Euronewstkm
19.09.2022 00:05
Doly okañ gaty gyzykly hormatly okyjylar!...
Farapda täze lakga balyk....
Farap etrabynyň ýaşaýjysy Bahramjan Reýimow 1 gektara golaý meýdanda afrikanyň mermer lakgasyny köpeltmek bilen meşgullanýar. Olar 24 sany ýapyk howuzlarda ösdürilýän we olaryň hersinde bir tonna balyk ýetişýär.Telekeçi bu işe 2020-nji ýyldan bäri alyp barýar. Her möwsümde 2 tonna balyk söwda nokatlaryna ugradylýar. Balygyň bu görnüşiniň satuw agramyna ýetmegi, ýagny, agramynyň 1,5 kilograma ýetmegi üçin 6 aý gerek bolýar. Ol geljekde açyk howuzlary döretmegi we olarda hem balyklary köpeltmegi göz öňünde tutýar. Şeýle-de, ol balyklary daşary ýurtlara eksport etmegi maksat edinýär.
Bu barada “Jeyhun news” neşiri habar berýär.

Nar we onuň peýdasy
calendar 2022-09-15 13:21
Güýz paslynda ýetişip, gyşda saçaklarymyzy bezeýän gök önümler, datly miweler az däl. Şeýle datly miweleri boldan getirýän baglaryň biri-de nar agajydyr. Nar agajy welaýatymyzyň Magtymguly, Etrek etraplarynda gowy ýetişýär. «Gözel Sumbaryň nary» diýlip goşguda waspy ýetirilen datly miwäni ösdürip ýetişdirýän babadaýhanlarymyzyň çekýän zähmeti ýerine-de düşýär.
Narlaryň tagamy süýji, turşy, turşumtykdyr. Olar däneli, ýumşak däneli we dänesi çigitsiz görnüşinde bolýar. Welaýatymyzda däneli we ýumşak däneli narlar has giňden ýaýrandyr. Ýuka gabykly nar ýumşak däneli bolup, sowuga çydamsyz bolýar. Ony howa sowap başlanyndan sowuk urýar. Şonuň üçin ol maýyl subtropiki ýerlerde ekilýär. Dänesi çigitsiz nar welin seýrek duş gelýär.
Nar agajynyň, miwesiniň, gabygynyň, gülüniň ynsan saglygyny goramakda ähmiýeti örän ýokarydyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-enlopedik kitabynda giňişleýin maglumat berilýär.
Gabygyndan başlap, dänesine çenli peýdaly miweleriň biri hem nardyr. Onuň düzüminde peýdaly aminokislotalaryň 15 görnüşi, «C», «A», «B», «PP» witaminleri we kaliý bardyr. Nar ynsan saglygy üçin taýsyz melhemdir.
Naryň ganazlykda peýdasy örän köpdür. Ol ganyň düzümindäki gemoglobini ýokarlandyrýar. Ol gan basyşyny sazlaýar, damarlaryň daralmagynyň öňüni alýar. Nar ýatkeşligi gowulandyrýar, ünslüligi we beýniniň işjeňligini artdyrýar. Ýürek-damar ulgamynyň işini sazlaýar. Damarlaryň diwarlaryny berkidýär.
Naryň şiresi işdäni açýar we onuň düzüminde iýmit siňdiriş ulgamyna peýdaly turşulyklar bardyr. Ýöne aşgazan keseli bilen kesellän adamlar nary lukman bilen maslahatlaşyp iýmelidirler.
Nar bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar. Bogunlaryň çişmesinde agyryny ýeňilleşdirýär. Bedeniň garramagyny haýalladýar. Naryň gabygy gaýnadylyp içilende, içgeçme keseline peýdalydyr.

Üzüm saglyga peýdaly....
calendar 2022-09-15 12:27
Dürli miwedir bakja önümlerine baý bolan türkmen topragynda şu günler üzümiň bol hasyly ýetişdi. Esasna hem tomus paslynyň ahyrynda hem-de güýz paslynyň ilkinji aýlarynda üzüm köpleriň uly isleg bildirýän önümleriniň biridir.
Üzümiň dermanlyk häsiýeti gadymy döwürlerden bäri mälimdir. Ol däneli we dänesiz, gara, sary reňkde bolýar. Üzümiň göwnüçökgünlikde, nerw bozulmalarda giňden ulanylýanlygyny beýan edýär. Häzirki wagtda lukmançylykda üzüm we üzüm önümleri bilen bejeriş üstünlikli ulanylýar.
Üzüm A, В, С, E, PP witaminlere we kalsiý, fosfor, magniý, kaliý, demir, natriý maddalara hem-de glýukoza, saharoza, fruktoza örän baýdyr. Şeýle-de üzümiň düzüminde bakterisid, antioksidant, neýrostimulirleýji, gurplandyryjy, şöhlelenmä, gaýnaglama garşy täsirli we beýleki bejeriji häsiýetli birleşmeleriň 300-e golaýy saklanýar.Gadymy Ahal topragy özüniň täsin, tebigy gözelligi bilen has gadymy wagtdan bäri köpleriň ünsüni özüne çekip gelýär. Gadymy ekinleriň biri bolan köp görnüşli üzümler özleriniň ýokary hilliligi hemem tagamlylygy bilen dünýäň ýüzünde giň meşhurlyga eýe bolupdyr.
Türkmen güneşiniň çogly nury bilen ýetişýän üzümler halkymyzyň iň oňat görýän gündelik sarp edýän önümleriniň biridir. Üzüm diňe terligine iýilmän eýsem ondan dürli tagamlaram taýýarlanylýar. Üzümden ýokary hilli kişmiş, toşap, mürepbe taýýarlanylýar. Üzüm özüniň melhemlik häsiýeti bilen hem giňden belli bolan önümleriň biridir.
Onuň şiresinde adamyň kadaly ýaşamagy üçin gerek bolan mineral maddalar we mikro elementler jemlenendir. Şol sebäpli hem miwäniň bu görnüşi gadymy döwürlerden bäri lukmançylykda giňden ulanylýar. Ahal welaýatynyň çäginde üzüm ekilen meýdanlaryň möçberi ýylsaýyn artýar.
Golaýda hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkezine baryp gördi we şol ýerde Harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirliginiň üzümiň täze hasylyny ýygnamagyna ak pata bermegi ýurdumyzda üzümçiligiň ösdürilmegine berilýän uly ähmiýetiň subutnamasydyr. Bu ýerde üzümiň 10 görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Olar “kärizek”, “şaserpaý”, “taýpy”, “rowaç”, “türkmen içkimar”, “sary kişmiş”, “sagdäne”, “garrygala”, “akdäne”, “gyzyl üzüm” ýaly görnüşlerden ybaratdyr. Olaryň her biriniň ähmiýetli tarapy bolup, ýokumlylygy we süýjüligi babatda biri-birinden tapawutlanýar.
Laçyn Atamyradowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.

Karl III resmi taýdan patyşa yglan edildi...
calendar 2022-09-11 11:48
Şa zenany Ýelizaweta II ogly şazada Çarlz Karl III ady bilen Beýik Britaniýanyň täze patyşasy hökmünde resmi taýdan yglan edildi.
Karl III Beýik Britaniýanyň tagt mirasçylygy geňeşi tarapyndan patyşa yglan edildi we Karl III kasam kabul ediş hatyna gol çekdi.
Beýik Britaniýanyň birnäçe ýokary derejeli şahslary, şazada Uilýam, şa aýaly-konsort, tagt mirasçylygy geňeşiniň ýolbaşysy lord Penni Mordont, Kenterber arhiepiskopy Karl III patyşa yglan edilmegi hakynda resmi hata goluny goýdular.
Bukingem köşgüniň 8-nji sentýabrda 70 ýyl ýurdy dolandyran Ýelizaweta II aradan çykandygyny mälim etdi. Şondan soňra şazada Çarlz patyşa bolup, Karl III adyny aldy. Onuň aýaly Kamilla bolsa şa aýaly-konsort derejesine eýe boldy.
Beýik Britaniýanyň patyşasy Karl III (Charles III) resmi ady Çalrz Filip Artur Jorj bolup, ol 1948-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Londonda dünýä inýär. Ol Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II (1926-2022) we Edinburg gersogy Filippiň (1921-2021) uly ogludyr.
Patyşa Karl III birinji aýaly şazada aýaly Dianadan 2 ogly bar. Olar şazada Uilýam we şazada Garri. Şazada aýaly Diana 1997-nji ýylda aradan çykýar.
Patyşa Karl III 2005-nji ýylda häzirki aýaly häzirki şa aýaly Kamilla bilen durmuş gurýar.
Patyşa Karl III 5 sany agtygy bar.
5
78
SerdarMyradov
19 Sentýabr 2022
🌼sere,okadym jigim okadym!🐧
gulserem
19 Sentýabr 2022
Jogap bermediniz wn gowsy okayyn diydiniz oytyan😁😁
SerdarMyradov
19 Sentýabr 2022
🌼sere,hawa okadym
gulserem
19 Sentýabr 2022
SerdarMyradov,doly okadynyzmy agam
SerdarMyradov
19 Sentýabr 2022
mlds🐧
gulserem
19 Sentýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻☺️
mgm
19 Sentýabr 2022
👍👍👍...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.