ylham_1989
24.09.2022 09:20

“ASYL BIZE GALANY”




Hezreti Aýşe enemiz gürrüň berýär:

Bir gün goýun soýdurdyk-da, bir aýagyndan galanyny garyp-gasara paýlaşdyrdyk.

Soňrak Allanyň resuly bizden:

– Goýuny näme etdiňiz? – diýip sorady.

– Eý, Allanyň resuly! Goýuny şol durşuna garyp-gasara paýlaşdyrdyk. Bize diňe ýeke aýagy galdy – diýdim.

– Eý, Aýşe! Asyl, bize bir aýakdan galany galdy diýsene sen! – diýdi.

Serwerimiz, beý diýmek bilen, Allanyň ryzasy üçin berlen zadyň bize dolanyp geljekdigini aýtýardy.

“TAGTADAN BAŞGA…”

Eziz Mahmut Hudaýy gaýygyň üstünde Stanbul bogazyndan geçip barýarka: “Halypa, ölüm bilen biziň aramyzda şu tagtadan özge zat ýok” diýen şägirdine şeýle jogap beripdir:

– Balam, gury ýerd-ä şolam ýok!..

BIR DERS

Sagdy Şirazy gürrüň berýär:

Çaga wagtym bir gün ybadat etmek üçin kakam bilen gijä çenli oturdyk. Men arasynda turdum-da penjireden daşaryk garadym, goňşylarymyzyň hiç birinde yşyk görünenokdy:

– Kaka, – diýdim. – Hol öýdäki adamlaram ýatman, turup iki rekat namaz okasalar bolanokmyka? Öli ýaly ýatyrlar.

Kakam:

– Jan ogul, – diýdi. – Adamlaryň gybatyny edeniňden senem geçip ýatan bolsaň gowy bolardy.
13
90
ideallider
25 Sentýabr 2022
"Ýagşylyk edip bileňokmy, bolmanda ýamanlyk bir etme"👍
wolf
24 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
Lilia_
24 Sentýabr 2022
👍👌👌👌👌👌
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.