Troýa atynyň rowaýaty hakykatmy?
Troýa aty baradaky rowaýatyň hakykatdan hem bolup geçendigi nägumana. Gomeriň “Odisseý” we “Aýanaid” poemasynda, grek söweşijileriň Troýa urşy döwründe äpet, agaçdan ýasalan atyny gurup, onuň içinde gizlenendikleri barada gürrüň berilýär.
Poemada aýdylyşy ýaly, troýalylar tarapyndan bu agaçdan ýasalan at greklerden sowgat hökmünde kabul edilip, Troýa şäherinde 10 ýyl yzygiderli dowam eden uruşda ilkinji gezek sowgady şäheriň içine getirmek maksady bilen, derwezeleriň açylandygy barada gürrüň berilýär. Bu barada meşhur “Troýa” filminde hem aýdylýar. Emma alymlar we arheologlar bu rowaýatyň ertekidigini öňe sürýärler, sebäbi gazuw-agtaryş işleriniň netijesiniň ählisi şäheriň ýakyp ýumrulandygyny görkezýär. Bu rowaýatyň doly, dogry, ýarym dogry ýa-da toslamadygy belli däl, emma alymlaryň umumy pikirleri bu wakanyň bolup geçmändigini öňe sürýärler.