ay_kiz_
24.09.2022 04:47
Gözi ýaşly gyza

Aglama gyz, buruljurap aglama,
Ýylgyrmaly çagyñ a:ga baglanma.
Heniz seni ýylgyrtjaklar dirikä ,
Gussalaryň salgymyna aldanma.

Seret !
Biwagt daman göz ýaşlaryňdan,
Elýaglygyň ezilipdir bireýýäm.
Näme sebäp boldy?
Biwepalykmy?
Haýsy oglan sen deý gyzyň bagtyndan,

Mesligine başy sämän ol haýýar.
Kim bolsa-da unut, senem, tijende,
Bu pursatlaň ajan gussasyny däl,
Pynhan hem höwürli kömelek ýaly,

Gömlüp ýatan ýylgyrşyny alyp gal.
Hemem bezen aýnaň öňüne geç-de,
(Näçe gün bolupdyr bezenmäniňe)
Öz-özüňe timar berip durşuňa,

Öz-özüňi bagtly duý, şükür et,
Begenip şu pursat begenýäniňe.
Hem ýadyňda sakla, aglama hergiz,
Heniz seni ýylgyrtjaklar dirikä.

Wepa PIRNEPESOW
5
89
Neo
24 Sentýabr 2022
Myhman Myhman, hiclay 🙂
Myhman Myhman
24 Sentýabr 2022
Neo kop owulersin sen jigim😌
Neo
24 Sentýabr 2022
Myhman Myhman, hickim meni beydip owmandi 😌
Myhman Myhman
24 Sentýabr 2022
Neo nahili biderek bolgusyz dusunjan barai 😏😏😏
Aysona1997
24 Sentýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻

👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
Neo
24 Sentýabr 2022
Akyllyja bolp gezmeli ekeni 😐
Myhman Myhman
24 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👍👍

👍👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.