unknown_12
19.09.2022 12:01
E.A. 8-nji bölüm.


...Meýlis jaýa sygman başlady. Ahyram birden gapy kakyldy. Baryp açanynda bir ýaş oglan:
- Salam. Men awtoulag-kompaniýadan. Siz Islamow Meýlis Bäşimmyradowiçmi?
+ Aaaa, howwa.
- Siziň zakaz eden awtoulagyňyzy getirdim. Aýdyşyňyz ýaly ine gaplanan. Mümkin bolsa şu ýere goluňyzy çekäýiň. Howwa. Ine bu ýere bolsa otpeçatkaňyz gerek. Ine dokumentleriňiz, teh paspordyňyz. Adyňyza geçenligi baradaky dokumentler. Bolýa. Sagbolyň, minnetdar. Siz bilen iş salyşmak ýakymly boldy. Hoş galyň! - diýip nätanyş adam meýlisiň öýünden daşlaşyp gitdi. Meýlis bolsa getirilen dokumentleri seljerişdirip, maşynyň ýanyna bardy. Heh. Podarka daňylyşy ýaly edilip gyzyl äpet-uly bantik maşyna daňylypdyr. Meýlis bolsa haýran galyp synlamak üçin maşynyň daşyndan aýlanyp başlady. Birden gapy açyldy. Maşynyň tw-monitorynda EA peýda boldy. EA Meýlise seredip:
- Ýeri, inni näme diýersiň? Gel barlap-gör. Seniň sossial-setlerde ýazşmalaryňdaky, isleg-aržuwlaryňy analiz edip çykaran netijäm şu!
+ Ehtiii bu meň arzuwlarymdaky maşyn ahyry. Reňki hem tapylmaýan benewşe-gök öwsýäniiiii(fioletiwy). - diýip ýuwaşlyk bilen maşyna münüp otyrdy, roluny, sidenileri sypalap gördi. Maşyn iň gymmat, tapylgysyz bolmasada Meýlis üçin üýtgeşik. Öňler taksa münmäge zar beýle gowy maşynly bolsa siziň pikiriňizçe nähili bolar!?
EA bolsa Meýlisi ýönekeý synlap dur. Belki hereketlerini begenjini özüne ýazgy edip alýandyr. Howwada. Ynsan bolsa, duýguly bolsa Meýlisiň begenjine goşulup begenerdi. Emma... Meýlis maşynyň gapysyny ýapyp, maşynyp otlapgördi. Maşynyň sesidagy käbir müň gyzyňkydan owadan. Dogurdanam huňňňň-huňňňň edip ýogyn ses hem bolsa, oglanlar ynanaýyň, şeýle maşyny käbir müň gyza çalşmazdyňyz. Gyzlar, gaty görmeşek ýok. 32 karatlyk birilýadam siz käbir milion oglana çalşmazdyňyz. Meýlis bolsa begenmekden ýaňa ýylgyryp, erni gulagyna ýetäýjek bolýar. Ol ýuwaşlyk bilen, hatda çaganyň oýnawaç maşyn sürişi ýaly emaý bilen yza-götünläp ýola çykyp sürmäge başlady. Bir-az aýlanyp şol oturýan alleýasyna bardy. Emma maşyndan düşesi gelmedi. Sebäbi geçen zady geçdi hasap etjek bolýar. Söýüşen gyzy bilen durmuş gurup bilmedi, är-aýaldäl. Ýöne şondada "Är baýlykda-gelin garyplykda tanalar" diýilen nakyla eýerýär. Pulsuz, okuwsuz, öýsüz oglan kime gerek!? Edil şu pikiri hem Meýlisiň söýgülisi kellesinde aýlapdy. Meýlisiň bu ümsümligini EA bozdy. Ol:
- Meýlis! Meniň datçiklarym, seniň gamlanýanyňy görkezýär. Hemmezat gowymy? Men seni begendirmek isledim, emma gynandyrdym. Bu halyma, siz adamlara düşünmek maňa kyn! - diýip jogaba garaşdy. Meýlis bolsa:
- Aýýokla. Pikire bataýypdyryn. - diýip ýuwmarlady. Soňra bolsa uludan dem alyp:
- EA. Inni sen meniň ýanymdan aýrylma. Bolýamy?
+ Bolýar.
- Ýogsada sen hakerlardan, antiwiruslardan gorkaňokmy? Olar seni ýok ederler öýdeňokmy? Banka baranyňda olar saňa hüjüm etmedimi?
+ Men öýden çykanymda 8.2.2.4.3.4.1.4. şifrda ýagny ähli programmany kopýalaýjy höküminde çykdym. Onsaň banka baryp olaryň antiwirusyny kopýalap, özümçe ýasadym we olaryň antiwirusyny udalit etdim. Netijede banka doly özüm gözegçilik edýärin....
- Dur-dur-dur. Seň aýdan zatlaryňdan başym çykanok. Gel şeýle gürleşeli. Eger sen howpy duýsaň, şol ýere barma. Özüň hem hemişe meň bilen kontaktda bol. Nuu özüň işleriň bilen boluber ýöne meni diňläpdur. Ine men häli nahar bişirip durkam seň bilen gürleşýärdimä. Sen hem şolarýaly hereket et. Ok!?
+ Ok!
-Heh seň gülkünç gülkiň bar. - diýip Meýlis güldi we ýene oňa garap çynlakaý:
- EA. Bu maňa edýän ýagşylyklaryň saňa zyýan salanokgerek!? Eger zyýan salsa, maňa azap etme! - diýip sorady. EA bolsa geň galyjylyk bilen:
- Men saňa düşünemok. Ýöne jogabym hiç-hili kynçylyk ýok. Eger bolsa duýduraryn. Ok!?
+ Ok! - diýip Meýlis maşynyny otlap öýlerine ýola düşdi. Ýol ugra bankomatdan pul almakçy boldy. Bankomada kartyny sokanynda bolsa hasaby ýene 999999999-dan ýaňa sanlar ekrana syganokdy. Meýlis ýuwaşlyk bilen pyşyrdap:
- EA. Muny sen etdiňmi?
+ Howwa. A nämçün biz pyşyrdaýas!? - diýip EA gygyryp göýberdi. Daş-töwerekdäki adamlaryň ählisi, birhili adamyňka meňzeş bolmadyk ses çykaran Meýlise seredişdiler. Meýlis bolsa:
- EA ýuwaş. Sen maňa görä hereket et. Ýagny men ýuwaşmy senem ýuwaş bol, men pyşyrdap gürleşýänmi senem menýaly pyşyrdap gürleş. Düşnükli?
+ Düşnükli!
- Bolýa. Ýör öýe gideli. - diýip Meýlis. Tas bir paket doly puly maşynyna oklap öýlerine ugrady. Gutarmaýan pully, betje maşynly oglanyň durmuşy inni nähili bolar, gör-bak...



8-nji bölümiň soňy.


Awtory: IDEALLIDER. Şu makalany awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerde paýlaşmak gadagan edilýär.

187
gena_02
19 Sentýabr 2022
Gaty gyzykly.👍
wolf
19 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
zolushka
19 Sentýabr 2022
Myhman Myhman,Salam. Başyny IDEALLIDERIŇ. postlaryndan okap bilersiňiz.
Myhman Myhman
19 Sentýabr 2022
Bashy yokmy mun
ylham_1989
19 Sentýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
Неизвестныйь
19 Sentýabr 2022
Gyzykly eken...Başdan okadym...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.