abdy_dayy
13.09.2022 14:08
SOPULAR
Gömüldi derýalar, ýykyldy daglar,
Ýetimler göz ýaşyn döke başlady;
Orramsydan bolan haramhor begler
Ýurdy bir ýanyndan ýyka başlady.

Jemagatsyz azan bir gury sesdir,
Niçe mollaň okan ylmy hebesdir,
Kazylaryň käri çaý bile nasdyr,
Bir bozuk nyşana tuta başlady.

Işanlary her gapyda tapylar,
Mollalarna ýok myjabat ýapylar,
«Öwliýä men» diýip, jögi sopular
Gygyryp, asmana böke başlady.

Çykar beýewana gyzy-gelini,
Ak ýüzüne ýapar gara telini1,
Kemçinlik eýleýip ýygan puluny,
Düzedip özüne daka başlady.

Dünýäde süýthoryň pul ýygma derdi,
Baýlaryň mallary bizekat erdi,
Toba ediň, gözüm bir ýaman gördi,
Dost dostuň köňlüni ýyka başlady.

Magtymguly, başa baglap selleler,
Aç böri deý ýortup niçe mollalar,
Halaldan, haramdan ýygnap gallalar,
Herne tapsa, dynmaý dyka başlady.

1Tel – tar, saçyň bölegi, zülp.

AWTORY: MAGTYMGULY PYRAGY
26
67
Myhman Myhman
13 Sentýabr 2022
👏👍.........
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.