ylham_1989
26.09.2022 08:45
kagyz sungatynyň taryhy


Kagyzdan uçarjyklary, güljagazlary, her dürlüje şekilleri ýasamagy okyjylarymyzyň köpüsi diýen ýaly bilýändir. Çagalaryň-a bu iň gyzykly güýmenjeleriniň biri. Kagyz oýlanyp tapylaly bäri, ynsanyýet kagyzdan şekil ýasamak işini has kämilleşdirip, ony sungat derejesine ýetiripdir. Kagyz sungatynyň dürli görnüşleri bilen okyjylarymyz eýýämden tanyş bolsa gerek?! Ýöne olaryň döreýiş taryhy barada welin, az maglumata eýe bolmaklary ahmal.

Origami – kagyz sungatynyň köp ýaýran we iň ilkinji dörän görnüşleriniň biri.

Taryhy: kagyz Hytaýda oýlanyp tapylsa-da, kagyz sungaty gözbaşyny Ýaponiýadan alyp gaýdýar. Origami sungaty-da Ýaponiýada dörändir. Bu söz ýapon dilinden terjime edilende, «eplenen kagyz» diýmegi aňladýar. Ol ýaponlaryň milli sungatydyr. Şol wagtlar kagyz iň gymmatly närseleriň biri eken. Ol diňe ýokary gatlaklaryň wekilleri üçin elýeterli eken. Kagyzy diňe buthanalardan we monahlardan almaly eken. Monahlar hudaýlara gurban edilen «sanbo» atly ýörite kagyz gutulary ýasapdyrlar. Bu bolsa ilkinji origami sungatynyň önümidi. Ol hiç hili guralsyz we diňe kagyzdan ýasaldy. Şeýle bolsa-da, käbirleri bu sungatyň taryhyny ýapon samuraýlary bilen baglanyşdyrýarlar.

Birnäçe wagtdan soň, keramatlylary hormatlamagyň nyşany hökmünde taýýarlanýan bu gutujyklary ýasamagy her bir ýapon aristokraty bilýärdi. Kagyzdan ilkinji uçarlar, haýwanlaryň şekillerini ýasamak şol döwürler dörän bolsa-da, bu sungat diňe 600 ýyldan soň çalt depginler bilen ösüp başlady.

Ilkinji origami önümi gutular bolsa-da, olary hakyky sungat eseri diýip atlandyryp bolmaz. Sebäbi olar diňe bezeg maksatlydy. 1797-nji ýylda Rokan ybadathanasynyň ýolbaşçysy tarapyndan neşir edilen kitap origami sungatynyň ösmegine uly täsir etdi. Kitapda görkezilen kagyz kranlar sungat görnüşi hökmünde origaminiň ilkinji gelip çykyşydyr. Kranlaryň dürli bölekleriniň birleşdirilişi hakynda ilkinji gezek şol kitapda beýan edilipdi. Ol minimal grafikada bolsa-da, origami üçin ilkinji gollanmady.

Döwrebap origami sungaty Ýaponiýada ikinji jahan urşundan soň rowaçlandy. Ýapon ussasy Akira Ýoşizawa ilkinji bolup, henize çenli nämälim bolan kagyz şekillerini: gurbagalary, balyklary, kranlary, iris güllerini we başgalary ýygyp başlady. Şondan soň, bu sungatyňam aýry-aýry görnüşleri ýüze çykyp başlady.
14
98
ideallider
26 Sentýabr 2022
Ýokary wezipeli ýolbaşçylaryň ýanyna kagyzdan başga zat alyp girmek gadagandy. Hatda adamlar diňe içki eşikde göýberilýärdi. Şunlukda ýolbaşçylary ýok etmekde içalylar tekiz kagyzdan ýiti pyçaklar we ölüm-howply ýaraglar ýasap jan alypdyrlar👍
ylham_1989
26 Sentýabr 2022
wolf,gulshatayewa97,👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
wolf
26 Sentýabr 2022
Samalyot gämi yene kän zat yasap bilyan😁
gulshatayewa97
26 Sentýabr 2022
Okuwçy wagtymyz oglanlar samalýod ýasap uçurýadylar bir birine oklap ýadyma düşüp gitdi şo wagtlar biz gül ýasardyk suwagtam içim gyssa güýmenýän kagyzlary gurbakga ýasamanm owrenipdik bu wagt ýa-da düşenok 😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.