ylham_gurbanaly
21.09.2022 10:15
Her gijede ýygnak boldy beýnimde,
Bu bolşuňy mundan beýläk ýeň boldy
Aglamadym berlen çapraz ykbala,
Güldüm gülmedik durmuşa -
Geň gördi.

Her gijede ýygnak boldy beýnimde,
Ýalňyşlarmy çözmekçidim sençeräk
Çakyşdyryp gamdan doly badany,
Ruhuň bilen gussa iýdim çemçeläp

Her gijede ýygnak boldy beýnimde,
Haýra ýordum bolanlaryň baryny
Güýze döndi geçip giden baharym,
Tomus aldym gyşyň berjek garyny

Her gijede ýygnak boldy beýnimde,
Pikirlerim ýalňyzlygy gurnaşýar.
Sensiz günler hiç bolmajak ýalydy,
Boljak eken, durmuşyma ornaşýar...


Ylham GURBANALYÝEW
21.09.2022
12
299
Myhman Myhman
23 Sentýabr 2022
Diňleýän YGurbanaly23
ylham_gurbanaly
23 Sentýabr 2022
Myhman Myhman, M.
Myhman Myhman
23 Sentýabr 2022
Durmuşdaky esasy maksadyň ?!

Maňa Güljenan diýseňem bolýa .Adyň gapdalyndaky kimiň suraty? Özä bir akyldara meňzeýä 🤔 📖

YGurbanaly23 (baş üstünäň) yzynda durmaly.Dislaýk goýup çyykypsyňyzla,ýa şoň ýaly ýaramaz zat diýdimmi ýa-da beren soragym ýaramadymy?!
Myhman Myhman
22 Sentýabr 2022
Siz maňa uýam diýip ýüzlenäýiň.Ýogsa-da siz meň soragma jogap bermediňizle YGurbanaly?!

Dini kitaplary okaýaňyzmy? meň özüme kitap okamagy gowy göremsoň soraýan her gün haýsam bolsa bir zatlar okamasam bolanok
ylham_gurbanaly
22 Sentýabr 2022
Myhman Myhman, Adyňyz?
Myhman Myhman
22 Sentýabr 2022
Men sizden 3ýyl köp çörek iýen onnoň saňa doganjygym diýeýinmi ýa-da jigimjan diýeýinmi ýüzlenme yanar ýaly bärde Myhman Myhman kändä

ýüzlenemde tanar ýaly,käbir harplar ýalňyş gidäýýädä
ylham_gurbanaly
22 Sentýabr 2022
Myhman Myhman, Baş üstüne. Bilsem jogap bererin. Bilmesem öwrenerin.
Myhman Myhman
22 Sentýabr 2022
Onyň dogry

Ýöne herkim sen ýaly dogry bolsa bolmaýamy YGurbanaly23

Menem şu programma gatnaşmakda esasy maksadym sen ýaly akylly, başly adamlar bilen pikir alyşmak bilmeýänlerimi bilmek, bilýanlerimi aýtmak ,soraglamma jogap tapmak
ylham_gurbanaly
22 Sentýabr 2022
Myhman Myhman, Gülmek? Söweş? Köpçülikde hemme zada jogap berip bilemok. Eýmenç nägehan? Bir zat aydaýyn size, her kim özüne erk edip hemme zady ýerlikli ulananda-dy, dünýäde hiç hili erbet, zyýanly zat bolmazdy...
Myhman Myhman
22 Sentýabr 2022
Dovled Senem aýdýan zatlaň jany bar.Menem bir ýerde okadym ýa-ha Meňli üçin ýa-da Allatagalla üçin düzülipdir diýip

YGurbanaly23 sizä meni güldürdiňiz😅😂🤣 Hamana söweşe çagyrýan ýaly bolduňuzla.Gaýrat ediňde meň ýanymda imoň "i" harpynam agzamaň haýyş edýän.Şoň adyny eştsem depe saçym üýşýä.Birnäçe hojalyklary ýykyp bigünä çagalaň göz ýaşyna galan eýmenç nägehandyr ol.

Aýtmasaňyz ol öz meseläňiz ýöne goşgulaňňyzdan çen tutup gyzyklandym
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.