violinist
21.09.2022 09:17
Bagyşla!
Mendim şol -
hondan bärisi,
Mendim-ä özüni asmandan asan,
Yşkdan sermest bolan nebir günleriň
Ýiti ökje bilen bilinden basan.

Mendim -
dynnym ýaljak göwrejiginde
Asman bardyr öýdüp gomparyp ýören,
Aý ýüzünde ýiten gulakhalkasyn
Gäbi azyp, ýerden agtaryp ýören.

Bagyşla,
Mendim şol -
ak ýollar üçin
Gara günler bilen göreşmedigem,
Sabryň soňy geljegiňi bilsemem,
Sabryň ýaryna çen garaşmadygam.

... Meň bilen deň bolup durmady ýyllar,
Şoň üçinem giň bolmagy öwrendim.
Özüňi örteme, günä sende däl,
Betbagtlygyň bar sebäbi:
bir mendim.

Suraý BABANYÝAZOWA.
11
138
gulshatayewa97
22 Sentýabr 2022
Gowy gördüm goşgyny
Myrataly
21 Sentýabr 2022
CrAzY Girl,allama😁
Myrataly
21 Sentýabr 2022
CrAzY Girl,Senem hondan barsi😂
madam_lidya
21 Sentýabr 2022
Hmm sizmi?😃
Myhman Myhman
21 Sentýabr 2022
🔱лев🔱,dogry pikir yone sonundan okunmesin...

Men kop okunyan wah sol wagt sol gepi aytmaly dal ekenim dp😒😒
wolf
21 Sentýabr 2022
Aydyp dynanyñdan gowsy yoklay aytmak kynyrak yaly
Myhman Myhman
21 Sentýabr 2022
Hic pikirlenip gordunizlermi:bir zady aydyp wah aytmasdym diymek gynmy ya-da aytman wah aytmaly ekenim sol wagt diymekmi???🤔🙄
Myhman Myhman
21 Sentýabr 2022
Son okunen peydasy yokda
wolf
21 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍

Bolya bolya bagyşlayan😄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.