sanjar_officiall
19.09.2022 07:51
Pulun gowusy 50 manatdyr . Ne azdyr ne - de köpdür , eýesini baýam görkezmez garybam . Özüne göwni ýetýändir , ýeke - de gezip bilýar , bäş manadyňky ýaly ýanynda başgalary bolmak hökman däldir . Ondan arkaýyn bolup daşarygam çykyp bilersin , garnyňy doýurybam . Ortaça durmuşyň köp zadyna güýji ýeter , orta gatlagyň gahrymanydyr , ýigrimi manat ýaly içini yakmaz . Arkaýyn aýlanşyga girip bilýär , gaýtargysy satyja mesele döretmez yüz manat ýaly . Tapsaň begenersin , ýöne ýitirseň edil ol diyen gynanmarsyňam . Eyesini strese salmaz , jübüde " mynjyrandymy , ýyrtyldymy ? " diydirmän arkaýyn gezer . Yüz manadyňky ýaly eýesini bolşundanam beter çişirmez , kimdigini ýatladar . Garaz 50 manat pullaň içinde in pägidir we ýerliklisidir . Allajan hemmäñize 50 manat rahatlygyny bersin .
35
787
Myhman Myhman
21 Oktýabr 2022
Sanjar_ offikiall , dos müň müňden gazanmak has gowy şol 😁
Myhman Myhman
8 Oktýabr 2022
Name diyyanow jigim
Myhman Myhman
3 Oktýabr 2022
Hakyku😁👍

Hakyku😁👍
Myhman Myhman
29 Sentýabr 2022
Dogry
Rova
25 Sentýabr 2022
"ýitirseñ edil ol diýen gynanmarsyñ" xD
gulshatayewa97
22 Sentýabr 2022
Heý bulaň tapýan zadyny😂😂😂😂
Myhman Myhman
20 Sentýabr 2022
Malades
Myhman Myhman
20 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👍👍👍👍
Myhman Myhman
19 Sentýabr 2022
Dogry aýdýa saçak gezýänem toýlara 50
Dubay
19 Sentýabr 2022
Şuna onarypsyn 😎
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.