abdy_dayy
16.09.2022 10:08
Magtymguly Pyragy başlangyç terbiýäni kakasy Döwletmämmet Azadydan alýar. Ol bu barada: “Ylym öwreden ussat – kyblam pederdir” – diyip ýazýar. Magtymguly ilki oba mekdebinde okaýar. Onuň ilkinji mugallymyna Nyýazsalyh diyer ekenler. Magtymguly örän zehinli we ýiti akylly bolupdyr. Ol dürli kitaplary çakdanaşa köp we irginsiz okapdyr. Magtymguly ýaş wagty kakasyndan, ejesinden we obanyň garry adamlaryndan köp-köp halk rowaýatlary, goşgy-gazallary, erteki we nakyllary höwes bilen diňleýär eken. Ol kakasy Döwletmammet Azadynyň döreden eserleriniň köpüsini ýatdan öwrenipdir. Magtymgulynyň zehinliligine, okuwa höwesliligine göz ýetiren Döwletmämmet onuň ylymly adam bolup ýetişmeginiň aladasyny edipdir. XVIII asyrda Etrek, Ahal, Mary sebitlerinde güýcli medreseler bolmandyr. Şonuň üçin hem Döwletmämmet Azady öz ogluny ilki Halajyň Gyzylaýak obasynda ýerleşýän, şol wagt güýçli hasap edilen Idris Babanyň medresesine okuwa iberýär. Magtymguly bu medresede birnäçe wagt okaýar. Soňra ol Buhara gidýär, Buharada “Gögeldaş” atly medresa okuwa girýar we onda iki ýyl okaýar. Şahyr şol medresede ders berýän siriyaly türkmen Nury Kazym ibn Bahr bilen hem tanyşýar we onuň bilen dostlaşýar. Emma medresedäki talyplaryň tertip-düzgüniniň bozuklygy Magtymgulynyň bu medresani taşlamagyna sebäp bolýar. Magtymguly esasy bilimi Hywadaky “Şirgazy” medresesinde alýar. Ol “Şirgazy” medresesinde üç ýyl okaýar. Medresede berilýän dersleriň daşyndan hem Gündogaryň görnükli şahyrlary: Nyzamynyň, Nesiminiň, Fizulynyň, Nowaýynyň we başgalaryň eserlerini irginsiz okaýar. Ol medresede okaýanlaryň arasynda özüni derrew tanadyp, zehinli talyplaryň hataryna goşulýar. Okuwyň ilkinji ýylynda Magtymguly talyplaryň halypasy bolýar. Soňky ýylda bolsa, mugallym özi ýok wagty ders geçirmegi-de Magtymgula ynanýar ekeni. Magtymguly öz döwrüniň iň bilimli we düşünjeli adamy bolup ýetişipdir.
22
33
Lilia_
16 Sentýabr 2022
Garasyas
abdy_dayy
16 Sentýabr 2022
DOWAMY INDIKI POSTYMYZDA BOLAR NESIP BOLSA ERTI
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.