudrat gormeyar. Sonun ucin ayalynyny yanyna cagyryp "Dogryndan gel menin iyen kulcam sol men getiren unumdanmy?" gyssap ugrayar. Ayaly gyssalyberenson dogrusyndan gelyar:
-Sol yeniyolugy derrew tapyp getirin sa perman beryar. Ony ha diyman sanyn gapysyna getiryarler.
-Hany ayt yeniyoluk sol yanan kulcani iyip nahili gudrata satasdyn diyip sa ondan sorayar.
-Ulakan gudrata satasdym merhemetli sahym. Sol kulcani iydim welin osumliklerin oz aralarynda gurlesyandigini bildim diyip yeniyoluk jogap beryar.
-Bar goren gudratyn so bolsa diyip gozuni yasardyp gulyarde.
-Men baylygymy artdyryarmyka oytyardim. Yer astyndaky dunyaden berilen sowgadyn bar gudraty sol bolsa jahennem bol su yerden diyip ony kowp goyberyar.
Ol yeniyoluk osumliklerin diline dusunup olaryn hersinin haysy derde dermanlygyny bilyar. Tebipcilik edip koplerin derdine em edyar. Seydibem ol Lukman Hekim ady bilen halk arasynda mesgurlyk gazanyar.
25
124
wolf
26 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.