Ejejan men seni söýýärin jan bilen tenden
Seniň üçin geçýärin men öz söýgümden
Bir tarapda dursuň sen düňýämiň manysy
Beýleki tarapda ýürekden söýen ýigidim
Saýlamak kyn düşen ýaly birazam bolsa
Senden geçäýsem bagt gülüp bakarmy
Ýene öňki durmuşym dowam edermi
Belki maňa razy bolarsyňam ýürekden
Ýene-de galamsyn hiç içiňde öýkäň
Durmuşym bezegi manysy sensiň
Senden özgeleri gerekmez bilseň
Meň üçin ömrüňi sen bagyş eýlediň
Saýlaýsam ony gutararmy şol ömrüm
Ejejan bagyşla meni söýýärin seni
Ýöne durmuş bu öňden ýazylan bary
Allam bersin saňa uzak bagtly ömri
Şowsuzlyga uçratmasyn ýaş başymy
Ýenede diýýärin käbäm bagyşla meni
Saýlawda kösenýärin bagyşlagyn meni...