C Witaminiň bizi hassalykdan goraýanlygy dogrymy?
C witamini düzümindäki antioksidan sebäpli immunitetimiz üçin örän möhüm. Aslynda it, pişik ýaly birnäçe haýwan c witamini sintezläp bilýär emma adam ýa-da şimpanze ýaly guýruksuz maýmynlar c witamini sintezläp bilmeýär. Şeýlelikde biz c witamini daşardan kabul etmeli bolýas we biz üçin gerekli bolan mukdar günde 85 mg. 1sany gyzyl burçda 95mg, pyrtykalda 70mg c witamini bar. Ýagny biz üçin gerekli mukdary almagyň kynçylygy ýok we mundan artygynyň hiç hili peýdasy ýok. 11 müň (çaga we uly adamlar) bilen geçirilen barlag işlerinde hergün 200-1000 mg aralygynda c witamini berip 29 görnüşli barlag işleriniň netijesinde köp mukdarda c witamini almak hassalykdan goranok. Diňe hassalygyň wagtyny 10% gysgaldyp biler emma hassalykdan soň alynan ýagdaýynda hiç hili peýdasy bolmaz. Ýagny günde 85mg c witamini alyň ýeterlik.