Euronewstkm
19.09.2022 13:55
Gyzykly täzelikler...
Dubaýda Aýyň nusgasy gurulýar
2022-09-14
TM

TEHNOLOGIÝA
Dubaýda Aýyň nusgasy gurulýar
2022-09-14
Birleşen Arap Emirlikleriniň syýahatçylyk merkezi bolan Dubaý şäherinde Ýeriň emeli hemrasy bolan Aýyň ägirt uly şeklini gurmak göz öňünde tutulýar. Bu taslama şäheriň ýene-de bir özboluşly syýahatçylyk nyşanyna öwrüler.
Dubaý şäheri kosmos syýahatçylygynyň merkezine öwrülip biler. Täze taslamanyň bahasy 5 milliard dollara deňdir. Bu taslama Kanadanyň “Moon World Resorts” binagärçilik kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi.
Taslama barada doly jikme-jik maglumatlar berilmeýär. Ýöne onuň beýikligi 224 metr bolar. Onuň daş-töweregi 40 müň inedördül meýdanda hem özboluşly taslamalar göz öňünde tutulýar.
Bu syýahatçylyk merkezine her ýyl 2,5 million adamy çekmek göz öňünde tutulýar. Taslama durmuşa geçirilende diňe öňdebayrjy işläp düzmelerden we täzeçil inženerçilik tehnologiýalaryndan peýdalanmak göz öňünde tutulýar.
Aýyň nusgasy şeklindäki binada dürli kosmos agentlikleriniň wekillikleri açylar we binanyň içinde geljekki kosmonawtlary taýýarlamak üçin ýörite türgenleşik merkezleri hereket eder.
Kompaniýa bu taslamany tutuş dünýä 2023-nji ýylda tanyşdyrmagy göz öňünde tutýar, onuň gurluşygy üçin 4 ýyl gerek bolar.

Hytaýlylaryñ boýy uzalýar...
2015-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli aralykda 18-44 ýaş aralygyndaky erkekleriň we aýallaryň ortaça boýy degişlilikde 1,2 sm we 0,8 sm ýokarlanyp, 169,7 sm we 158 sm boldy. Bu barada HHR-niň saglygy goraýyş boýunça döwlet komitetiniň resmi wekili habar berýär.
Bu babatda geçirilen barlaglara görä, soňky ýyllarda hytaýlylaryň umumy saglyk ýagdaýy hem-de iýmit derejesi gowulanyp, şäher bilen oba ýerlerindäki görkezijiler babatdaky aratapawut ep-esli azalypdyr.
Ýurduň degişli edaralarynyň maglumatyna görä, sagdyn iýmitlemegiň netijesinde 6 ýaşa çenli we şondan kiçi çagalaryň arasynda boýuň uzamagynyň gijä galmagynyň derejesi 2015-nji ýylda 11,3 göterimden 2020-nji ýylda 5,8 göterime çenli azaldy.
Mundan başga-da, ilat başyna gündelik sarp edilýän duzuň möçberi hem 1,2 gram azalyp, 2020-nji ýylda 9,3 grama deň boldy.
Komitetiň maglumatlaryna laýyklykda, agramy, gan basyşy, gandaky şekeriň derejesi ýaly saglyk görkezijilerini yzygiderli ölçemek üçin ýüz tutýan adamlaryň paýynda ep-esli ösüş boldy.

Ahal welaýatynyň döwrebap merkezinde Saglyk ýoly gurlar
2022-09-19
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp, bu ýerde alnyp barylýan işler, seýisleriň, çapyksuwarlaryň zähmet we dynç alyş şertleri bilen tanyşdy.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň 10 müň orunlyk stadionyna bardy we bu ýerde gurulýan desgalaryň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary hem-de gurluşykda ulanylýan serişdeleriň hili bilen tanyşdy.
Şeýle-de bu ýerde Ahal welaýatynyň Saglyk ýolunyň geçjek ýerleriniň çyzgysy görkezildi. Halk Maslahatynyň Başlygy umumy uzynlygy 6 müň 200 metre barabar bolan Saglyk ýolunyň çägi, onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak hem-de ýoluň ugrunda ugurdaş desgalary gurmak, gök zolaklary döretmek bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.
Halan bolsañyz like basmany unutmañ hormatly okyjylar...

Alnan ýeri:Google-dan gözleg/Atavatan Turkmenistan
Surat bn bezän:Jumaýew.Daýançgeldi.
8
99
gena_02
19 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👍👍👍
Myhman Myhman
19 Sentýabr 2022
Registrasiyasyba
Myhman Myhman
19 Sentýabr 2022
gowy habar 👍
Lilia_
19 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.