ay_kiz_
17.09.2022 20:17
Üns berýän bolsaňyz, multfilm gahrymanlarynyň köpüsi sary reňkdedir. Meselem, Simpsonlar, Minionlar, Gubka Bob, Batters, Winni Puh… Bu näme üçin beýle? Munuň hikmeti nämede?

Birinjiden, sary reňkde teswirlenen bu gahrymanlar gök asmanyň ýa-da suwuň fonunda gowy şekillenýär. Sary reňki tapawutlandyrmak kyn düşmeýär. Muny reňkleriň nazaryýeti bilen düşündirmek bolar. Emma telewideniýe nukdaýnazaryndan welin, sary bilen gök reňk biri-birine garşydaş hasaplanýar.

Halkara Channel Frederator torunyň wekili Jeýkob Atkinsonyň pikirine görä, köp multfilmlerde wakalaryň asman fonunda görkezilişi hasaba alynsa, sary we gök reňkleriniň birleşmesi iň ýagty reňkleriň jübütligini emele getirýär.Ikinjiden, reňkleriň hem psihologiýasy bar. Bilseňiz, sary reňki gowy görýän adamlary köpçülikde tapawutlandyrmak aňsat bolýar. Ol döredijilik bilen meşgullanýan adamlary özüne çekýär. Bu reňkiň animasion şekillerde köp ulanylmagy hem ýönelige däl. Sary reňk multfilm gahrymanlaryna käbir mahsuslyklary – gahrymanyň içki guwanjyny, batyrlygyny we işjeňligini aýdyňlaşdyrýar.

Üçünjiden, sary reňki başga reňkler bilen çalşyryp bolmaýar. Meselem, gözleriň reňkleri seljerip bilmezlik ýagdaýynda. Hut şu sebäpden-de, taksi, duýduryş belgileri ýaly gözüň görmegi zerur bolan närseler we başga-da ençeme zatlar sary reňkde tapawutlandyrylýar.
18
521
ay_kiz_
18 Sentýabr 2022
IDEALLIDER, minnetdar...😊👍
ideallider
18 Sentýabr 2022
Gülşat Ataýewa,Harika😇, oglan bilen gyz iň soňky gezek duşuşdy. Ýaşlaryň arasynda anyk belli duýgy ýokdy. Emma olar 3 güliň birini saýlap getirmegi wadalaşypdylar. Ol gyzyl, ak we sarydy gül bolmalydy. Gyzyl gül söýgini, ak-gül parahtlygy we sary gül dostlygy aňladýardy. Netijede ýaşlar 3 güli hem bile saýlap gelipdiler we süýji durmuş gurdular. Ak we sary gül getirileninde parahat-dost bolup aýra düşmelidoler emma söýgi hem bar, bu bolsa olary birikdirdi🙂
ay_kiz_
18 Sentýabr 2022
Gülşat Ataýewa, sary güli hem aýrylyk hasap etýäler, menem bilesim gelýä şony :)

Kyýas2017, hawa agam, gök reňki halaýan🙈

Zoluşka, gowy Melegim🥰siz gowumysyňyz?♥
Myhman Myhman
17 Sentýabr 2022
Men favory renkim sul 💛
Myhman Myhman
17 Sentýabr 2022
Men halayan sary renki
ideallider
17 Sentýabr 2022
Shamko, meň teswirime jogap eken😌
ideallider
17 Sentýabr 2022
Kime şu minutda tmcars bildirişi geldi!?
Myhman Myhman
17 Sentýabr 2022
Haladym 👍
Myhman Myhman
17 Sentýabr 2022
Sary bln gyzyl gyzlara degişli oglonloro dällaý
ideallider
17 Sentýabr 2022
Žilberenäm nä gärşiňdä durmuşam, janym sana kurban ah sary köýnäk" aýdymy Şahunsyňkydymy!?😁👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.