ylham_gurbanaly
21.09.2022 01:18
Mydar edýän ýürek bilen
Müň ýamaly.
Aglasyň gelende aglap bilmeseň
Iň ýamany.
Aýaň, yşka duşmadygy,
Synlap öň ýanany.
Aşyk ýöne ýerden gysmaz
Galamy.
Undup bolýa ähli derdem,
Unutma ýok,
Dert salany.
Bar zat ýazgydyňa görä,
Pozup bilmersiň
Sen ony…
Noldan başlap ýene nola
Getirýän yşkyň jemini.
Bu bir durmuş kadasy
Görüp gelen ýok
Soňuny…
Çaklaýşymdan juda ýeser,
Gör, ony.
Mydama söýüp ýaşadym,
A sen meni?


Ogulnur Atayewa
10
110
wolf
21 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
ylham_gurbanaly
21 Sentýabr 2022
Kyýas2017, Salawmaleýkim. Hawa gowy pikir. Köp wagtdan bäri pikrindedim özümem. Nesip bolsa
gena_02
21 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👍👍
Myhman Myhman
21 Sentýabr 2022
Mlds haladym🥰🥰🥰
butterfly
21 Sentýabr 2022
👍.....
kyyas2017
21 Sentýabr 2022
Ylham, iñlisçe we rusça duzulen goşgularyñ stilinde düzüp görsene, goşgularyñ her gezek kamillige tarap , bu goşgada awtorada berekella 👍
gulserem
21 Sentýabr 2022
Gaty gowy...like❤️

Birinji okamda manyny doly alyp bilmedim..ikinji gezek okamda dusundim☺️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.