ylham_1989
17.09.2022 15:27

Şarlar

Bir gün mugallym sapaga gelip, okuwçylara şar paýlap çykypdyr-da, her kimiň öz çişiren şaryna adyny ýazmalydygyny aýdypdyr. Okuwçylar çişiren şarlaryna öz atlaryny ýazypdyrlar. Soňra mugallym okuwçylaryň atlary ýazylan şarlary synpyň bir burçuna üýşürip, okuwçylara bäş minudyň dowamynda öz atlary ýazylgy şary tapmagy buýrupdyr. Şeýlelikde şarlaryň üstünde basa-baslyk başlapdyr. Ýöne hiç kim bäş minudyň dowamynda öz şaryny tapyp bilmändir. Onsoň, mugallym okuwçylara: «Indi bolsa, eliňize ilen şary alyň-da, üstünde kimiň ady ýazylan bolsa, şoňa beriň» diýipdir. Bäş minuda ýetip ýetmän, her kimiň şary özüne gelip gowşupdyr. Şonda mugallym okuwçylara şeýle diýipdir:

– Şu şarlar bagtly durmuşy aňladýar. Her kim diňe özüniň bagtly durmuşyna ýetjek bolup ylgasa, hiç haçan oňa ýetip bilmez. Emma biz başgalary bagtly durmuşa ýetirmek üçin jan etsek, şonda özümiz hem bagtly bolarys.
18
191
Myhman Myhman
25 Sentýabr 2022
Gowy sözler
Myhman Myhman
18 Sentýabr 2022
Hmm mna birinin durmysy bn isim yok:( nm etse sony etsin menin durmuşum bn işi bolmasyn diyerdim🙄
Myhman Myhman
18 Sentýabr 2022
Gowy mysal getirilip duzulen post.siz bn geñ hemde gyzykly. Minnetdar
Myhman Myhman
17 Sentýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍👍👍
gulshatayewa97
17 Sentýabr 2022
Gowy hekaýa eken maňa başga bir hekaýany ýatlatdy edil şuňa meňzesräk ahyrky netijesi...
Myhman Myhman
17 Sentýabr 2022
Herkim oz adlaryny gozlap otyrka sarlar yarylmadymyka
Myhman Myhman
17 Sentýabr 2022
Dogry aýdylan sözler 🙂
gulserem
17 Sentýabr 2022
Myhman Myhman,😑😑
Myhman Myhman
17 Sentýabr 2022
Şara at yazmany bilmeyanem bar ekenay
gulserem
17 Sentýabr 2022
Şara nadip atlaryny yazdylarka🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.