abdy_dayy
17.09.2022 09:19
Magtymguly jahankeşde adam bolupdyr. Dünýäniň köp ýerlerine syýahat etmek duýgusy onda ýaşlykda döreýär. Bu syýahatlar şahyryň dünýägaraýşyny giňeldipdir. Magtymguly oglan okatmakdan başga tanymal zergär bolupdyr we kümüşden, altyndan dürli bezeg şaýlaryny ýasapdyr. Magtymgulynyň maşgala ýagdaýy jedelli meseleleriň biri bolup durýar. Goşgularyna esaslanyp, onuň Meňli diýen gyzy söýendigini, ýöne käbir sebäplere görä alyp bilmändigi hakda alymlar netijä gelýärler. Magtymgula Akgyz diýen ýeňňesi dakylýar. Ondan iki ogul bolup, olar hem ýaşlykda ýogalýarlar. Şahyr ogullarynyň ölümine gynanyp, ‘Yzlamaýan bolarmy’, ‘Mübtela kyldy’ eserleri döredipdir. Magtymguly örän parasatly, gepe çeper, märeke söýen adamdyr. Ol özüniň gowy häsiýetleri bilen halka görelde görkezipdir, akyl-paýhasy bilen köp adamlary terbiýeläpdir.

Magtymguly, takmynan, 1783-nji ýylda Atasary diýilýän çeşmäniň boýunda, Soňudagyň ýanynda aradan çykýar. Ony kakasynyň ýanynda “Garry molla” gonamçylygynda jaýlapdyrlar.

DÖREDIJILIGI: Magtymguly döredijilik işine ýaşka başlapdyr. Goşgy düzmekde köp zady kakasy Döwletmämmet Azadydan öwrenipdir. Magtymguly goşgularyny köpçüligiň üýşen ýerinde, toý-meýlisler okap berip, adamlary gahrymançylyga, ar-namysly, hüşgär bolmaklyga çagyrypdyr. Onuň ylham çeşmesi halk we onuň güzerany bolupdyr.
24
47
Lilia_
17 Sentýabr 2022
👌👌👌👌👌👌👌👌
ideallider
17 Sentýabr 2022
Gynansagam hasabymdan kitaplarynyň 10-dan 8 bölegi ýakylyp ýok edildi😔👍
abdy_dayy
17 Sentýabr 2022
DOWAMY BAR
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.