perizadym
16.09.2022 18:58
Gürlese-de mydam gataltman sesin,
Pul üçin görkezer gylygyň pesin.
Nebsin öňe atan beýle näkesiň,
Ýalymyna-ýulumyna ynanma.

Baýlyk üçin geçer öz gardaşyndan,
Minnetlidir, datma beren aşyndan.
Salykatly görünse-de daşyndan,
Sözlerine, ylymyna ynanma.

Pul diýp edýän oýny çakyňdan beter,
Ol oýny görenler alar elheder.
Abraýdan düşürer, wejera eder,
Edimine-gylymyna ynanma.

Ýasamadyr, boljak bolşy alçakdan,
Bet niýetdir, päli ýamandyr çakdan.
Jaý salmakçy bolsaň toýun palçykdan,
Şor topurdyr, oň gumuna ynanma.

Kimem bolsa diýdirer beýle adam:
Kän gowudyr ondan keseki, ýadam.
Geçmekçi bolaýsaň eger derýadan,
Deşip berer, tulumyna ynanma.

Nebse gul bolana giň dünýä dardyr,
Şatlyk ýatdyr, mydam alada ýardyr.
Eý, hannas, her zadyň hasaby bardyr,
Ömür geçer, salymyna ynanma!

Döwran Agaly
23
794
Myhman Myhman
21 Sentýabr 2022
Gowy gosgy
Myhman Myhman
17 Sentýabr 2022
Gaty gowy
Myhman Myhman
17 Sentýabr 2022
Salam
abdy_dayy
17 Sentýabr 2022
👏🏼👍🏻👍🏿👏🏻👏🏼👍🏻👍🏿👏🏻👏🏼
Myhman Myhman
17 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👍👍👍👍
Janybeg
17 Sentýabr 2022
Pragyn bir goshgusyna oykunme yaly. A tak ceperciliginr soz yok yok. Kop okany billirya.
Myhman Myhman
17 Sentýabr 2022
Gosgy diysen manyly ellerine saglyk yazyjyn
Myhman Myhman
16 Sentýabr 2022
Soz ýok
Fantastik
16 Sentýabr 2022
Gaty manyly gosgy eken
lalahan
16 Sentýabr 2022
Gowy berekella
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.