Euronewstkm
18.09.2022 21:13
2022-2023 gyzykly maglumatlar we täzelikler okaň we lezzet alyn hormatly okyjylar...
Täze ios 16-da stikerleriñizi taýýarlamaga mümkinçilik döredildi.
«iOS» operasion ulgamynyň ýakynda tanyşdyrylan 16-njy neslinde müşderiler stikerlerini döredip bilerler. Onuň üçin telefondaky suratlary peýdalanmak mümkin.

Stiker döretmek üçin telefondaky suratlaryň birini basyp saklamaly hem-de onuň bir bölegini kesip almaly. Smartfon bellän ýeriňizi kesip, stiker ýasanyndan soňra, ony dürli programmalarda peýdalanyp bilersiňiz.
Stikerleri smartfondaky belliklerde hem ýerleşdirip bilersiňiz.


Türkmenistanda daşary ýurtlaryň awtoulaglarynyň eýelerinden alynýan töleglerini möçberine üýtgetmeler girizildi...
«Türkmenistanyň gümrük serhedinde döwlet edaralarynyň işini tertipleşdirmek we daşary ýurt döwletleriniň awtoulag serişdeleriniň eýelerinden alynýan ýygymlaryň hem-de tölegleriň ýeke-täk möçberlerini bellemek hakynda» Karara üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.
14-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen bu Karar şu ýylyň 1-nji oktýabryndan herekete girýär.

Türkiýa döwletine gitmek üçin wiza kartany nirede açdyryp bolarka diýip köp adamlaryň soraglaryna jogap...
Türkmenistandan Türkiýä ýeňillikli wiza düzgüniniň ýatyrylmagy bilen, Aşgabat şäherinde «Gateway International» atly ýörite wiza düzgünleşdirilýän merkez açyldy. Bu barada Türkmenistandaky türk ilçihanasy habar berýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň 2022-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda gol çeken №6034 belgili Karary bilen, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanyň raýatlary üçin öň girizilen 30 günden köp bolmadyk möhletli wizasyz Türkiýä syýahat edip bilmek düzgüni ýatyryldy. Bu Karar türk döwletiniň resmi gazetinde çap edildi.

Türkiýä wiza resminamalaryny resmileşdirmek işini alyp barýan «Gateway Management» kompaniýasy 2002-nji ýylda döredildi. 2016-njy ýyldan bäri öz işini has-da giňelden kompaniýa Türkiýäniň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň wiza resmileşdirmek işini alyp barýar. «Gateway Management» kompaniýasynyň BAE, Alžir, Hindistan, Yrak, Kuweýt, Liwiýa, Nepal, Saud Arabystany ýaly ýurtlardaky wiza merkezlerinde daşary ýurt raýatlarynyň Türkiýä barmaklary üçin wizalar resmileşdirilýär. Bu merkezler tarapyndan daşary ýurt raýatlarynyň Türkiýä barmaklary üçin wizalaryň islendik görnüşini resmileşdirmek işleri alnyp barylýar.

Türkiýä barmak üçin wiza görnüşleri we düzgünleri barada giňişleýin maglumaty Aşgabatdaky wiza merkeziniň web-saýtyndan almak bolar. Aşgabatdaky «Gateway International» wiza merkezi 2127-nji köçäniň (Garry Kuliýew köçesi) 88-nji jaýynda ýerleşýär.

Altynyň bikanun gazylyp alynmagy Kolumbiýanyň ekologiýasyny weýran edýär...
Kolumbiýa tarapyndan eksport edilýän altynyň 85 göterimi kanuny däl ýollar bilen alnan önümdir. Bu gymmatly metalyň kanuna garşy hereketler esasynda gazylyp alynmagy ýurduň çägindäki derýalaryň suwuny zäherleýär, tokaýdyr ekoulgamlary ýok edýär. Maglumatlara görä, bu ýagdaý sebäpli her günde, takmynan, 500 gektar tokaý weýran edilýär.

«iPhone 14» ele alynmanka, «iPhone 15 Ultra» baradaky çaklamalar...
Meşhur «Apple» kompaniýasynyň «iPhone 14» smartfonlarynyň tanyşdyrylyşy golaýda geçirildi. Muňa garamazdan, seljerijilerdir insaýderler 2023-nji ýylyň täze modelleri baradaky maglumatlary hem paýlaşyp başladylar. Kompaniýa özüniň «Pro» modelleriniň adyna üýtgeşme girizip, «Pro Max-yň» ýerine «iPhone 15 Ultra» modelini önümçilige goýberer.

Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkiýäniň çägine girmekleri üçin öň girizilen ýeňillikli wiza düzgüni ýatyrylýar.
«Atavatan-Türkmenistan» halkara žurnalynyň habar bermegine görä, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň 2022-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda gol çeken №6034 belgili Karary bilen, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanyň raýatlary üçin öň girizilen 30 günden köp bolmadyk möhletde wizasyz Türkiýä syýahat edip bilmek düzgüni ýatyryldy. Bu Karar Türkiýäniň kanunçylyk namalarynyň neşir edilýän «Resmi Gazetinde» şu günki — 14-nji sentýabrdaky 31953 belgili sanynda neşir edildi.

Mundan ozal, Türkiýe Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň 2007-nji ýylyň 19-njy iýulyndaky №2007/12441 belgili Karary bilen 30 günden geçmeýän möhletde syýahatçylyk maksady bilen Türkiýä gelýän Türkmenistanyň raýatlaryndan wiza talap edilmeýärdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkiýe Respublikasynda bolmaklary bilen bagly düzgünleri kämilleşdirmek we ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen, türkmen tarapy Türkiýe Respublikasynyň döwletine Türkmenistanyň raýatlary üçin wagtlaýyn esasda dürli görnüşli wiza düzgüniniň girizilmegi barada ýüzlendi.

Türkmenistanyň Futboll federasiýasynyň FIFA-nyň prezidenti bilen duşuşdy...
9-njy sentýabrda Katar Döwletiniň Doha şäherinde Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Arslan Aýnazarow FIFA-nyň prezidenti Jianni Infantino bilen duşuşdy. Bu barada FIFA-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň barşynda 2022-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Katarda başlanjak futbol boýunça dünýä çempionaty bilen bir hatarda, Türkmenistanda futboly ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de pandemiýadan soňky döwürde futboly ösdürmek barada pikir alşyldy.

— Bu meniň federasiýanyň ýolbaşçysy hökmünde Jianni Infantino bilen ilkinji duşuşygym. FIFA-nyň bizi hemişe goldaýandygyny we munuň üçin hoşallygymyzy bellemek isleýärin — diýip, Arslan Aýnazarow duşuşykdan soň gürrüň berdi.

Ýurdumyzda harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýyllyk 8-aýynda alnyp barlan işleriniň netijeleri jemlendi
Şu gün — 8-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň 8 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, ýakyn geljek üçin möhüm wezipeler, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek hem-de olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Mejlisde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler barada hasabat berdiler, şol sanda eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary we ýöriteleşdirilen harby mekeplerine giriş synaglarynyň üstünlikli geçirilendigi barada habar berildi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy «Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda» Karara gol çekdi.

Döwlet Baştutany «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň ähmiýetini belläp, göz öňünde tutulan çäreleriň älisiniň talabalaýyk geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp barýandygyny belledi.

— Şoňa görä-de, biziň şu maksatlara esaslanyp kabul eden Harby doktrinamyz goranyş häsiýetine eýedir. Biz bu Doktrinanyň talaplaryna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümini mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdireris. Ýurdumyzyň goranmak ukybyny has-da berkideris — diýip, döwlet Baştutany belledi.

Şeýle-de mejlisde Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş we gulluk-iş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, serkerdeleriň netijeli gulluk etmekleri üçin giň mümkinçilikleri döretmek boýunça-da uly işleriň durmuşa geçirilmeginiň dowam etdiriljekdigine aýratyn üns çekildi.

Maglumatlaryň alnan ýeri:Salam news programmasyndan.
Surat bn bezän:Jumaýew.Daýançgeldi.
6
119
Euronewstkm
19 Sentýabr 2022
Dogry👍👍👍👍👍
Euronewstkm
19 Sentýabr 2022
Shamko,iphone bn redmi gowmyka diyyan telefonlan gowsy
gulserem
19 Sentýabr 2022
Gowy maglumat👍🏻
Euronewstkm
18 Sentýabr 2022
GoLd,hää bolýa bolýa düşündim minnetdar☺️
butterfly
18 Sentýabr 2022
GoLd,beresiniz gelse berilya welin borda
Euronewstkm
18 Sentýabr 2022
GoLd,sagboluň köp köp taňryýalkasyn.günde 3post hemme adamlar paýlaşyp bilýarmikä?
butterfly
18 Sentýabr 2022
GoLd,salam Tylla men derejami berip bilenizokmy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.