abdy_dayy
18.09.2022 09:28
Şahyryň döredijiligi dürli temalarda bolan köp sanly şygyrlardan we poemalardan ybaratdyr. Onuň öz golýazmalary bize gelip ýetmändir. Magtymguly köp şygyrlaryny Pyragy lakamy bilen düzüpdir. Onuň döredijiligi XVIII asyr türkmen durmuşyny öwrenmäge örän köp material berýär. Magtymgulynyň şygyrlary, esasan, watançylyk, gahrymançylyk, öwüt-nesihat, sotsial-deňsizlik, yşky-liriki, dostluk barada gumanistik ideýalary öňe sürýär.

Durmuşy goşgulary:  Beýik akyldar Magtymgulynyň döredijiliginde durmuşy goşgular esasy orunlaryň birini eýeleýär, Ol çilim çekmek, nas atmak, ogurlyk, nähak gan dökmek ýaly pis häsiýetlere garşy göreş alyp barypdyr. Özüniň goşgularynda (“Kyly-kal bolar”, “Düýşüne degmez”, “Çilimkeş”, “Nas atan”) olary rehimsiz ýazgarypdyr. Şol göreşde çeper dili ýarag hökmünde ulanypdyr. Magtymguly ýaman häsiýetleri ýazgarmak bilen erbetlikleri dini düşünjeleriň üsti bilen tertibe salmaga synanyşypdyr. Magtymguly ýaramaz häsiýetlere garşy göreşmek temasyny edebiýatda giň möçberde işlän we propagandirlän şahyrdyr.

Öwut-nesihat häsiýetli goşgulary: Şahyryň döredijiliginde adamlarda oňat häsiýetleri terbiýelemekde uly orny öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlar tutýar. Bu temadan Magtymguly “Janyna degmez”, “Durasyň geler”, “Ýör biläni”, “Il ýagşy”, “Zor bolar”, “Bolar sen”, “Aýrylma” ýaly onlarça şygyr ýazypdyr. Şahyr bu goşgularynda döwürdeşlerine asylly terbiýe bermek, olaryň mert, ar-namysly bolmaklaryny nesihat edip, binamys, namartlary ýaňsa alypdyr. Şahyr oňat häsiýetleri ündände, ýaramaz häsiýetleri ýazgaranda, wagyz-nesihat etmek tärinden peýdalanýar. Magtymguly oňat-gylyk häsiýetler adamyň bezegi diýip düşünipdir.

Sosial-deňsizlik temasy: Magtymgulynyň döredijiliginde sosial-deňsizlik meselesi düýpli işlenen temalaryň biridir. Onuň bu temada ýazan eserlerine “Salar guşun aňlamaz”, “Gaça başlady”, “Ötüp baradyr”, “Ýat bolar”, “Il gözlär”, “Käre döndi”, “Golda bary bolmasa”, “Ajap eýýam gelmedi” ýaly şygyrlar degişlidir.
25
47
abdy_dayy
18 Sentýabr 2022
🌼sere,dogrydanam cat yapyldymyka indi
gulserem
18 Sentýabr 2022
Gormedima M.G.M.,
mgm
18 Sentýabr 2022
🌼sere,goren bolsan yany yazdym name dp giryanimi tapay meni ozin menkide cykanoga
gulserem
18 Sentýabr 2022
M.G.M.,meni gozledip tap yaz onsan
wolf
18 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
butterfly
18 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👍👍
mgm
18 Sentýabr 2022
🌼sere,Gowmy Gulsere icq gecdi wn men seni nadip db etmeli
gulserem
18 Sentýabr 2022
Cat acylanokmyka?😑😑😑
ideallider
18 Sentýabr 2022
"Iýen aşyň awy bolar nas-atan"👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.