ylham_1989
20.09.2022 08:34

Ol nädip başardy?


Aleksandr Stepanowiç Popow rus fizigi, elektrotehnik, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň meşhur görnüşi — radiony oýlap tapyjy hökmünde taryha giren şahsyýetleriň biridir.

Elektromagnit tolkunynyň üsti bilen simsiz aragatnaşygyň mümkinçiligine ynanyp, Popow dünýäde ilkinji radioprýomnigi onuň shemasynda duýgur elementi «kog ereri» peýdalanyp gurady. Ýasan enjamynyň duýujylygyny artdyrmak üçin bir ujuny ýere, beýleki ujuny bolsa beýige galdyryp sim bölejigine birikdiripdir we şeýdip simsiz aragatnaşyk üçin ilkinji kabul ediji antennany (tolkuntutary) gurupdyr.

Häzirki zaman radiopriýomnikleri A.S.Popowyň priýomnigine juda az meňzeýän hem bolsalar, olaryň esasy işleýiş häsiýeti onuň oýlap tapan abzalyndaka gaty meňzeşdir.

Alym oýlap tapan abzalyny 1895-nji ýylyň 7-nji maýynda Sankt-Peterburgda Rus fizika-himiýa jemgyýetiniň mejlisinde tejribede gurap görkezip, bu hakykaty dünýä ýüzüne aýan etdi. Şondan soň 7-nji maý radionyň dörän güni hökmünde taryha girdi.

Popow kabul ediji we iberiji enjamyny kämilleşdirmegi erjellik bilen dowam etdiripdir. Ol signallary uzak aralyklara iberýän abzaly döretmegi öz öňünde esasy mesele edip goýupdyr. Ilkinji radio aragatnaşygyny 60 metr aralykdan amala aşyrypdyr. Öz oýlap tapan abzalynyň üstünde ýadawsyz işlemek bilen, tiz wagtyň içinde arabaglanyşygyň daşlygyny 600 metre çenli artdyrypdyr. 1899-njy ýylda alym 20 kilometrden gowrak aralykda aragatnaşygy amala aşyran bolsa, 1901-nji ýylda radio aragatnaşygyň uzaklygy 150 kilometre ýetipdir. Häzirki döwrüň radiosy diýseň özgerdi we kämilleşdi. Radio adamyň durmuşyna berk ornaşdy. Medeniýetli dynç almak, aýdym-sazlary we gepleşikleri diňlemek, gyssagly habarlary halka tiz ýetirmekde onuň ähmiýeti uludyr.

A.S.Popow 1859-njy ýylyň 16-njy martynda Uralyň Tura şäherçesinde ruhanynyň maşgalasynda dünýä inýär. Perimdäki dini orta mekdebini 1877-nji ýylda tamamlap, bu ugurdan bilimini dowam etdirmekden ýüz öwürýär we Sankt-Peterburg uniwersitetiniň fizika-matematika fakultetine okuwa girýär. Ol uniwersitetde okaýan döwründe barlaghanalarda elektrotehnikadan geçirilýän tejribe işlerin işjeň gatnaşýar. Ol «elektrotehniki» jemgyýetinde montýor bolup işläp başlaýar we 1882-nji ýylda dinamo-elektrik maşynlaryna bagyşlap ilkinji ylmy işini ýazýar. Popow uniwersitetde aspiranturada galdyrylsa-da, ol bu ýerde uzak saklanmaýar we 1883-nji ýylda harby ýokary okuw mekdebinde mugallym bolup işleýär.

Popow 1901-nji ýylda Sankt-Peterburgyň Elektrotehniki institutynyň kafedrasyna professor edilip saýlanýar. 1905-nji ýylda ony bu instituta direktor edip belleýärler. 1906-njy ýylyň 13-nji ýanwaryna, ýagny ömrüniň ahyryna çenli bu wezipede işleýär.

A.S.Popowdan başga iňlis fizikleri E.Rezerford (1871-1937-nji ýyllarda ýaşap geçen), G.Markoni (1874-1937-nji ýyllarda ýaşap geçen) beýlekiler hem elektrik tolkunyny daş aralykdan tutmak bilen gyzyklanypdyrlar. Olaryň arasynda has önjeýli iş bitiren G.Markonidir. Ol Popowdan iki ýyl soňra 1897-nji ýylyň 2-nji iýulynda öz oýlap tapan enjamyna Angliýa döwletiniň oýlap tapyş patentini alýar.

E.Rezerford Täze Zelandiýada ýaşap ýörkä ýygylykly elektrik uçgunynyň demir ownuklaryna edýän täsirini öwrenýär. Ol Kembrijä gelende G.Markoniniň işi bilen tanyşýar we detektor boýunça edýän işini taşlap, radioaktiwlik bilen meşgullanyp başlaýar. Alym soňra atomyň gurluşy baradaky häzirki zaman taglymaty esaslandyrýar. Dünýä boýunça radionyň oýlap tapylmasynyň gözbaşynda A.S.Popowyň we G.Markoniniň duranlygy taryhy hakykatdyr. Simsiz aragatnaşyk edip boljakdygynyň ilkinji usulyny oýlap tapan rus fizigi A.S.Popow radiony oýlap tapmagyň gözbaşynda duran ilkinji alymdyr. Onuň ýasan radioprýomniginiň asyl nusgasy häzirki döwürde Sankt-Peterburg şäherinde alymyň adyny göterýän Merkezi muzeýde saklanýar.
12
103
Lilia_
20 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👍👍👍
Myhman Myhman
20 Sentýabr 2022
Size gosulyan Bitter. O dowurde bizdaki yaly mukinciliklerem yokdy yone sondada olar gaty kan zady oylap tapdylar.bu dovurde hemme zat osdi yone sobir demir dumur bn bir zatla cykaran bolyalar bollany suvagt sol oñki kelleli adamlary su dowure getiräyseñ diyip pikir etyan nameler edilerdi belki biz yerden yoreman buvagt ucup gezerdik
Myhman Myhman
20 Sentýabr 2022
Inni name ucin seÿle kelleli adamlar yokga?, Halki diyşim yaly soÿgi şo oñki adamlañ dowrunde bolup oldi diysim yaly bardede diñe so pikir gelya ondan soñky nessiller kan bir kelleli dal

Siz bn geñ hemde gyzykly
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.