abdy_dayy
19.09.2022 13:01

Watançylyk, gahrymançylyk lirikasy: Watançy şahyr Magtymgulynyň gahrymançylyk, il-ýurt, agzybirlik, birleşmek hakyndaky şygyrlary onuň döredijiligine iň görnükli orunlaryň birini eýelsýär. Bu temada Magtymguly “Türkmeniň”, “Ýeli Gürgeniň” , “Depe nedir, düz nedir”, “Öňi-ardy bilinmez”, “Döker bolduk ýaşymyz”, “Gidiji bolma”, “Gözlär men”, “Başy gerekdir”, “Mert bolmaz” ýaly birnäçe goşgular döredipdir. Magtymguly hakyky watançy hökmünde türkmen ýurduna, onuň gözel tebigatyna, baýlygyna, batyr ýigitlerine guwanypdyr.

Magtymguly dagynyk ýaşan türkmen taýpalaryny birleşdirmek bilen ýurduň özbaşdaklygyny, halkyň asuda ýaşamagyny gazanmak bolar diýen netije gelipdir. Bu ideýa şahyryň “Türkmeniň”, “Döker bolduk ýaşymyz”, “Türkmen binasy” ýaly şygyrlarynda öz beýanany tapypdyr.

Magtymgulynyň watançylyk, gahrymançylyk temada ýazan eserleri taryhy taýdan anyklygy, takyk manysy, çeper obrazlara baýlygy bilen-de tapawutlanýar.

Söýgi lirikasy: Magtymguly şahyr dostluk, söýgi temasyndan hem birtopar goşgy ýazypdyr. Bu temadan onuň «Gözel sen», «Gülzardan aýryldym», «Uýat eýleýir», «Bu derdi», «Boýlaryňa», «Durasyň geler» ýaly ençeme goşgulary bar. Magtymguly yşky-liriki temada ýazan goşgularynda öz söýgülisi Meňli bilen baglanyşykly progressiw pikirleri öňe sürýär. Şahyr aýal-gyzlary satmak, dakylmak we köp aýallylyk ýaly zyýanly dessurlara garşy durupdyr. Şu babatda şahyr gumanistik pikirleri öňe sürüpdir.

Magtymgulynyň poeziýasynyň dili we çeperçiligi: Magtymguly edebi dili halk medeniýetiniň ösmeginiň, hökmany şertleriniň biri hasaplapdyr. Ol bu işi ählihalk işi diýip düşünipdir. Magtymguly edebiýatynyň diliniň halka düşnükli bolmagy ugrunda göreşip, çeperçilik serişdelerini öz eserlerinde örän ýerlikli ulanypdyr. Onuň şygyrlarynda halka düşnüksiz pikirlere, arap-pars sözlerine seýrek duşulýar. Bu bolsa onuň goşgularynyň höwes bilen okalmagyna sebäp bolýar. Magtymguly halkyň diline daýanmak bilen, ondan dilewarlygy we sadalygy öwrenipdir. Şahyr dili ösüş we göreş guraly hökmünde ulanypdyr. Magtymguly metaforalary, kapyýalary, ulaltma ýaly çeperçilik serişdeleriniň giňden ulanylmagy, şahyryň goşgularynyň çeperçiligini we obrazlygyny artdyrypdyr.

Magtymguly, garyplaryň gözýaşy
Daglary ýandyrar, ereder daşy.

Şahyryň dörtleme formasyndaky goşgularynyň köpüsi on bir hem sekiz bogunly setirlerden ybarat. Magtymgulynyň dörtleme formasynda ýazan eserlerinde kapyýa, redif goşgynyň birinji bendinde dürli hili ulanylypdyr.

Bala sesin diňlär, asyp gulagyn, (a)
Döke-döke gözýaşynyň bulagyn, (a)
Bir jeren aldyrsa elden owlagyn (a)
Mäleý-mäleý gözlemeýen bolarmy (b).

Şahyryň bäşleme we altylama formadaky şygyrlary, esasan, 14-15 bogunly bolup, kapyýa we redif taýdan hem meňzeşdir.

Magtymgulynyň milli türkmen edebiýatyny ösdürmekdäki roly:Beýik şahyr Magtymgulynyň eserleri durmuşyň dürli-dürli taraplaryny öz içine alýar. Magtymgulynyň döredijiligini örän oňat bilýän, gündogary öwreniji E.E.Bertels ony “Jemşidiň jamy” bilen deňeşdirýär. Jemşidiň jamy ýaly, Magtymgulynyň döredijiliginden hem islän zadyňy, bilmek isleýän meseläňi tapmak bolýar. Magtymguly türkmen klassyky edebiýatyny dünýä okyjylaryna tanadan genial şahyrdyr.

Magtymguly türkmen şahyrlarynyň köpüsiniň halypasydyr. Magtymguly öz döwürdeşlerine we özünden soňky ýetişen şahyrlaryň döredijiligine uly täsir edipdir. Bu täsir, ylaýta-da Zeliliniň, serkerde şahyr Seýdiniň, Keminäniň, Mollanepesiň, Mätäjiniň döredijiliginde görünýär. Magtymguly şahyry garagalpaklaryň beýik şahyry Berdimyrat Berdak (1827-1900) hem halypasy hasaplapdyr. Ol bu barada «Yzlardym men» diýen şygrynda şeýle ýazýar:

Magtymgulyny men okap,
Sözlerini etdim togap.
Kemi barmy beriň jogap?
Şol şahyry yzlardym men.

Magtymguly we halk döredijiligi: Magtymgulynyň eserleri türkmenleriň örän baý halk döredijiligi hem-de Gündogaryň ýazuwly edebiýaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şahyryň döredijiliginiň folklor bilen baglanyşykly bolmagy onuň eserleriniň has-da gymmatyny artdyrýar. Wagt geçdigiçe, şahyryň aforizmleri halk içinde folklorlaşyp gidipdir:

Eşiden deň bolmaz, gören göz bile…

Agzalalyk agyr ile ýaraşmaz

Her ýaman söz – ýürek bular.

Gawunyň gowusyn şagal iýr diýrler

Çagyrylan ýere bar, otur-da turma,

Çagyrylmadyk ýere barma, görünme…

 

Hat-da ilat şular ýaly setirleri aýdanda, ony kimiň döredendigine gözi ýetmese-de, «Magtymguly aýdypdyr» diýýär. Beýik söz ussady Magtymgulynyň poeziýasy XIX asyryň ortalarynda Orta Aziýa, Russiýa, Ýewropa halklarynyň arasyndaky metbugatda görnüp başlaýar. Onuň eserleri köp alymlaryň, syýahatçylaryň ünsüni çekipdir. Şahyryň terjimehaly baradaky makala bilen birnäçe goşgusyny görnükli slawýan alymy we syýahatçysy Hodzko 1842-ýylda çap etdirýär. Alymlar A.Wamberi, W.W.Bartold, E.E.Bertels, L.N.Samoýlowiç, L.Klimowiç we başgalar şahyryň döredijiligine uly baha berip öwrenýärler. Türkmen edebiýatçylaryndan B.A.Garryýew, G.O.Çaryýew, B.Kerbabaýew, M.Kösäýew, Z.B.Muhammedowa dagylar Magtymgulynyň eserlerini toplamakda we çap etmekde birnäçe işleri geçirdiler. 1926, 1940, 1942-nji ýyllarda şahyryň eserler ýygyndysy çapdan çykdy. 1947-nji ýylda hudožnik A.Hajyýew Magtymgulynyň suratyny döretdi. Şahyryň ady Türkmen döwlet uniwersitetine we iň uly köçä hormatlanyp dakyldy. Aşgabatda ýerleşen şahyryň ýadygärliginiň ýanynda her ýyl poeziýa baýramçylygy geçirilýär.

* 2014-nji ýylyň maý aýynyň 18-i güni Magtymguly Pragynyň kemala gelen dogduk obasy Gerkezde medeni ýadygärlikler toplumy we Magtymguly muzeýi açyldy. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiniň 290 ýyllygy baýramçylygy hem dabaraly bellenildi.

Kitap salgylary:

“Magtymguly“. 1959-njy ýylda Baýmuhammet Garryýew tarapyndan çap edildi.

Owrenmeli programmanyn agzalaryna yetirmane hemayatkarlik eden.
Esger Nowirow
29
53
atakulyyewa_humay
13 Oktýabr 2022
❤️❤️❤️🤗🤗🤗
ideallider
13 Oktýabr 2022
Kitaplarynyň köpüsini ýakandyklaryny ýatlasam nerwim oýnaýar 😤👍
abdy_dayy
20 Sentýabr 2022
Gena, Altmyş ýaşda, nowruz güzi, luw ýyly, Turdy, ajal ýolun tusdy atamýň. Bu dünýäniň işi beýlemiş, beli, Ömrüniň tanapyn kesdi atamýň.

Sen aytyanyn su gosgymy Gena,
gena_02
19 Sentýabr 2022
Şu şahyryň Atamyň dn goşgusyny has gowy gorýän
abdy_dayy
19 Sentýabr 2022
Myhman Myhman, sagbol
Myhman Myhman
19 Sentýabr 2022
örän gowy 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.