Hormatly agzalar:
-Bu bolan wakany siz bilen paýlaşmak isledim.Birugsat paýlaşmagynyzy sizden hayyşt etyarin.
Okañ Lezzet alyñ!!!
"Sülçi Soltanowyñ ikinji gezek oýlenişi"
1-nji bölüm.
Ine, indi bir hepdäniň içidir, onuň kelle döwüp oturyşy. Hernäçe pikir
öwürse-de, kelebiň ujy tapylyberenokdy. «Näme etmeli? Nämeden başlamaly?» diýen
sowallar onuň beýnisini edil gurçuk kimin iýýärdi.
Içeri işler bölüminde oňa
uly ynam edildi. Uly başlygyň hut özi onuň arkasyna kakyp, haýyş etdi.
Başlygyňam bu iş baradaky aladasy çökder bolmaly. Zol-zol uludan demini
alýardy, gaýga gidýärdi.
—Gaýrat et, soltanow! Sen biziň ýalňyz umydymyz!
«Iň uly başlygyň şeý diýip durka, nädip buýrulan işden ýüz öwürjek!
Özüňi gereksireden bolup, arkan gaýyşmak uslyp dälmidir?!» diýip, sülçi Garaş
soltanow alyn saçlaryny penjeläp, hyrçyny dişläp durşuna, äpişgeden gök öwsüp
ugran baglara nazaryny dikip, oýlanmagyny dowam etdirýärdi. Ýöne her näçe
oýlansa-da, nämeden başlajagyny bilenokdy.
Ol baglara seredip ýadansoň, yzyna öwrülip, özüni oturgyja goýberdi.
Haşlap, uludan dem aldy. Öňünde ýatan «Delonyň» ýüzüne nazaryny dikip, eýýäm
telim sapar okan ýazgylaryny gözden geçirdi. «Jenaýat iş nomeri» diýip,
ýazgylary hetjikläp okady. «Jemile Dawudowanyň jenaýat işi...»
Daşyndaky ýazgylary bölüp-biçip, okap bolansoň, jenaýat işi baradaky
«Delonyň» gatlaryny agdaryşdyrmaga durdy. Ilkinji sahypalarda ýerleşdirilen
suratlary synlady. Öň näçe synlanam
bolsa, gyzyň «Delodaky» suratyndan misli jadylanan dek, gözlerini aýryp
bilmedi. Gyzyň ýüz keşbi hut elde çekilen ýalydy. Onuň ýaly owadan gyzy sülçi
Garaş soltanow şu ömrüne heniz görmändi. Ýogsa ýaşy-da kyrka golaýlap ýördi. Bu
ýaşa çenli geçilen menzil, göterilen ýük, sataşylan adamlar az däldi.
Owadan-owadan zenanlara-da sataşylypdy. Ýöne bu jenaýat işine sebäpkär gyz ýaly
näzenini sülçi Garaş soltanow hiç bir ýerde görmändi. Henizem gyz surata hut
özi ýaly owadan düşmändi. Onuň özüni ilkinji sapar görende, sülçi Garaş
soltanow misli demi tutulan dek, gepläbem bilmändi. Dili doňana döndi. Diňe
gyza seredip-seredip, soňam kameradan çykyp gaýdyberipdi. Häzir ol gyzyň ýanyna
ýene gitmelidi. Ýa-da onuň özüni şu ýere getirtmelidi. Bu zatlar ýadyna
düşende, sülçi Garaş soltanowyň ýüregi misli ýarasyndan basylýan dek,
jigläp-jigläp gidýärdi. Ýok sülçi gyza aşyk bolmandy. Nädip aşyk bolsun!
Birinjiden-ä, gyz ýaňyja on dokuz ýaşynyň içinde, sülçi soltanow bolsa eýýäm
kyrkyň ökjesini basjak bolup ýör. Ol öz gyzy ýaly ýaş maşgalany söýüp bolar öýdüp,
ýatsa-tursa, pikir öwürýän adam däl. Ikinjidenem, Garaş soltanow-a sülçi.
Onda-da şöhraty eýýäm etrabyň çägine dolan, ençeme sylag-hormata eýe bolan
sülçi. Eýýäm ençe gün bäri etrabyň içeri işler bölüminiň iş gozgamagy boýunça
gözenegiň aňyrsynda saklanýan Jemile Dawudowa bolsa, jenaýatkär. Onsoň, heý
Garaş soltanow özi hakda: «Sülçi soltanow jenaýatkäre aşyk bolupdyr» diýen
habaryň döremegini islärmi?! «Hudaý saklasyn!» diýip, bu zatlar ýadyna düşende,
sülçi Garaş soltanow ör-gökden gelip, pikir öwürdi. «Bir kemim şoldy!».
Günälenýän
Jemile Dawudowa hakda ýatlanda, sülçi soltanow iki eli bilen kellesini tutup,
başyny ýaýkaberýär. Ol owadan, melek ýaly gyzjagaz iki adamynyň janyna kast
edipdir. Şol jebir çekenleriň birem sülçi soltanowyň şägirdi. Merkezde bilim
alyp gelen oglan. «Ýaňyja işe başlapdy, bende» diýip sülçi soltanow ýene
hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady. Soň nazaryny Jemile Dawudowanyň gapdalynda
goýlan suratda egledi. «Şirmyrat!» diýip pyşyrdady. «Adyňa görä bolmadyň-a sen.
Sen nähili daýawjadyň! Göreşmeli bolaňda hiç kesden pes oturmazdyň-a. Şol
batyrlygyň bilen mitrik ýaly, çepiksije gyzdan asgyn gelipsiň. Oňa janyňy
aldyrypsyň».
Soňra sülçi soltanow ýene «Delonyň» sahypasyny agdaryp, onuň beýleki
tarapynda ýerleşdirilen surata seretdi. Bu synlaýan suratdaky ýigit hem
kiçi-girim pyýada däldi. «Bu ýigidem-ä ejiz zat däl» diýip, öňem ençe sapar
beýnisinde aýlan pikirine sülçi soltanow ýene dolandy. «Nädip çöp ýaly gyza
özüni öldürtdikä?»
Sülçi soltanowy öň hiç bir waka haýran galdyrmaýardy. Јhli
zady durmuşyň bir hadysasy diýip kabul edýärdi. Ýöne bu gezek özüne ynanylan
jenaýat işi ony aldym-berdime salýardy. «Eý, Hudaý-eý!» diýip, ol her gezek
«Delony» gözden geçiren halaty gaýtalaýardy.
Geň galmaz ýalam däldi. Sülçi soltanowyň öňünde ýatan jenaýat işiniň
döremeginiň sebäpkäri Jemile Dawudowa bar bolan maglumatlara görä, iki gezek
durmuşa çykypdyr. Ýöne oňa öýlenen ýigitleriň ikisem toý gijesi öldürilipdir.
Şaýadam ýok, fakt-da. Iki sany garry-ha eýýäm nije gündür, içeri işler
bölüminiň öňünde: «Gyzymyzda ýazyk ýok, ony goýberiň» diýip, uwlap otyr. Gyz
bolsa, dymýar. «Men günäkär däl» diýen sözden başga sözem aýdanok.
«Bu bolan zatlar üçin seniň-ä özüň günäkär, jigi!» diýip, sülçi Garaş
soltanow «Delonyň» sahypasyny ýene yzyna açyp, öz şägirdi Şirmyrat Myradowyň
suratynda nazarlaryny egledi-de, pikir öwürdi. «Gitdiň-de, jenaýatkäri söen
bolduň. Ile aýtman, oňa öýlenjek bolduň. Ine-de, söýgiň üçin alan almytyň!
Juwan ýaşyňda gitdiň bakyýete».
Hawa, şeýle boldy. Bir gün içeri işler bölümine dat-perýat edip, bir
naçar ene bilen garry ata başy açyk, aýagy ýalaňaç ylgap geldi. Agşam toý
tutandyklaryny, ýöne ol gijeden ogullarynyň öli çykandygyny olar zordan
düşündirdiler.
Garrylar aglaşyp duransoň, şol wagt başga hiç zady anyklap bolmandy. Işe
milisiýa goşulmaly boldy. Sülçi Garaş soltanow şol wagt uly jenaýat işi bilen
meşguldy. Şol sebäpli, peýda bolan waka bilen meşgullanmak sülçi soltanowyň
şägirdi Şirmyrat Myradowa tabşyryldy.
Garry ene-atanyň arzasy bilen jenaýat işi gozgaldy. Jenaýat işiniň
«Delosy» döredildi. Şirmyrat toý ýerine gidip, jebir çekeniň suratyny aldyrdy.
Şirmyradyň «Deloda» galdyran ýazgylaryna görä, durmuşa çykan gyz bolan Jemile
Dawudowany öýlenýän ýigidiň hossarlary toý gününiň daňdany urup-urup, öýüne
kowupdyrlar.
Jebir çekeni ekspertiza barlagyndan geçirenlerinden soň, Şirmyrat
halypasy soltanowa: «Işi ýapaly, bu ýerde hiç hili jenaýatkärçilik ýok» diýip,
ýalbaryp ugrady. Sebäbi ekspertizanyň görkezmegine görä, ýigidiň ýüregi ýarylyp
ölüpdir.
—Bu ýerde gyzyň näme günäsi bar!—diýip, Şirmyrat özelenipler ýalbarypdy.
Şeýle bir ýalbarypdy welin, Garaş soltanow henize çenli özüne beýle ýalbaran
adamy görmändi. Şirmyrat Myradow ellerini owkalap, ýöne onuň yzyna düşüp ýördi.
Oturmaga-da goýanokdy, turmaga-da.
«Indi, görüp otursam, sen şol wagt ol gyza aşyk bolan ekeniň, Şirmyrat!»
diýip, sülçi soltanow suratdan özüne ýylgyryp bakyp oturan şägirdi bilen
hyýalynda gepleşdi. «Iň bolman, oňa öýlenjegiňi bize bir duýdurmaly ekeniň. Biz
saňa beýtmäge ýol bermezdig-ä!».
Sülçi
soltanow gynansa-da, şägirdiniň ykbaly şeýle bolupdy. Şirmyrat eýtdi-beýtdi,
«Toý tutan ýigidiň ýüregi ýarylyp ölüpdir» diýip, jenaýat işini önümçilikden
ýatyrtdy. Soň onuň edip ýören işini kim bilsin! Daşyndan syn edeniňde, ol öz
işi-aladasy bilen bolup ýördi. Buýrulan işi edýärdi. Hiç kime hiç zat
aýtmaýardy. Diňe ýekeje gezek halypasynyň ýanynda öýlenýän ýigidiň ölmeginde
günäkärlenýän Jemile Dawudowanyň juda görmegeý gyzdygyny agzapdy. Jemile
Dawudowa öýlenýänini bolsa halypasyndan-da, öz ene-atasyndan-da gizläpdi. Şirmyradyň
şeýtmesi hem sülçi soltanowy geň galdyrdy. «Näme üçin beýtdikä?» diýip, hernäçe
oýlansa-da, sülçi soltanow pikir ýumagynyň uşlybyny tapyp bilmedi. Bu ýerde bir
sebäbiň bardygy welin, düşnüklidi. «Eger sebäp bolmasa, öýlenersiň-de,
eneň-ataňa duýdurmazmyň!» diýip, sülçi soltanow içinden öz pikirlerini
makullady. Bar gaharyny suratdan çykarjak bolýan dek, günäkärlenýän Jemile
Dawudowanyň suratynyň üstünden ýumrugyny inderip goýberdi. Soňam dişleriniň
arasyndan syzdyryp, gahar bilen pyşyrdady: «Men entek ähli zadyň sebäbini sen
gyzjagaza aýtdyraryn! Ahli zadyň!».
Şirmyradyň ölümi boýunça-da ekspertiza şol bir görkezmäni berdi: «Ýüregi
ýarylypdyr!»
«Beh» edip, sülçi soltanow ekspertiza ynam etmän, gaharly seslendi.
Göwnüne çiglik gidip, ekspertiza til kakdy. Şirmyrat Myradowyň ölümi bilen
bagly berlen netijä ynam etmeýändigini duýdurdy.
—Nije ýylyň içi ahyry ikimiziň bile işleşip gelýänimize. Biz ýat adamlar
däl-ä!—diýip, ekspert gelin trubkada gaty görýändigini mese-mälim duýduryp
gepledi.—Şu çaka çenli-hä meniň seni aldan ýerim ýokdy. Ala-böle, bu gezek men
näme üçin ýalan sözläýin!
Gaharyna ekspert gelniňem göwnüne degenini sülçi soltanow diňe gelniň
öýkeli sesinden soň aňdy.
—Bagyşla! — diýdi-de, trubkany ýerinde goýdy.
«Delony» ýapyp, ýene kabinetinde eýläk-beýläk gezmeledi. Soň ilkinji
ýogalan ýigidiň hossarlary bilen hut özi gidip, gürleşip görmegi niýet edindi.
Ýene «Delony» açyp, olaryň adresini gördi. Çakylyk hatyny ibermekçi boldy. Soň
goýbolsun etdi. «Wakanyň bolan ýerine-de syn edeýin» diýip, içini gepletdi-de,
jebir çeken ýigidiň öýlerine tarap ýola düşdi.
Ýogalan ýigidiň hossarlary kän eken. Howluda gaýda-gaýmalaşyk ýetikdi.
Çagalar jagylda-juguldy. Içeri işler bölümine arz edip, aglap gelen garry
är-aýaly sülçi soltanow derrew tanady. Garry goja-ha pil sapy bejerip otyrdy.
Garry aýal bolsa, howludaky üzüm dalbarynyň aşagyna atylan keçäniň üstünde
agtyklarydyr gelinleri bilen çaý içýärdi.
—Salawmaleýkim!—diýip, sülçi soltanow bürünç reňk çalnan derwezeden
ätländen salam berdi.—Şalarowlaryň öýümi şü?
Goltugy gara papkaly sülçä hemmeler üşerilişip seretdiler. Garrylar onuň
salamyny aldylar. Gelinler ýygrylyşdylar.
—Geleweri—diýip, garry goja elindäki pil sapyny goýup, ýerinden
galdy.—Edil özüdir. Gel, geçiber!
—Geçip oturjak däl, men işli—diýdi-de, sülçi soltanow özüniň näme maksat
bilen gelenini aýtdy. —Men sülçi. Ýadyňyzda bolsa, siz öňräk arz edip
barypdyňyz... bölüme...Ogluňyz üçin......
#bolanwaka #hekaýa #1njibölüm