ay_kiz_
25.09.2022 06:47
Bagt nämede?

Şägirt halypasyndan sorapdyr: «Bagt pulda däl» diýen söz näderejede hakykata laýyk gelýär?» Ol munuň dolulygyna hakykata laýyk gelýändigini aýdypdyr. Muny subut etmekde müşgillik ýok. Çünki pula düşek satyn alyp bilersiň, emma uky satyn almarsyň, nahar satyn alyp bilersiň, emma işdä satyn almarsyň, derman satyn alyp bilersiň, emma saglyk alyp bilmersiň, puluňa hyzmatkär tutunyp bilersiň, emma dost alyp bilmersiň, aýal alyp bilersiň, emma söýgi satyn alyp bilmersiň, ýaşara jaý satyn alyp bilersiň, emma öý-ojak alyp bilmersiň, wagtyňy hoş geçirer ýaly zatlary satyn alyp bilersiň, emma şatlygy alyp bilmersiň, hakyna mugallym tutup bilersiň, emma akyl satyn alyp bilmersiň. Bu sanawy näçe uzaltsaň, uzaldyp oturmalydyr.

Bagtyň taýýarlanylyş usuly

Sabyr käsesini alyň. Oňa ýüregi dolduryp söýgi guýuň. Iki goşawuç jomartlyk atyň. Biraz ýumor hem sepeläň. Ýagşylygam guýuň, ynamy näçe köp goşsaňyz, şonça gowy. Onsoň bularyň baryny gowy edip garyň. Soňra ony özüňize berlen ömrüň bir bölegine çalyň-da, ýoluňyzda duş gelenleriň ählisine hödür ediň!!!

Maksatsyz ömür näme?

Bir adam akyldardan: «Maksatsyz ömür näme?» diýip sorapdyr. — Bu «Durmuş» otlusyna münüp, birnäçe ýyllap onuň içinde bolgusyz zatlara güýmenip, ahyrsoňunda-da boş düşen ýaly bir zat. Durmuşda maksady bolmadyk adam ýene-de öten-geçenleriň aýak astynda, ýel-ýagmyryň täsiri bilen iki-ýana togarlanyp ýören daş ýaly bir zatdyr.
11
163
butterfly
25 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👍
zohre_yyldyz
25 Sentýabr 2022
ALLAHA ŞÜKÜR,12 sunnum sag men batly . gonsym eline cuwsine salsa dollar cogya yone oturan yerinde elin degse gelip dur yamyma icim gysya diyya . Pul cozenok hiczady pul cozyan bolsa ölman ömurlik yasajaklar bardyr
Myhman Myhman
25 Sentýabr 2022
SerdarMyradov,👍👍👍👍👍
SerdarMyradov
25 Sentýabr 2022
best_person,👍👍👍
SerdarMyradov
25 Sentýabr 2022
Myhman Myhman,waleykumsalam goumusunyz!hickim utanok!best_person,postymda yazdymaa!
Myhman Myhman
25 Sentýabr 2022
SerdarMyradov,salam gowmysynyz kimler utdy 🤔🤔🤭
Myhman Myhman
25 Sentýabr 2022
Serdar Myradov 👏🏻👏🏻👏🏻👍🏻👍🏻👍🏻
SerdarMyradov
25 Sentýabr 2022
men seyle hem bagtly sebabi edyan isimden bagt tapyan men pulam alamok pulada gyzamok yone sogap depderime sogap yazyan!🐧
Myhman Myhman
25 Sentýabr 2022
Myhman Myhman dogry aytdynyz 👍🏻👏🏻👏🏻👏🏻👏🏻👏🏻
Myhman Myhman
25 Sentýabr 2022
Pulsuzam bagytly bolup bolar eğer yanynda masgalan seni söýen kişi bolsa nm un bagtly bolmajak baht pulda dal
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.