abdy_dayy
15.09.2022 11:29
XVII-XIX asyr türkmen edebiýaty

Magtymguly Pyragy



(1733-1783)

UMUMY MAGLUMAT: Ol öz halkynyň azatlygyny we özbaşdaklygyny arzuw eden, halk arasynda beýik söýgä mynasyp bolan klassykdyr. Magtymguly özüniň dürdäne döredijiligi bilen adamkärçiligiň iň gowy suratlarynyň wasp edip, ulumsylyk edýänleri, tekepbirleri, şöhratparazlary, harsydünýäleri rehimsiz paş eden şahyrdyr. Magtymguly edebiýaty halk köpçüligine has ýakynlaşdyrýar. Ol edebiýatyň dili, tematikasy jähtden göniden-göni halkyň jümmüşine aralaşýar, onuň zeruryýetliklerinden ugur alyar.

ÖMRI: Türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragy gökleň türkmenlerindendir. Ol takmynan, 1733-nji ýylda Gürgen derýasynyň boýunda, Hajygowşan diýen ýerde eneden dogulýar. Ol ömrüniň köpüsini Etrek, Gürgen, Garrygala sebitlerinde geçiripdir. Şahyr «Älem belgilidir» diýen şygrynda:

Ýaz geler, wagt-da gidre, gaflata çykmyş gözlerim.
Açaýyn diýsem aýylmaz, ne agyr uýkulydyr;
Bilmeýin soranlara aýdyň, bu garyb adymyz:
Asly – gerkez, ýurdy – Etrek, ady – Magtymgulydyr

diýip, oz adyny we niredendigini, kimlerdendigini aýdýar.

DOWAMY INDIKI POSTUMYZDA ERTIR NESP BOLSA...
24
47
Myhman Myhman
15 Sentýabr 2022
𝑮𝒖𝒍𝒔𝒆𝒓𝒆,𝒔𝒂𝒍𝒂𝒎 𝒈𝒐𝒘𝒋𝒂𝒎𝒚𝒏 𝒐𝒏𝒔𝒂𝒏 𝒐𝒛 𝒉𝒂𝒕𝒚𝒎 𝒐𝒘𝒅𝒂𝒏𝒍𝒂𝒚 𝒎𝒆𝒏𝒊𝒏🤭😎😝
gulserem
15 Sentýabr 2022
Myhman Myhman,salam haty owadan yazyanlay nadip yazyan?😲
Myhman Myhman
15 Sentýabr 2022
𝑮𝒖𝒍𝒔𝒆𝒓𝒆,𝒂𝒚 𝒈𝒐𝒚𝒂
gulserem
15 Sentýabr 2022
Edebiyatdada okayas🥱
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.