Euronewstkm
18.09.2022 22:08
2022/2023- täze gyzykly maglumatlar.....
Telegrammada täze üýtgeşmeler girizildi...
«Telegram» messenjerine köp sanly täze funksiýalary getiren 9.0 wersiýasy işläp başlady. Täze wersiýasynda indi «Google» hem-de «Apple» akkauntlary arkaly hem hasap açylar.
Iň uly özgertme messenjerdäki awtorizasiýa, ýagny hasaba alma ulgamyna täsir etdi. Onda, meselem, tassyklaýyş kodlaryny diňe bir SMS arkaly däl-de, elektron poçta bilen hem almak mümkin. Bulardan başga-da, indi messenjere «Google» hasabyňyz we «Apple» identifikatoryňyz bilen girip bolýar.
Şeýle hem «Telegramda» «@username-den» başga-da, «t.me/username» we «username.t.me-den» hem peýdalanmagyňyz mümkin.
9.0 wersiýasynda görnüş we stil özgerişleri ýokdur.


Astranoitler ýere meňzeş 2-sany planeta tapdylar...

Alymlar Gyzyl Karligiň, ýagny sowuk, kiçi hem-de körek ýyldyzyň daşyndan aýlanýan Ýere meňzeş planetalaryň ikisini tapdylar.
Tapylan planetalar «biziň öýümizden» agyr, Neptun planetasyndan bolsa ýeňildir. Onuň esasy gaty daşly jisimden ybaratdyr. Şeýle häsiýetli planetalarda ýaşaýşy tapmagyň ähtimallygy ýokary hasaplanýar. Birmingem uniwersitetiniň alymlarynyň tapan planetalary «LP 890-9» belgili ýyldyzyň daşyndan aýlanýar.
«LP 890-9b» belgilenen planetanyň göwrümi Ýeriňkiden 30 göterim uly hasaplanýar. Ol öz ýyldyzynyň daşyndan 2,7 günde aýlanýar. Planetany «NASA TESS» teleskobynyň üsti bilen tapdylar.Ýyldyzyň daşyndan aýlanýan ikinji «LP 890-9c» belgilenen planetany bolsa körek ýyldyzlary synlamak üçin döredilen «SPECULOOS» teleskobynyň üsti bilen tapdylar. Bu planeta ýyldyzynyň daşyndan 8,5 günde bir gezek aýlanýar. Alymlar iki planetanyň düzümini we öz ýyldyzyndan aradaşlygyny öwrenip, olarda janly organizmleriň kemala gelmegine amatly şertleriň bardygyny belleýärler.
Aýyň garaňky tarapynyň takyk suratlary düşürildi.

Köne suratlary täze dikeltýän käbir mümkinçilikler...
Suratlar ynsan ömrüniň bellibir döwrüni, bagtly pursatlaryny hemişelik saklaýan ýadygärliklerdir. Wagtyň geçmegi bilen, çap edilen suratlar hem zaýalanmak, zeperlenmek bilen bolýar. Olary indi döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen düzedip, arassalap bolýar. Internet ulgamynda şeýle programmalaryň birnäçesi işleýär.

Şolaryň esasylary hökmünde şu aşakdakylar öňe çykýar:

Retouch Pilot Lite;

AKVIS Retoucher;

Baseten;

ФотоВинтаж;

ФотоМастер.

Bu programmalar «GFP-GAN» neýroulgamy arkaly suratlara täze ömür bagyşlaýar. Bu programmany ulanmak üçin kadaly düşmedik elektron suraty ýa-da zaýalanan kagyz suratyň skanirlenen nusgasy ýeterlikdir. Smartfondan ýa-da kompýuterden internet arkaly işlenmeli elektron surat programma ýüklenýär hem-de köne suratlara täze ömür bagyşlanýar.
Alnan ýeri:Salamnews
Suraty bezäp taýýarlan:Jumaýew.Daýançgeldi.
9
148
Euronewstkm
19 Sentýabr 2022
🌼sere,bagslan blmk🤷🙍
gulserem
19 Sentýabr 2022
10 na bardy oytyan planetalar🤔🤔
Euronewstkm
18 Sentýabr 2022
M.G.M.,1zatlar yazayynda gelmedi wln
mgm
18 Sentýabr 2022
Euronewstkm,etdim
Euronewstkm
18 Sentýabr 2022
@Jumayevofficial diyp dob eday icqdan
mgm
18 Sentýabr 2022
Euronewstkm,imo giremoga dine icq giryan
mgm
18 Sentýabr 2022
Euronewstkm, Menem sat 😏
mgm
18 Sentýabr 2022
Euronewstkm, Maysa,08,Marly siz?
Euronewstkm
18 Sentýabr 2022
M.G.M.,adynyz name nacinji yyl nireli siz?
mgm
18 Sentýabr 2022


Euronewstkm, Bolup biler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.