ylham_gurbanaly
15.09.2022 02:50
Sensiz arzuw bilen geçip dur günler,
Gaýdyp geljegiňe berermiň kepil,
Ýalňyzlyk oduna kalbymyz örtäp
Orta ýolda galdyk bolup ser sepil.

Berse il söýgimiň çyn jogabyny,
Döz gelerin sowuklygna bar gyşyň.
Ýa seni ýürekden söýenim üçin
Çekmelimi özgeleriň gargyşyn.

Barmyşyn çyn söýgiň jebri –jepasy,
Döz gelerin talak berip derdine.
Dag daşlary ogşasa-da dabanym
Bararyn men bagtym alyp gerdene

Merdiňe bir pursat aýlap nazaryň,
Çyn söýgüsin aňla serin säm eden.
Bagtyň özi boýna salyp halkasyn
Duşurandyr ykbalyňa täzeden

Näz eden günleriň ýalňyz ýoldaşym.
Aglaýar ýüregim gussada sessiz.
Unudyp şatlygmyň gülkülerini,
Wysala ýetmedik ömrüm höwessiz.

Sensiz arzuw bilen geçse-de günler,
Geljegim bagtyňa baglydyr ýarym.
“Ýok, aýyrmak üçin duşuran däldir,
Seni maňa sataşdyran ykbalym!”

Muhammet Bekgiyew
16
92
Dusia
15 Sentýabr 2022
👌👍👍👍👍
gulserem
15 Sentýabr 2022
👍🏻👍🏻😊👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.