Belentligiň garaňky ýüzi. Everest'de 270-den gowrak jeset we ölüm sebäpleri.
Dünýäniň iň beýik dagy Evereste dyrmyşýan her 10 kişiden 1-i yzyna asla dolanmaýar. Ortaça 8 müň 850 metre deň bolan "Everest" dünýäniň iň beýik dagy hasaplanýar. Dyrmyşmagyň şertleriniň juda kynlygy sebäpli köpüsi sogukdan doňup, bir bölegi ýykylyp, bir bölegi kislarod ýetmezçiligi sebäpli ölýärler.
George Mallory ( ölüm sebäbi: ýykylyp kellesinde ýaralanma)
Gorge Everst dagyna dyrmyşan ilkinji adamlardan biri hasaplanýar. Dagçy 1924-nji ýylda evereste dyrmyşdy we şol ýerde jan berdi we jesedi 1999-njy ýyla çenli tapylmady. George Everest dagyna dyrmyşan ilkinji dagçy bolmak ähtimallygy bar emma iň beýik nokada çykyp çykmadygy henizem näbelli we örän dawwaly mesele bolup durýar.
Francis Astentiev (Ölüm sebäbi: Sogukdan doňmak)
Francis we äri bilelikde 1998 ýylda daga dyrmyşdylar we aýra düşdüler. Birbirlerni gözlemäge başladyr emma gawatlaşyp bilmediler we sogukda galdylar. Başga iki dagçy Francis intek dirika oňa gabat geldiler. Francis olara özini goýup gitmezligi üçin kän ýalbarýar emma olar gitmeli bolýar. Francis we äri Sergei ikisi hem dagda öldüler( Sergei jesedi aýalyndan bir ýyl soň tapyldy)
Francis Everest-de tapyldy.
Dagçylar Francisi taşlap gaýdany üçin özlerini örän günäkärlediler we Evereste dolanyp Francisa mazar etmäge söz berdiler. Emma olar 7 ýyldan soň dolanmagy başardylar (2007). Häzirki wagtda Francisiň mazary Amerika baýdagyna dolangy ýagdaýda känbir göze düşmeýän ýerde dur. Francis kislarod bolan ulanmazdan Evereste dyrmyşan ilkinji Amerikaly zenandyr.
Hannelore Schmatz (Ölüm sebäbi: Sogukdan doňmak, düýpli ýadowlyk, ysgynsyz we hereketsiz galmak)
Hannelore 1979-njy ýylda uzak wagt sogukda galmakdan we ýadap hereketsiz galmagy sebäpli ölen Germaniýaly zenan dagçy. Ol Everestde ölen ilkinji zenandyr. Hanneloreniň jesedi täsin şekilde tapyldy we onuň sebäbi dynç almak üçin ýan torbasyna ýaplanyp uzanmagy diýip çaklanylýar.
Everest dagynda bolan ölümleriň arasynda dynç alýan wagty ölenler örän köp. Şeýle ýagdaýda köplenç kişi uka gitýär we soňra hiç wagt oýanmaýar.
Tsewang Paljor (ölüm sebäbi: Sogukdan doňmak)
Tsewang 1996-njy ýylda Everest betbagtçylygynda öldi. Yzyna düşmäge başlan wagty örän güýçli gar ýagyşyna gabat gelýär we sogukdan doňup aradan çykýar. Everestdäki jesetleriň belkide iň bellisi "Green Boots"-uň oňa degişlidigi çaklanylýar.
Green Boots
Green boots ýagny ýaşyl ädikler Tsewangyň ölen ýerinden gozgadylypdyr we dagçylar özlerine bellik hökmünde gozgadypdyrlar diýip çaklaýarlar. Her nämede bolsa ädikler dagçylaryň belentlige galan aralygy kesgitlemek üçin bellik bolup durýar.
Marko Lihteneker (Ölüm sebäbi: Sogukdan doňmak)
Marko Lihteneker 2005-nji ýylda yzyna düşüp barýarka ölen Slowakiýaly dagçy. Soňky gezek janly wagty görülende kislarod maskasynda näsazlyk ýüze çykypdyr. Bedeni 8800 metr beýiklikde tapyldy.
David Sharp (Ölüm sebäbi: Sogukda galmak, ýadowlyk, doňmak)
David 2006-ýylda Grren boots-yň ýanynda dynç almak üçin duran we doňup ölen dagçy. David sogukdan we ýadowlykdan durupdyr we dyrmyşmaga dowam edip bilmandir. David baradaky dawwaly mesele bolsa David heniz dirika ýanyndan azyndan 30 gowrak dagçy ýanyndan geçmegi we onuň diridigine bilselerem ona kömek etmedikler. Hatda käbirleriniň onuň bilen gepleşendigini hem aýtýarler.
Elbetde Everestde başgasyny halas etmek üçin hiç kimiň peýdasy degmeýän ýer çünki sähel wagt säginseňiz sizem ölüp bilersiňiz.
Shriya Shah–Klorfine (Ölüm Sebäbi: Kislarod ýetmezçiligi)
Shriya 2012-nji ýylda dyrmyşmaga başlaýar we iň beýik nokada çykýar. Belentlikde üstünligini 25 minut gutlady we soňra kislarod ýetmezçiligi döräp başlady we şol ýerde jan berýär. Zenanyň bedeni belentlikden 300 metr aşakda Kanada baýdagyna dolangy ýagdaýda dur.
Başgada kimligi anyklanmadyk ençeme jeset Dünýaniň iň Beýik nokady bolan Everestde ýa-da dünýäniň iň belent mazarlygynda öz syrlary bilen ýatyr.