filolosof
19.09.2022 17:34
Gorkunç eser, okaman geçmäň.Başda gyzykly bolmaz emma yzy...

-Oglum ýene kompýuter oýnaýaňmy.
-Hawa kaka gaty gyzykly onlaýn oýunlar bar eken.
-Oguljygym azyrak oýnaý şol kompýuteri agşam boldy indi, ýatmaly wagt geldi,ertir okuwyňa-da gitmeli ýa-da men saňa bir gorkunç hekaýa aýdyp bereýin senem diňläp ýat bormy.
- Uf, bor kaka! (içinden: ýadadym-da kakamyň şu gorkunç hekaýalaryndan)
-Onda hekaýa başlaýyn!

Bir döwürler Denni diýen bir 10 ýaşly oglan bar eken olam edil seniň ýaly kompýuter oýnamany esasan hem onlaýn oýun oýnamany gowy göýärdi. Ol bir onlaýn oýny oýnaýardy, şu wagt ady ýadyma düşenok. Bu oýunda esasan öz kärhanaňy dolandyrmaly we köp kristal almalydy, bu oýunda başga nätanyş adamlar bilen gürleşip bolýardy olar öz kristallaryny satyp alyp ýa-da biri-birine sowgat hem berip bilýärdi. Bir gün Denni ýene kompýutere geçdi öz 7 aýlyk jigisiniň aglama seslerinden ýadapdy. Bir gün Denni Lambo(onlaýn lakamy) diýen kişi bilen tanyşypdy Lambo Dennä 500 kristal sowgat beripdi, bu onuň üçin örän gowy sowgatdy. Olar wagtyň geçmegi bilen üç dört aý gürrüňdeşlik edipdiler. Lambo oňa sen ýaşaýan ýeriňi aýtsaň men saňa poçtadan bir gowy sowgat ugratjak diýipdir.Denni örän begenipdir we oňa öz ýaşaýan ýerini aýdypdyr. Soňra bolsa Denni:
-Wah men näme üçin oňa öz ýaşaýan ýerimi aýtdym diýipdir, indi kakama bildirmän sowgadymy aljak bolmaly diýip içini gepledipdir.Denni öz ýatagynda (krowadynda) telefonyny oýnap başlady welin jigisiniň aglama sesleri başlady, kakasy telewizor görýärdi, ejesi hem jigisini köşeşdirýärdi. Seslerden ýadan Denni aýdym diňlenýän gulaklyk dakyp aýdym diňlemäge başlady. Aradan 2 sagat geçdi sagat agşam 1:12-di Denni gulagyndakyny aýyrdy öýde hiç hili ses ýokdy megerem olar ýatandyr menem indi arkaýyn ýataýyn diýip öz otagyndaky çyrany öçürdi we gözlerini ýumdy.
Birdenkä şşşt oglym diýen sesi eştdi
ol gözüni açdy we gapynyň agzynda kakasynyň kellesiniň çykyp oturanyny gördi, garaňkyda kakasynyň ýüzi kän görnenokdy. Denni kaka meň saňa aýtmaly bir zadym bar diýdi:
-Men, men birine öýüň salgysyny...
Kakasy:
-Şşşşt oglum men bilýän ol gelli,diýdi
welin ejesi hem kellesini çykardy.
Kakasy hawa ol geldi oglum meň, bilen ejeňem öldürdi näme üçin beýdip aýtdyň diýdi. Ol intägem bärde öýüň içinde aýlanyp ýör oglum diýip, ene-atsasy gözden gaýyp boldy, Denniniň ýüzi ak tam ýaly bolupdy. Indi Denni näme etmeli ...
Dowamy bar indiki bölüm, Final bölümidir.
16
198
Lilia_
20 Sentýabr 2022
Garasyan........ Haladym koprak goyun seyle hekaýalary
Myhman Myhman
20 Sentýabr 2022
Kim bar
Myhman Myhman
20 Sentýabr 2022
Mana diyanzmi?
Myhman Myhman
20 Sentýabr 2022
Dine siz yatmadynyz oytyan
mgm
19 Sentýabr 2022
Inni hic kime oy salgymy berjekdal 😯
wolf
19 Sentýabr 2022
Iki sany bõlummi bary
butterfly
19 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👍👍
gulserem
19 Sentýabr 2022
Hekayan icinde hekaya..gyzykly eken👍🏻☺️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.