Euronewstkm
21.09.2022 14:19
Tehnologiýa täzelikler...
“Moskwiç” gaýtadan öndüriler...
Fransiýaly awtoulag öndürýän “Renault” şereketi Russiýadaky ähli paýnamalaryny rus hökümetine geçireninden soň Moskwa şäheriniň häkimi sowet döwrüniň meşhur ulagy “Moskwiçi” (“Moskwaly” diýmegi aňladýar) gaýtadan öndürip biljekdiklerini mälim etdi.
Häkim Sergeý Sobýanin “Renaultyň” şäherdäki binasynyň öz hasaplaryna geçirip, şol ýerde “Moskwiç” önümçiligine başlajakdyklaryny habar berdi. Bu binada iň soňky gezek mundan 20 ýyl ozal “Moskwiç” öndürilipdi.

Ýewropada internete girmek üçin…
Ýewropa ýurtlarynda internetden peýdalanmak üçin köpräk smartfondan peýdalanylýar. Internet ulanyjylaryň 87 göterimi internetden peýdalanmak üçin smartfon ulanýar. Belli bir möçberi stol kompýuterden we noutbukdan girýärler.Bu barada Ýewropanyň Statistika agentligi habar berýär. Intrnet ulanyjylaryň 95 göterimi 16 ýaşdan 24 ýaş aralygyndaky ýaşlar boldy. Ýewropalylaryň 65 ýaşdan 74 ýaşa çenli aralykdaky raýatlarynyň 59 göterimi internetden peýdalanýar.
Aýallar noutbuklar, planşetler we smartfonlar arkaly internete girmegi makul bilýärler, erkekler bolsa iş stoly kompýuterleri we akylly telewizor, oýun konsollary, elektron okyjylar we akylly sagatlar ýaly internete girýärler.

Ýewropada iň köp satylan awtoulag modelleri yglan edildi...
Iýul aýynda Ýewropanyň awtoulag bazarynda iň köp satylan modeller yglan edildi. “Peugeot 208” awtoulagy 3 aýdan soň “Volkswagen T-Roc” awtoulagyndan yza galdy.Ýewropa awtoulag öndürijiler birleşiginiň (ACEA) iýul aýyndaky hasabatyna görä, awtoulag bazarynyň söwdasy birneme pese gaçdy.Ýewropanyň 27 ýurduny öz içine alýan maglumatlara görä, ilkinji ýedi aýda 6 milion 398 müň 609 täze awtoulag satyldy.Hasabat döwründe gibrid modelleriň satuwy azalyp, elektrik modelleriniň satuwy 20 göterim ýokarlandy.Diňe iýul aýynda 19 müň 130 sany ​​“Volkswagen T-Roc” awtoulagy satyldy. Iň köp satylan awtoulaglaryň sanawynda ikinji orny eýelän “Dacia Sandero” awtoulagyndan 17 müň 228-si satyldy.Ozal bu sanawda öňdelige eýelän “Peugeot 208” kysymly ulagyň 16 müň 423-si müşderilerine gowşuryldy.

2022-nji ýylyň iň güýçli telefonlarynyň batareýalary synag edildi...
2022-nji ýylyň iň güýçli telefonlarynyň batareýalary synag edildi. Synagyň netijeleri hemmeleri haýran galdyrdy. Bu synagda birinji orny “Apple” kompaniýasynyň “iPhone 13 Pro Max” telefony eýeledi. Bu telefonyň batareýasy kiçidigine garamazdan, beýleki telefonlaryň uly batareýalaryndan has çydamly boldy. Telefonlaryň batareyýanyň kuwwaty oýun oýnamak arkaly synag edildi.
Smartfon sarp edijileriň iň uly meselesi batareýa. Telefonlaryň güýji günsaýyn artýan hem bolsa, bu enjamlary zarýad etmek we olaryň zarýadyny uzak wagtlap sakalamk kyn mesele bolup durýar.
Synagyň netijeleri geň galdyrdy. Uzak möhletleýin ulanylyşda batareýanyň ululygy ýeke-täk faktor däl.“iPhone 13 Pro Max” smartfony birinji orny çykdy. Kuwwatlylygy bary-ýogy 4352 mAh bolan bu telefonyň prosessory şeýle bir täsirli welin, özünden has köp mAh telefonlardan öňe geçip bildi.Synaga görä, “iPhone 13 Pro Max” bilen oýun oýnalanda onuň batareýasy 10 sagat 35 minut çydady. Sanawda ikinji orundaky “Xiaomi 12 Pro” 9 sagat 38 minut, üçünji orny eýelän “OnePlus 10 Pro” 9 sagat 19 minut çydamly çykdy.
Dünýä belli “Samsung” kompaniýasynyň telefonlarynyň batareýasy bolsa, “Samsung Galaxy Z Fold4” 9 sagat 18 minut, “Samsung Galaxy Z Flip4” 9 sagat 4 minut, “Samsung Galaxy S22 Ultra” bolsa 8 sagat 56 minut zarýadyny saklap bildi.

“Netflix” yzda galdy...
“Walt Disney” kompaniýasynyň “Disney +” sanly ýaýlym platformasy abonentleriniň sanyny 152,1 milliona çenli artdyrmak arkaly “Netflix”-den öňe geçendigi habar berildi.Ýaýlym platformalarynyň arasyndaky bäsleşigiň täze lideri 152,1 million abonenti bolan “Disney +” boldy. “Walt Disney” kompaniýasynyň beýanatynda abonentleriň sanynyň garaşylýandan has köpdügini we “Netflix”-i yzda galdyrandygyny aýtdy.Soňky 10 ýylda ilkinji gezek “Netflix” ýaýlym platformasynyň abonentleriň sanynyň azaldy. Şol bir wagtda “Disneý +” platformasynyň ABŞ-da abonentleriň sanynyň 14,4 million artandygyny mälim edildi.
Soňky üç aýda takmynan 1 million abonentini ýitiren” Netflix”-iň abunaçylarynyň sany 220,67 milliona barabardyr. “Hulu” we “ESPN + ” abonentleri dünýäniň iň uly sanly platformasy bolan” Disneý +” abonentlerine goşulmagy bilen “Walt Disneý” jemi 221,1 million abonente ýetdi.
“Disney +” platformasynyň köp ýurtda hyzmat berip başlandygy üçin abunaçylarynyň sany 5 göterim artdy.

“Samsung” soňky 5 ýylda iň ýokary çärýek girdejisini yglan etdi...
Dünýädäki iň uly çip we smartfon öndürijisi “Samsung” kompaniýasy dünýädäki inflýasiýa garamazdan, ýyllyk 11 göterim ösüş bilen 5 ýylda iň ýokary 2-nji çärýek girdejisini yglan etdi. Kompaniýa ikinji çärýekdäki amal girdejisiniň 14 trillion won (10,73 milliard dollar) ýokarlandygyny mälim etdi.
Düýbi Günorta Koreýada ýerleşýän “Samsung Electronics” tehnologiýa kompaniýasy çärýekdäki girdejisini dünýädäki inflýasiýa garşy satan çipleri sebäpli koronawirusdan öňki derejä çenli ýokarlandyrandygyny mälim etdi.
2018-nji ýylyň ikinji çärýeginden bäri iň ýokary çärýekleýin girdejisini yglan eden kompaniýa, 2022-nji ýylyň aprelinden iýun aýyna çenli 14 trillion won (10,73 milliard dollar) girdeji gazanandygyny aýtdy.
Dünýädäki iň uly çip we smartfon öndüriji “Samsung” -yň paýnamalary ikinji çärýek üçin deslapky netijeler yglan edilenden soň 2,5 göterim ýokarlandy.



Alnan ýeri:Google gözleg/Atavatan Turkmenistan.
Suraty montaź eden:Jumayew Daýançgeldi.
9
81
Euronewstkm
22 Sentýabr 2022
Hay gorupler gotuniz bisyarmi minus like goyyanyz wln
Euronewstkm
21 Sentýabr 2022
🔱лев🔱,howa menem solaryaly estdim
Lilia_
21 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👍
Myhman Myhman
21 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👍👍
wolf
21 Sentýabr 2022
Esidipdim moskwicler kansenerli zatly lyüks bolup cykarylya diyip
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.