"Afrikaly kiçijik gyzjagazyň ölmegine garaşyp otyran maslykçy guş".. Bu suraty öň görüpdiňizmi?
Portugaliýaly žurnalist Joao Silva, Ispanýaly zurnalistlar José María Luis Arenza bilen Luis Davilla we Ýopan žurnalist Akio Fujiwara bilen bilelikde Birleşen Milletler Guramasyna degişli ynsany kömek topary Günorta Sudan’a gitdiler.
BMG agzalary bir obaň ýakynynda gurulan kampda iýmit paýlamaga başladylar.
Kevin Carter bu kampyň daşyna çykdy.
Bir kilometre çenli kampdan daşlaşdy we bütin durmuşyny üýtgetjek waka bilen gabatlaşdy:
Kiçijik gyz çagajyk kampa tarap gelýärkä açlykdan ysgynsyz galypdy we edil arkasynda ölmegine garaşýan ýyrtyjy guş/maslykçy guş bardy.
Kevin Carter maslykçy guşy gorkuzup uçurmazlyk üçin 10 metre çenli ýakynlaşdy, we Surat aparatynyň düwmesine basdy.
İki hepde soňra…
Surat Amerkanyň iň meşhur metbugaty New York Times’a çykaryldy.
Surat bir gün soň dünýäniň birnäçe ýerlerinde köpçülige çykaryldy. (Gazetlarda, žurnallarda, internet ulgamynda we telewizorda)
Adamlar suratdaky kiçijik gyz çaganyň ykbalyny soramak üçin metbugat serişdeleri bilen baglanşyga geçdiler.
Sudan’a ugradylýan ynsany kömekler rekort derejä ýetdi.
Bir ýyl soňra…
Aprel 1994’de dünýäniň iň abraýly žurnalist baýragy bolan Pulitzer Baýragy Kevin Carter’a berildi.
Emma…
Baýrak alynan surat dünýäde uly bir dawa sebäp boldy. Kevin Carter suraty düşürenden soňra waka ýerinden gönümel gaýdypdyr!
Gyz çagajyga näme bolany bilinmeýärdi.
Käbiri, kömek torbasyny alan ejesiniň gelip çogany äkidenligini aýtdy.
Käbiri, gyz çagajygyň turup ýöräp kampa ýetendigini aýtdy.
Ýöne…
Dawalar hiç dynmady. Aýyplanýan kişi, Kevin Carter'di. “Men kömege giden işgär däl diňe sugratçy üstesine ýokanç keseller sebäpli hiç kime degmelidäldigimiz babatda duýduryldy” diýip interwýu berdi.
Bu interwýu aýyplamalary hasam ulaltdy.
Elbetde…
Eli bilen degmänem edip biljek kömegi bardyr gyzjagaza..
“Wagşy Paparazzisi” ýaly agyrr sözlere çydamady; ruhy saglygy üýtgedi.
Sene: 27 iýul 1994.
Kevin Carter ulagyny Johannesburg Parkmore’ne sürdi. Çagalaryň oýun oýnaýan Okuw Merkezi’ne ýerleşdirdi.
Gulagyna walkman dakdy. We… şol ýerde (ulagynyň içinde) janyna kast etdi
Yzynda şu haty gallyrdy:
“I am depressed . . . without phone . . . money for rent . . . money for child support . . . money for debts . . . money!!! … I am haunted by the vivid memories of killings and corpses and anger and pain … of starving or wounded children, of trigger-happy madmen, often police, of killer executioners…! have gone to join Ken if I am that lucky.”
“Depressiýa düşdüm… telefonsyz … kwartira üçin pul … iýmek-içmek üçin pul… bergiler üçin pul … Pul !!! Öldürmegiň, jesetleriň, gahar we azabyň, aç we ýaraly çagalaryň, köpüsi palisiýa degişli adalatsyz adamlaryň, ganhor jellatlaryň janly bakyşlaryndan dälliredim…!eger onuň ýaly şansly bolsam Ken’e goşulmaga gitdim.”
BELLIK: Ken Oosterbroek 18 Aprel 1994 de bir ýaragly atyşygy wideo düşürüp durka ölen žurnalistdir.