ay_kiz_
19.09.2022 18:14
Russiýaly kliniki psiholog Irkýam Ahmerowa adamda ýaňy başlanan göwnüçökgünligiň alamatlary barada gürrüň berdi. Hünärmeniň aýtmagyna görä, depressiýanyň ilkinji alamatlaryna işdäniň gaçmagy we sebäpsiz perwaýsyzlyk hem degişlidir.

Lukman depressiýanyň ilki döwürlerinde adamyň özüni alyp barşyndaky üýtgeşmelere ünsi çekdi, olar parhsyzlyk, dowamly howsala, uzak göwnüçökgünlik hem-de nahardan ýüz öwürmekdir.

Ahmerowanyň aýtmagyna görä, depressiýa ýagdaýy sebäpli adamyň ukusy bozulýar, beýleki adamlar bilen gepleşmekden ýüz öwürýär. Ony öň göwnüne ýaraýan güýmenjeleri gyzyklandyrmaýar. Eger şeýle alamatlar ýüze çykan halatynda haýal etmän hünärmene ýüz tutmalydyr diýip, lukman maslahat berýär.

Hünärmen depressiýa ýolugmagyň öňüni almak üçin sport bilen yzygiderli meşgullanmagy, dürli iýmit rasionyny alyp barmagy hem-de gije-gündizde sekiz sagatdan az bolmadyk rahat ukyňy almagy maslahat berýär.
14
143
ylham_1989
20 Sentýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
Archi
19 Sentýabr 2022
👏👏👏👏....
sanjar_officiall
19 Sentýabr 2022
Depressiýa sistemasy bizde biraz üýtgeşik bolup geçýä. Depressiýa düşüp ýatarsyň otagyňda Kakaň geler " tureý işleň bilen bol" diýer açylanyňy özüň bilmän galýaň😄
Relax
19 Sentýabr 2022
Köpiräk mativasýalar okaýan deprasya geljek bolsa....
gena_02
19 Sentýabr 2022
Dogry👍👍👍
butterfly
19 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👍
gulserem
19 Sentýabr 2022
Depression 😑😑
Myhman Myhman
19 Sentýabr 2022
Gowy maslahat👍🏻
wolf
19 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍bravo
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.