ylham_1989
25.09.2022 14:52

Žurnalistika — döwrüň aýnasy


Ýörite hünär hökmünde döränine, öwrenilip gelýänine bäş-alty asyr aşan bolsa-da, žurnalistikanyň kökleri adamzat jemgyýetiniň dörän döwürleri bilen baglydyr. Birek-birek bilen arabaglanyşykda ýaşan ynsanlar durmuş zerurlygy esasynda aň üsti bilen pikirlenip ugrapdyr, dil ýüze çykypdyr, ilkinji ýöntemje bilimler peýda bolupdyr. Şahsy pikir dil üsti bilen birek-birege ýetirilipdir, düşünşilipdir. Diýmek, esasy daýanjy maglumat bolan žurnalistikanyň ilkinji ädimleri adamzadyň dörän eýýamyndan gaýdýar.

Gadymy hünär bolan žurnalistika ― köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamy bu gün hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda mynasyp ösdürilýär, dowam etdirilýär. Bu ugurdan ýokary okuw mekdeplerinde ýörite hünärmenler taýýarlanylýar.

Žurnalistikada ýeňil ýol-da, aňsat iş-de ýok. Bu hünäre baş goşduňmy, islendik ýumuş tabşyrylanda-da: «Men bu işi başararmykam?» diýip çekinip durmagyň ýerine zehiniňi zähmet bilen taplamaly. Halypalar aýtmyşlaýyn, zehin bilen halypa taýly terezi mysaly.

Dogrudanam, saýlap alan ýoluňda kämillige ýetmek üçin, ilki bilen-ä zehin, kötel ýolda büdremezligiň üçinem halypanyň ak patasy hökmanylykdyr. Diňe şonda maksadyň myrat tapyp, arzyly menzillere ýetmek mümkin.
14
59
Azadaa
26 Sentýabr 2022
Meň IŇ GOWY GÖRÝÄN HÜNÄRIM

Meň IŇ GOWY GÖRÝÄN HÜNÄRIM
wolf
26 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
KeSirGulKeSirOvNa
25 Sentýabr 2022
Adamda naçe görnüşli zehin bolýar olary dogr saýlap almak bolsa özümize bagly bolup durýarmyka diýýän 💖
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.