ay_kiz_
24.09.2022 04:45
Süýde derek suw berme!

Öňem bir obada dert-alada, hor-homsulyk artyp başlapdyr. Ol ýeriň arçyny bu ýeter-ýetmezligi aradan aýyrmak, haly has agyrlara hemaýat etmek üçin ýerli ilatdan geň bir zat talap edipdir. Ol obanyň ortasynda ullakan gazan goýupdyr. Her maşgaladan bir erkek we zenan adam şol gazana bir okara süýt guýmaly edilipdir. Arçynyň talabyna görä, süýtli tabagyň agzy ýapyk bolmaly we biriniň süýt guýandygyny beýleki biri görmeli däl edilipdir. Adamlar arçanyň teklibini ýerine ýetirmek üçin öýlerine howlugypdyrlar. Agşam örüden gelen sygyrlaryny sagyp, şondan bir okara süýdi hiç kime bildirmän uly gazana guýup gaýdypdyrlar. Ertesi irden arçyn gelip gazanyň gapagyny galdyrypdyr. Ol näme görendir öýdýäňiz? Bir gazan doly arassa suw! Asyl, adamlaryň her biri öz ýanyndan: «Bir gazan süýde bir tabak suw guýanym bildirip durmaz» diýip pikir edipdir. Olaryň her biri beýlekileriň dogry hereket ederine bil baglapdyr gazana bir okara süýde derek suw guýjak adam ýeke özleridir öýdüpdir.

Seniň özüň nähili hereket edýärsiň? Çykgynsyz ýagdaýlarda, kynçylykly pursatlarda süýt sorasalar, hakykatdan-da, süýt berýärmiň ýa-da suw?

Eger-de: «Munça adamyň arasynda meniň işlemändigim bilnip durmaz» diýip, işiňi tamamlaman goýýan bolsaň, onda seniňem süýde derek suw berýänligiňdir.

Şonça ýagşy niýetliniň ýanynda meniň bolgusyzja pikirim köpçülige zelel bermez diýýän bolsaň, onda bu-da süýde derek suw guýýanlygyňdyr.

Kömege mätäç birine ýardam goluny uzatman: «Kimdir biri hemaýat eder-dä» diýip biperwaý ötüp bilýän bolsaň, bu hem süýde derek suw guýýanlygyňdyr.

Hatda wagtyňy biderek zatlara sarp edip, ony okuw, ylym-bilim, haýyrly iş üçin peýdalanmaýanlygyň hem süýde derek suw guýýanlygyňdyr. Bilýäňizmi näme, siziň ertirki rysgal-berekediňiz şol gazana guýýan zadyňyza baglydyr.
10
89
ideallider
25 Sentýabr 2022
Adam ýolyň gyrasynda ýatyr, kömek etmek üçin baryp 03 çagyranymda organlar tas "Adamlara kömek etmek" pikirimi ýakyp-ýandyrypdyrlar👍
Aysona1997
24 Sentýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
Myhman Myhman
24 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👍👍❤️
SerdarMyradov
24 Sentýabr 2022
hakyky su gaty dogry men goldayan!🐧
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.