Euronewstkm
15.09.2022 12:52
Gyzykly maglumatlar siziñ üçin hormatly okyjylar!!!...
Hijri senenamasynda täze-1444-ji ýylyñ ilkinji gününde Käbäniñ örtügi täzelendi
30-njy iýulda — hijri senenamasynda 1444-nji ýylyň ilkinji gününde mukaddes Käbäniň örtügi täzelendi. Her ýylda däp bolan bu çärä Al-Haram metjidiniň ymamy Şeýh Abdurrahman As-Sudaýsyň ýolbaşçylygynda 166 sany işgär we hünärmen gatnaşdy. Dabaranyň açylyşynda As-Sudaýs Saud Arabystanda Hezreti Käbany gorap saklamaga uly üns berilýändigini nygtady.
Käbäniň örtügi patyşa Abdulaziz adyndaky dokma toplumynda taýýarlandy. Onuň boýamak, awtomatiki usulda we elde dokamak, basmak, tikmek, gurnamak, şeýle hem guşak we altyn bölümlerinde 200-e golaý hünärmen işleýär. Bu tikinçilik ussahanasynda uzynlygy 16 metr bolan dünýädäki iň uzyn kompýuterleşdirilen tikin maşyny işledilýär.
Ýeri gelende, mukaddes örtügiň arassa ýüpekden dokalýandygyny, onuň üçin 670 kilogram gara reňke boýalan ýüpegiň, 120 kilogram altyn we 100 kilogram kümüş sapaklaryň ulanylýandygyny bellemek gerek.
Ýewropada iñ uly syn ediş aýlawy açyldy...
Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwada Ýewropa yklymyndaky iň uly syn ediş aýlawy açyldy. Oňa «Moskwanyň Güni» diýip at berildi.
Şäheriň gözelliklerini synlamak üçin ähli amatlyklar döredilen «Moskwanyň Gününiň» beýikligi 140 metr bolup, ol bir wagtyň özünde hersinde 15 adam ýerleşip biljek 30 sany ýapyk kabinadan ybaratdyr. Olarda wideo gözegçilik, howa sazlaýyş, şeýle hem dolandyryjy bilen habarlaşmak üçin düwmeler ýerleşdirilen. Bäş sany kabinada bolsa poluň aşagy hem görünýär.
Ýatlatsak, Ýewropada iň uly syn ediş aýlawy hasaplanan «Londonyň gözüniň» beýikligi 135 metre barabardyr.
Konýada gadymy ýer asty şäher tapyldy...
Türkiýäniň Konýa şäheriniň Saraýönü şäherçesinde gurluşyk işleriniň dowamynda tötänden irki Wizantiýa döwrüne degişli ýerasty şäheriň üstünden baryldy.
Deslapky netijelere görä, ýerasty şäheriň meýdany bäş müň inedördül metre barabar bolup, onuň otaglary biri-biri bilen kiçi geçelgeler bilen sepleşýär. Suw guýularynyň, ýyladyş üçin peçleriň, tüsseçykarlaryň, yşyklandyryş çyralarynyň we howa çalşygy üçin deşikleriň bolmagy bu ýeriň taryhynyň VIII asyra degişlidigini görkezýär.
Hünärmenler bu ýerasty şäheriň diňe bir taryhçy alymlarda däl, eýsem syýahatçylarda hem uly gyzyklanma döretjekdigini belleýärler.
13
153
mgm
17 Sentýabr 2022
GoLd,bolyar hokman 👍
mgm
17 Sentýabr 2022
GoLd,bolya sagbolun
mgm
17 Sentýabr 2022
GoLd, salam sohbetdeslik hacan acylyarka
gulserem
15 Sentýabr 2022
Hemme adamlara gitmek miyesler etsin🤲❤️
ideallider
15 Sentýabr 2022
Gyzykly maglumatlar👍
Relax
15 Sentýabr 2022
🕋♥️.....
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.