ay_kiz_
20.09.2022 05:42
Ýurtlaryň atlary örän gadymdan gözbaş alýar. Olaryň köpüsi ýerleşýän ýerine, tebigatyna, halkyna görä atlandyrylypdyr. Geliň, olaryň käbiri bilen tanyşlyk açalyň.
Meselem, Norwegiýa. Gadymy iskandinaw dilinde ýurduň ady «Norýegr». Bu «demirgazyga tarap ýol» diýmegi aňladýar.

Islandiýa. «Ice land» – «Buzlaryň ýurdy» ýa-da «Buzly ýurt» diýmegi aňladýar.

Müsür. Bu at Arabystan ýarymadasynyň we alynky Aziýanyň halklarynyň gadymy «Misr» sözünden döräpdir. Bu olaryň dilinde «ilatly ýer» diýmekdir. Olar biri-birine ýakyn bolan şäherleriň, obalaryň köp bolandygy üçin bu ülkäni şeýle atlandyrypdyrlar. Müsürlileriň özleri we dünýäniň köp ýurtlary bu ýurdy şol at bilen atlandyrýarlar. Emma Ýewropa ýurtlarynyň köpüsinde Müsüriň gadymy greklerden galan Ýegipet ady ýörgünlidir.

Awstriýa. Bu gadymy «Österreich» diýen nemes sözünden gelip çykyp, «Gündogar ýurdy» diýmegi aňladýar.

Hytaý. Hytaýyň ýerli ilaty öz ýurduny Çžungo diýip atlandyrýarlar. Çžungo – «ortadaky döwlet» manysyny berýär. Hytaý ady ýurduň demirgazygynda ýaşan kidan taýpasynyň adyndan galandyr diýip çaklanylýar. Türkmenler kidanlara gara-hytaýlylar diýipdirler.

Braziliýa. Gymmatbaha gyzyl agajyň portugal dilindäki adyndan gelip çykandyr.

Eýran. Ýurduň häzirki ady Awestadaky Ariýana adyndan gaýdýar. Ol «Ariýleriň ýurdy» diýmegi aňladýar.

Lýuksemburg. Bu nemes dilinden terjime edilende «lucilinburch», «kiçi şäher» diýmekdir.

Bahreýn. Pars aýlagy sebitinde ýerleşen monarhiýa gurluşly döwletdir. Ýurduň ady «Iki deňiz» diýen manyny berýär.

Tailand. Ýewropalylaryň koloniýasy bolmandygy üçin, bu ýurdy «erkinleriň ýurdy» diýip atlandyrypdyrlar. Ýurduň Tailand ady ýewropalylaryň dakan ady. Ol «taýlaryň ýurdy» diýmegi aňladýar. Taý «erkin», «azat» diýmegi aňladýar.

Sudan. Bu at araplaryň «Bilad as-sudan», ýagny «Garalaryň ýurdy» diýen sözünden döräpdir.
12
105
ideallider
25 Sentýabr 2022
Köp zat öwrendim👍
ay_kiz_
21 Sentýabr 2022
🔱лев🔱, 😊 Myhman Myhman, 😊😇
Myhman Myhman
20 Sentýabr 2022
Haladymmmmmmm💕😘
wolf
20 Sentýabr 2022
Mmmm bet👍🔥🔥👍
ay_kiz_
20 Sentýabr 2022
Minnetdar gyzyklanyp okanyňyz üçin :)
Myhman Myhman
20 Sentýabr 2022
Da govy maglumatlar ..sps
Myhman Myhman
20 Sentýabr 2022
Örän gowy maglumat haladym 👍👍👍👌👏👏👏👏
Relax
20 Sentýabr 2022
Bravo:)👍🏻
ylham_1989
20 Sentýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.