ay_kiz_
17.09.2022 20:16
On dokuzynjy asyryň başlarynda, londonly bir ýaş ýigit ýazyjy bolmak isläpdir. Emma hemme bolýan zatlar onuň islegleriniň tersine. Onuň kakasy bergilerini berip bilmedigi üçin türmä salnypdyr.

Ýagdaýlarynyň pesligi sebäpli oglanjyk mekdebe-de diňe dört ýyl gatnap bilipdir. Ol açlyk ejri bilen oňat tanyşdy. Bir gün ol çüýşä belgi ýelmenýän, içi alakalardan doly ambarda iş tapýar. Özi ýaly Londonyň jümmüşinden gelen iki sany oglan bilen dereksiz üçekde ýaşaýardy. Onuň ýazmaga bolan ukybyna ynamy şeýle bir kiçidi welin, ol hiç kimiň ony görüp gülmezligi üçin, özüniň ilkinji ýazan eserlerini gijäniň bir wagty poçta bilen ibererdi. Ol näçe ret edilse-de, hekaýalaryny ibermegi dowam edýärdi. Hekaýa yzyna hekaýa.

Ahyry bir gün, hekaýalarynyň biri kabul edildi. Dogry, ýigide hak tölenmedi, ýöne redaktor onuň hekaýasyny tassyklapdy we hatda öwüpdi. Ol tolgunmakdan ýaňa gözi ýaşly köçelerden zordan ýöräp barýardy. Birje hekaýanyň çap edilmeginden gelen öwgi we ykrar edilme onuň bütin durmuşyny üýtgetdi. Eger ol şol iki zatdan höweslenmedik bolsa, onda ol galan ömrüni alakalardan doly ambarlarda işläp geçirerdi. Belki, siziň ol oglanjyk barada eşiden bolmagyňyz hem ähtimal. Ol “Roždestwonyň Merjeni” atly ölmez-ýitmez klasi eserini ýazdy. Onuň ady, elbetde, Çarlz Dikkens.
12
155
Mähriş
6 Oktýabr 2022
Very much👍👍👍
Myhman Myhman
25 Sentýabr 2022
Adamy hemişe bir zat öňe sürmeli

Adamy hemişe bir zat öňe sürmeli

Adamy hemişe bir zat öňe sürmeli
ideallider
17 Sentýabr 2022
Howwa. Şeýleräk kynçylyklara Awraam Linkoln hem duçar bolupdur. Ol ýalňyşmasaň 37 gezek prezident dalaşgärlini edip, 38 gezekde prezident bolýar. Bu ýalňyş bolmagy hem mümkin anyk ýadyma düşenok👍
ylham_1989
17 Sentýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
perizadym
17 Sentýabr 2022
Öñräk menem paýlaşypdym şuny..
Myhman Myhman
17 Sentýabr 2022
örän gowy 👍
gulserem
17 Sentýabr 2022
Dogry umydyny yitimeli dal☺️👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.