ylham_gurbanaly
17.09.2022 09:35
Alasarmyklyk...
Bu gün gije meñ söýgim dünýeden gaýtdy. Ol gözüni açyp öldi. Gynandym. Aglap bilmedim. Ähtimal indi aglamak üçin bu göwrede mejal galan däldir. Bilmedim... aslynda aglap bilen bolsamam üýtgejek zadam ýokdula. Ölüni aglap direldip bolýarmy näme? Bolanok. Menem bolmajak zadyñ ugruna çykyp özümi kösejegem bolmadym. Daşymdaky heýjanelek bolup ylgap ýören tekepbirlik bilen naýynsaplygyñ edýän hereketlerine seretdim oturdym.

Myhman almak...
Göwün otagymy boşatdylar. Içindäki ähli yhlaslary, ynamlary, ýylgyryşlary, ezizligi daşary çykardylar. Otagyñ düşegi bolan mähiri bir gyra togalap goýberdiler. Ýalañaç galan ýerde öli söýgümiñ jesedini ýatyrdylar. Onuñ aýaklarynyñ barmaklaryny çatdylar. Elini döşünde birikdirip, äñinide bagladylar. Açyk galan gözüni ýumdurjak boldular. Başarmadylar. Üstüne ap-ak kamys ýapdylar. Biz ony myhman aldyk.

Höwür...
"Myhmany ýeke goýmaly däl" diýip akyl, ynsap, umyt, göz, ýürek, ejizlik otagda galdylar. Ümsümlik dowam etdi.
Birdenem düýrläp diwara tarap togalanan mähirden zaryn sesler eşidilip başlady. Yzysüre bolsa horkuldylar... Akyl dymdy. Ynsap ýüzüni kese söwdy. Umyt ýere bakdy. Göz ümezledi. Ýürek mähiriñ sesine goşgulyp tisginip başlady. Ejizlik ejizledi, otagdan uly ili bilen ses edip çykdy. Onuñ ornuny Yhlas eýeledi. Mähir aglaýardy...

Hoşlaşyk...
Söýgüsizligiñ ilkinji garañky säherinde öli söýgi bilen hoşlaşyk başlandy. Umyt jesediñ ýüzüni açyp onuñ gözlerine iñ soñky ýola hem umyt bilen garady. Jogap bolmady. Ýygryla-ýygryla otaga giren Utanç bilen Haýa hamsygyp, delminip hoşlaşyk nobatyny geçirdiler. Ynam bili omurlan ýaly bolup söýgüniñ üstünde küýkerdi durdy. Ýylgyryşyñ bolsa bürenjegini çümre geýip hamsygymakdan başga diýibilen zady bolmady. Ýürek durubilmedi. Ölüni ellemeli däldigini bilsede erkini ýitirdi. Bagryna basdy. Akyl ýüregi emaý bilen yza çekdi. Ýüregiñ yzasyny Göz aldy. Ejizlik ýene ejizledi...

Tämizlik...
Ýüregi sykdylar. Gözden akan suwa jesedi synjalap taret aldyrdylar. Garşydaş söýgüsinden gönenmedik söýgini ýuwdylar. Kepene dolap döşüne gursak dogasyny ýazdylar.
Bu işleri Gussa bilen Sussupeslik ýerine ýetirdi.

Soñky ýol...
Aýralyk tabydyna goýlan öli söýgümiñ jesediniñ jynazasyny Betbagtlyk okady. Söýgümi Añymyñ Ýatlama mazarystanlygynda gonambaşy edip jaýlap gaýtdylar.

Söýgi bar wagty...
Akylam öz akylyny berdi. Ýüregem öz duýgularyny öñe iterdi. Utanç-haýada utandy. Yhlas yhlaslylyk bilen goragçy boljak boldy. Ynam ynandy. Umydam ertire umydyny berkleýärdi. Ýöne Tekepbirlik bilen Gabanmaklyk welin bularyñ baryndan üstün çykdy. Olar söýgüni öldürdiler.
Söýgüsiz boşap galan Göwün otagymyñ bir diwaryna ýüzüni berip henizem Mähir aglap ýatyr.
...Arman, indi oña gerek mähri berip biljek söýgi ýok...


Laçyn Öwezowa
13
147
Милая.G
20 Sentýabr 2022
Birinji gezek sular yaly tasirli zat okap gordm.minnetdar👍
gena_02
18 Sentýabr 2022
Hemme zady jemläpdir

👍👍👍👍👍
Myhman Myhman
17 Sentýabr 2022
Haladym gaty gowy ýazypdyr
qwerty
17 Sentýabr 2022
Tekepbirlik
Selwi
17 Sentýabr 2022
Diysen ajap 😙😙😙😙😙
Myhman Myhman
17 Sentýabr 2022
Gaty gowy malades soz yok berekella sheyle adamlaram bar eken
zolushka
17 Sentýabr 2022
Söýgi jaýlanmaga alyp gidilensoň göwün otagymyň gapysy daşyndan hem içinden berk gulplandy. Içerde bolsa aglaýan mähir ynam umyt yhlas gulplangy galdylar. Açary Akyla tabşyrdylar. Indi Akl hemmesini gözegçilikde saklaýar.ýöne göwün otagymyň açaryny ummana atdy......
Myhman Myhman
17 Sentýabr 2022
Örän ajaýyp muhteşem tüýs akyl paýhas taýdan ösen adam bu zatlary oýlap tapyp biler örän ajaýyp👌👌👌👍👏👏👏🌹köp minnetdar size
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.