violinist
20.09.2022 01:13
Seň belgiňi "Yşkym" diýip belläpdim,
Arzuwlarmyň wysalydy gözleriň.
Gijeler pyşyrdap aýdan syrlarym,
Sen düşnüksiz düýşleriňden gözlegin.

Gözlegin durnalaň näz edişinden,
Haýaň ötülmedik bosagasyndan,
Özüme çalymdaş utanjaň ýigdiň,
Ýaryna ýetmedik şol posasyndan.

Ýüregim urýarka bolmazam asyl,
Bizden bagtlyň barlygyna ynanman
Bizi bile görüp özün ýitirdi,
Bagtyň özi bagtdygyna ynanman.

Ýöriteläp duşurmandy ykbalam,
Söýgi işleriniň tötänlik bary,
Gark bolmagy arzuw edip ýaşaýan,
Umman gözleriňde Titanik ýaly.

Duýgulamdan syzyp çykan duýguçyl,
Eý, söýgä meňzeşim,
aglak melegim,
Seni beren jomart ykbal sag bolsun,
Ýerde gowşan asmandaky dilegim.

Maksat ESENOW.
10
105
ylham_gurbanaly
23 Sentýabr 2022
gulshatayewa97, belki))
gulshatayewa97
22 Sentýabr 2022
YGurbanaly23, bilersiň bilersiň ýaşaber entek😜
ylham_gurbanaly
22 Sentýabr 2022
gulshatayewa97, bizä yşkymy başgasyny bilmändiris)))
gulshatayewa97
22 Sentýabr 2022
ay_kiz_,aşkim sözüň terjimesi öýdýän 😁
ay_kiz_
20 Sentýabr 2022
Yşkym...🤔
SerdarMyradov
20 Sentýabr 2022
⚘⚘⚘⚘🐧
Myhman Myhman
20 Sentýabr 2022
Sena uly gyzdyñ zülüpleri towly

Menem bir mashgalañ korpeje ogly
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.