violinist
22.09.2022 08:59
Dostum, kalbymdaky ýaşyp barýan gün,
Damja-damja bolup, ýakar ergini.
Gussa çümsem, seni ýatlaman bilmen,
Näzikligim üçin bagyşla meni.

Ganyma siňipdir söýlüp ýaşamak,
Setirlermi mähre garyp, ezmeli.
Ömürden öýkeläp, seni ýatlasam,
Gijeler ynjytsam, bagyşla meni.

Ümürler aslyşar gije baglardan,
Bu nämekä? Tebigatyň düzgüni.
Seň kalbyňy tebsiredip, aglatsam,
Bagyşla, bagyşla, bagyşla meni.

Burugsan baglaryň şabramna siňen,
Aýdymlarma asman mukam ýazmaly.
Seni söýýän diýip, gaýga batyrsam,
Bagyşla mähriban, bagyşla meni.

Demiň ýakyp barýar, ýandyryp barýar,
Lebleriň gatynda pyşyrdy ýatyr.
Kämilligiň özem munda sandyrar,
Söygüniň peýkerem bukulyp otyr.

Saňa siňen näzlem, düwünsiz owaz,
Şol owazyň mazmuny bar,maňzy bar.
Sen meni unutsaň, ýüregim sowar,
Seni maňa beren ýalňyz taňry bar.

Men size gowuşdym, men sizi söýýän,
Ýylgyrşyňa ýene, ýene gowuşsam,
Sen ruhumyň sallançagyn ezizlän,
Bu ýüregim nädip senden sowaşsyn.

Ýürek sözüm diňlesene, diňleýjim,
Çeper sözi aýdyp ýörün ýadaman.
Bu dünýede diňe yssy mähirden,
Başga zat gerek däl eken adama.

Ikimiziň per ýassygmyz mysaly,
Uçup barýar bölek-bölek bulutlar.
Meň kalbyma şalyk ediň ýalbarýan,
Onuň kir-kimirsizdigin unutmaň.

Oguljennet BÄŞIMOWA.
10
53
Lilia_
22 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👍👍👍
Myhman Myhman
22 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.