Bir danadan şägirtleri sorapdyr:
– Adamlar näme üçin ýaramaz endikleri çalt öwrenip, ýagşy endikleri kynlyk bilen öwrenýär. Adama ýagşy endiklerini uzak möhletleýin dowam etdirmeklik näme üçin kyn düşýär?
Dana olara:
– Ýeri bolýar-da, onda menem size bir sowal bereýin. Eger abat tohumy alaga-da Günüň aşagynda goýsaň, ýaramaz tohumy hem topraga gömseň, näme bolar öýdýärsiňiz? – diýipdir.
– Abat tohum Günüň astynda gurar. Ýaramaz tohum bolsa, gögerse-de ondan ibaly hasyl alyp bolmaz.
Onsoň, dana sözüni şeýle jemläpdir:
– Adamlaryň hem bolşy şuňa meňzeýär. Olar özleriniň içki gözelliklerini ruhlaryndan çykaryp taşlamak bilen olary harlaýarlar. Emma ähli pyssy-pyjurlyklaryny bolsa, adamlara görkezmejek bolup ruhlarynda gizläp saklaýarlar. Şeýdibem, adamyň kalby içerden çüýremek bilen bolýar.