Meşhur ýazyjylaryň soňky sözleri
Dünýä edebiýatynda möhüm yz galdyran ýazyjylaryň eserlerini okamak biziň üçin elmydama gyzykly. Bu habarda bolsa olaryň dünýäden ötmänkä aýdan soňky sözleri orun alýar.
Emili Dikkinson: «Içeri girmek gerek, çünki daşary dumanly».
Jeýms Joýs: «Kimdir biri düşünýärmi?»
Jeýn Ostin: «Häzir meniň isleýän ýekeje zadym ölmek. Ölümden başga zat islämok».
Gýote: «Ýagtylyk! Ýene we ýene-de ýagtylyk!».
Franz Kafka: «Ezizim Maks, senden soňky islegim: menden galan ähli zatlary — gündeliklerimi, golýazmalarymy hem-de maňa gelen barça hatlardyr garalamalarymy we eskizlerimiň hemmesini ýakyp goýber».
Ketrin Mensfild: «Ölümimiň ýakyndygyny duýýaryn. Ýagyşy halaýaryn. Has hem ýagyş damjalarynyň ýüzüme gelşini…»
Mark Twen: «Kyýamat gününe çenli sag boluň. Nesip bolsa, görüşeris …»
Nikolaý Gogol: «Merdiwan, derrew bir merdiwan getiriň».
O’Genri: «Çyralary ýakyň. Garaňkylykda öýe gitmek islämok».
Oskar Waýld: «Ýa-ha diwar ýykyldy, ýa-da men».
Robert Luis Stiwenson: «Biçäre görünýärinmi?».
Samuel Johnson: «Öljek bolýaryn».
Wiktor Gýugo: «Garaňkylygyň içinde bir yşyk görýärin».