Euronewstkm
21.09.2022 13:50
Täzelikler.Doly okañ hormatly okyjylar...
Türkmenistan täze teplowozlary satyn aldy
Türkmenistanyň “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Hytaýyň “CRRC Ziyang CO., LTD.” kompaniýasyndan 15 sany täze ýük teplowozlaryny satyn aldy. “orient.tm” neşiriniň habaryna görä, bu teplowozlar dizel ýangyjy bilen hereket edýär.
Şol teplowozlaryň 2-si paýtagtymyz Aşgabadyň demirýol menziline gelip gowuşdy. Galanlary bolsa, 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyryna çenli getiriler.
Täze dizel teplowozlary Türkmenistanyň ulag mümkinçiliginiň içerki we üstaşyr ýükleriň daşalýan mukdaryny ýokarlandyrmaga, şeýle hem daşamagyň tizligini ýokarlandyrmaga goşant goşar.
Lokomotiwleriň her biri 2 sany wagondna ybarat. Güýçli dizel hereketlendirijileri bilen enjamlaşdyrylan dizel lokomotiwleri sagatda 100 km tizlige ýetip biler we köp mukdarda ýük çekip bilýär. Täze lokomotiwleriň güýji ozal Türkmenistanda ulanylan lokomotiwler bilen deňeşdirilende 1600 kWt ýokarydyr.
Şeýle hem şu ýylyň noýabr aýynda Brýansk maşyn gurluşyk zawodynda öndürilen şuňa meňzeş häsiýetli ýene bäş dizel teplowozy getirilmeli.

Türkmen türgenleri Özbegistandaky çempionata gatnaşar...
2022-09-20
Şu ýylyň 23-25-nji sentýabrynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde Merkezi Aziýanyň ýeňil atletika boýunça açyk çempionaty geçirilýär. Oňa sebitiň iň güýçli ýeňil atletikaçylary ýygnanar.Ýaryşa gatnaşjak türgenleriň deslapky sanawy çap edildi. Bu maglumata görä, Türkmenistanyň türgenleriniň hem bu ýaryşa gtanaşmagy göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň ýygyndysy 13 türgenden 2 tälimçiden we 1 eminden ybarat.100 metr aralyga ylgamakda Tükrmenistandan birnäçe türgen, şeýle hem 4х400 garyşyk estafeta ýaryşlarynda türkmen türgenleri medally orunlar üçin bäsleşerler.

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar
2022-09-19
Hytaý 2025-nji ýylda täjirçilik maksatly kosmos syýahatçylygyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, biletleriň bahasy 2-3 million ýuan (286.4 müň-429.6 müň dollar) aralygynda bolar.
Hytaýyň neşiriniň habar bermegine görä, 2030-njy ýylda Hytaýyň täjirçilik aerokosmos pudagynyň bazarynyň umumy möçberi 100 milliard ýuana (14.3 milliard dollar) barabar bolar.2021-nji ýylyň hasabatyna görä, Hytaýda emeli hemra önümçiligi, raketalary älem giňişligine çykarmak, orbital emeli hemralar boýunça hyzmat bermek maksady bilen alyp barýan kärhanalaryň sany 370-e deň boldy.Mälim bolşy ýaly, “Virgin Galactic” kompaniýays kosmos syýahatçylygyny ýola goýmak babatda degişli işleri geçirdi. Bu kompaniýanyň biletleriň bahasy 450 müň dollara deňeçärdir.


BAE-Eýran-Türkmenistan ulag geçelgesini döretmek mümkinçiligine seredildi...
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň resmi wekilleriniň arasynda birnäçe duşuşyklar geçirildi.Hususan-da, saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň BAE-niň Baş Raýat Awiasiýa edarasynyň Baş direktorynyň orunbasary Omar bin Galebi, BAE-niň “Etihad Rail” demir ýol edarasynyň ýolbaşçylary, Dubaýyň Hökümetiniň Ykdysady ösüş we syýahatçylyk boýunça müdirýetiniň Baş direktorynyň orunbasary Ali Ybrahimi hem-de BAE-niň “Dubai Nasdaq” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirildi.Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň söwda-ykdysady we ulag ulgamyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek üçin deňiz, demirýol we howa ulaglarynyň, şol sanda port infrastrukturasynyň mümkinçiliklerini ulanmak barada pikir alşyldy.Soňky ýyllarda BAE-niň ýük we ýolagçy awiasiýasy täze derejelere çykdy. Esasan-da, Türkmenistan ilkinji nobatda Dubaý bilen howa gatnawyny ýola goýan döwletleriň biridir. Şeýlelikde, Türkmenistan awiakompaniýasynyň we beýleki ulag edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri BAE-niň Baş Raýat Awiasiýa edarasy bilen özara gatnaşyklaryny we geljekki ädimlerini ara alyp maslahatlaşdylar.BAE-niň “Etihad Rail” demir ýol edarasy bilen Türkmenistanyň “Türkmendemirýollary” agentliginiň arasynda aragatnaşygy ýola goýmak we BAE-Eýran-Türkmenistan ulag geçelgesini döretmek mümkinçiligini, şeýle hem BAE-ne Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesi bilen birleşmäge mümkinçilik bermek barada gürrüňdeşlik geçirildi.Dubaýyň Hökümetiniň Ykdysady ösüş we syýahatçylyk boýunça müdirýetiniň Baş direktorynyň orunbasary Ali Ybrahimi bilen iki ýurduň ykdysadyýetde we syýahatçylykda gazanan üstünlikleri barada pikir alşylyp, geçen ýyl Dubaýda geçirilen «EKSPO» halkara sergisiniň üstünlikli geçirilendigi bellenildi.BAE-niň “Dubai Nasdaq” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirilip, onda birža boýunça awtomatlaşdyrylan resminama dolanyşygynyň, ýokary hünär derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyň we gymmat bahaly kagyzlaryň biržada ulanylmagy ugrunda hyzmatdaşlyk etmek barada seredilip geçildi.
Halan bolsañyz like basmany unutmañ hormatly okyjylar.

Alnan ýeri:Google gözleg/Atavatan Turkmenistan.
Suraty montaź eden:Jumayew Daýançgeldi.
7
79
Myhman Myhman
22 Sentýabr 2022
Super 👍
Lilia_
21 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👍👍👍👍
Myhman Myhman
21 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👍👍
wolf
21 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.