Dünýädäki iň ýaş milliarder nähili ýaşaýar?
Hususy awtoulag kolleksiýasynyň we şa diňiniň eýesi Muhammet Awal Mustafa dünýädäki iň ýaş milliarder diýlip tanalýar. Ol Nigeriýanyň raýaty bolup, bary-ýogy dokuz ýaşynda. Ýöne ýaşynyň kiçidigine garamazdan, ol eýýäm arzuw eden zatlarynyň ähline eýe. «Daily Mail»-iň habarçylary bu günki günde çaganyň haýsy mal-mülklere eýelik edýändigi barada habar berdi.
Ýaş milliarder bary-ýogy alty ýaşyndaka hususy öýüň eýesi bolýar. Häzirki wagtda bolsa ol gymmat bahadan satylýan awtoulaglaryň ägirt uly kolleksiýasynyň hem eýesi. Elbetde, çaga bularyň ählisini özi işläp gazanypdyr diýsek biz ýalňyşarys. Bularyň ählisi çaganyň 42 ýaşyndaky walýuta çalşyjy atasy we Momfa lakamly ýerli internet ýyldyzy Ismail Mustafa tarapyndandyr.
Kakasynyň metbugata edýän täsirini göz öňünde tutsak, Momfa Junior hem ene-atasyna meňzemek isläpdir. Şonuň üçin köplenç başyndan aýagyna çenli dizaýnerler tarapyndan taýýarlanan eşiklerde hem-de günden goraýjy äýneklerde surata düşýär. Ýaş milliarderden başlap, ene-atasy hem onuň ähli düşen suratlaryny şahsy Instagram sahypasyna ýerleşdirýärler, häzirki wagtda bolsa onuň 45.2 müň abunaçysy bar.Sosial media ýazgylaryna görä, Mustafa «Versace» we «Gucci» ýaly brend diýlip atlandyrylýan moda markalaryň egin-eşiklerini, awtoulaglardan gyzyl reňki “Lamborghini Aventador” we açyk reňkli «Bentley Flying Spur»-y halaýar. Görnüşi ýaly, Dubaýdaky suratlarynyň birinde kaşaň jaýyň daşynda duranyny, kolleksiýasynda bolsa sary reňkli Ferrari maşynynyň bardygyny görmek bolýar.
Dogry, «Daily Mail»-iň belleýşi ýaly, maşgalanyň beýle rahat durmuşda ýaşamagy üçin munça puly nireden alýandygy barada şübhe bar. Kakasy ogluny milliarder hökmünde görkezse-de, aslynda onuň baýlygy bary-ýogy 15 million dollar diýlip çaklanýar